3-nji iýuldan 10-njy iýul aralygynda Başkiriýada geçirilýän Bütindünýä folkloriadasyna gatnaşyjylaryň tegelek tansy iki dünýä rekordyny täzeledi diýip, festiwaly taýýarlamak we geçirmek boýunça müdirligiň metbugat gullugy habar berýär. Muny www.interfax-russia.ru ýetirýär.

Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, “tegelekde tegelek” tansyna rekord möçberde ýurtlar (57) we milletler (71) gatnaşdy. Folkloriadanyň 37 ýurtdan gelen wekillerinden başga-da, tegelek tansa respublikada bolan daşary ýurtly syýahatçylar hem gatnaşdy.
Şeýle-de, folkloriada gatnaşyjylar milli egin-eşiklerde köpçülikleýin ýöriş guradylar. 2,7 müňden gowrak adamdan ybarat hatar Zaki Walidi köçesinden ýöräp, festiwalyň esasy konsert meýdançasynyň açylan amfiteatryna bardylar.
Habar berlişi ýaly, folkloriada dünýäniň 37 ýurdundan gelen toparlar, jemi 1,1 müň töweregi artist gatnaşýar. Festiwal programmasy Ufada we respublikanyň 22 häkimliginde meýilleşdirildi. Folkloriadanyň ýapylyş dabarasy 10-njy iýulda Ufadaky “Toratau” Kongress zalynyň amfiteatrynda geçiriler.
Bütindünýä folkloriadasy her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Bu çärä Folklor festiwallary we adaty sungat guramalarynyň halkara geňeşiniň (CIOFF) düzümine girýän 68 döwletiň milli toparlary gatnaşýar. Folkloriadany Ufada geçirmek baradaky karar 2015-nji ýylda Arekipa şäherinde (Peru) CIOFF-iň Bütindünýä assambleýasynda kabul edildi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli, festiwal bir ýyl yza süýşürilipdi.

Täzelikler, vipcas5555 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir