Heýkeller. Sowuk heýkeller dil açanda ynsan ýüregi has üýtgeşik gobsunýan eken. Ol diňe bir gobsunma däl. Ol, ynsanyň ýoklugy göz öňüne getireninde, on iki süňňünde döreýän galpyldymyka diýýärin. Heýkellere siňe seredeniňde, adam atly mahlugyň ýok bolasy gelmeýäni, baky ýaşasy gelýäni isle-isleme düşnükli bolýar. Göýä diýersiň şol düşünje heýkeltaraşyň keseri ýaly bolup, ýonulan, oýulan, syntgylanan daşlaryň ýüzünden bakylygyň öwüşgini görünip dur. Näme üçin beýle bolýanyny bilemok? Göwnüme bolmasa, men her bir heýkeliň deňine baranymda olar üstüme topulyp: „Men jansyz bir närse bolasym gelenok“ diýýän ýaly. Olar gör, nähili ajap ýasalypdyr. Emma nähili sünnälenip ýasalan bolsa-da, olar jansyz, hiç zady duýman duran jansyz göwreler... Ynsan heýkel ýasanynda oňa jan bermek üçin ýasamaýany hemmä mälim. Belkäm, ynsanyň ýüreginde ynjalyk tapmaýan duýgular daşyna çykanynda, şol duýgular hem islendik bir daşyň, toýunyň daşynda pyrlananda heýkeltaraşlyk sungat döreýän hem bolmagy mümkin. Bir tarapdan seredeniňde sergide duran adam kelleleri, adam şekilleri jansyz duran närse däl-de, ussadyň ýüregi bolup görünýär. Şol heýkellerde ussadyň ýüregi oturdylan ýaly, olar dem alyp dur. Ýanyna barsaň olar saňa öz ýylylygyny duýurýar. Ussat kämillige ýeteninde onuň ýasaýan heýkelleri şeýle bolýandyr-da elbetde. Ussat bir heýkeli ýasajak bolup gör nähili azap çekýändir. Biz onuň ejirini edil bilmelsi ýaly bilýän däl bolmagymyz mümkin. Biz – adamlar, diňe sergä barýasda duran heýkelleri synlap gaýdyberýäris. Emma gynansak-da, bizden – adamdan başga sungata baha berip biljek mahluk ýok ahyry. Ýerýüzünde ýaradylan islendik bir gözellige ynsanyň: „Bäh, gör nähili ajap ýaradylypdyr“ diýip bilişi ýaly, sergä baran adamlaram edilen işe özleriçe baha berýärler. Eger-de edilen işiň halansa, onda seniň azabyň ýerine düşdigi bolýar. Kä halatlarda seniň döreden eseriňe hiç kim düşünmänem biler. Ýok, beýle diýmeli däl. Has anyk aýdanyňda: „Seniň eseriňe düşünmeýän adamlar baha berendir“ diýmeli. Eger-de döreden eseriň hakykatdan hem sungat bolýan bolsa, ol iru-giç özüniň jöwahyrlygyny, inçeligini bar kişi aýan eder. Sen, ussat! Arkaýyn bol-da, eser dörediber. Ýerýüzünde ýasalan jandarlar ýaşaýar. Olar heýkel däl. Beýik Biribaryň döreden her bir jandary gör, nähili ajaýyp. Mysal üçin, güller. Olar toprakdan iýmitlenýär, olaryň bar iýmeti gara toprak, ýöne olar gör nähili ajaýyp hem owadan. Güllere seredeniňde, isle-isleme olary ysgasyň gelýär, elläp göresiň gelýär. Birem, ýer ýüzünde güller bir görnüşli däl. Olaryň müň dürli görnüşi bar. Bary hem biri-birinden üýtgeşik, biri-birinden owadan. Adam edil sergide aýlanyp ýörişi ýaly, ýertogalagynda ýer bilen bile aýlanyp, döredilen eserleri synlap doýup bilenok. Şeýle bir ussany göz öňüne getirjek bolup göreliň. Ol ýerýüzüniň dürli ýerinden getirlen daşdyr, lagly-merjenlerinden bir köşk salýan bolsun. Köşgüň her bir kerpijine deňeç daş ýurtlardan, başga ýerlerden getirlen bolsun. Ussa şol köşgi şeýle bir ussatlyk bilen sünnäläp dikeldýär welin, görenleriň gözi gamaşýar, haýran galýarlar. Elbetde, adamlar şol köşgi görüp: „Muny beýle edip diňe gudrat ýasap biler“ diýer. Edil şu mysaldaky ýaly, adam hem dürli elementlerden, dürli maddalardan ýasalandyr. Adamyň ýaradylyşyndaky gudrat şeýle bir beýik hem aňýetmez welin, biz özümiziň gurluşymyza henizlerem doly düşünip bilemizok. Ylym bize gudratly bolmagy däl-de, älemiň gurdrat bilen ýaradylandygyny öwredýär. Ine, men sergide gezip ýörün. Öňümdäki zatlaryň bary heýkel. Heýkeller maňa tiňkesini dikişip dur. Olaryň käbiri şeýle bir tagaşyksyz, şeýle bir gelşiksiz. Men olara düşünjek bolup esli salym ýanlarynda eglenýärin. „Ussat bu ýerde näme diýjek bolduka?“ diýip heýkelleriň dilini tapjak bolup kösenýärin. Olaryň diline düşünmek welin aňsat däl. Eger-de sen olaryň diline düşünseň, olaryň hersi bir goşgy, bir many. Ýok, eger-de düşünmeseň welin, bary bir ýaly, olar duran ýöne bir daş. Lam-jim bolup duran daşlar. Sungat sungat bolanynda, ol ynsany özüne maýyl edip, onuň içki dünýäsinde busulgy ýatan nähilidir bir duýgulary oýarar. Ussadyň maksady diňe bir şonuň bilen hem çäklenmeli dälmikä diýýän. Ol özüne erk edip bilmän işine ýapyşar, nähilidir bir eseri dünýä indirer. Edil enäniň çaga dünýä indirşi ýaly, görgi-azap baryny görer-de eser döreder. Hawa, diňe şeýdip döredilen eserler baky ýaşar. Adamyň özüni berip döreden eseri, ony synlaýanlara diňe bir täsir etmän, eýsem olaryň gursagyna beýik düşünjeleri, ynsanyň ynsandygy baradaky düşünjeleri hem guýmagy başar. Eýsem, her kimem eser döredip bilermi? Meniň pikirmçe döredip biler. Her kimiň hem halallyga ýugrulan päk durmuşy bolup bilmezmi? Bolup biler. Şeýle durmuşda ýaşap bilsek, ol durmuş biziň döreden eserimiz bolmazmy? Goý, biziň ýaşan durmuşymyzy başgalaryna görelde bolsun. Şeýle eser döretmeklik her birimiz üçin elýeterli dälmi? Eser döretmek aňsat däldigini başda-da belläpdik. Adamyň ömri şeýle bir gysga. Ol diňe wajyp, zerur işleri etmegi zordan ýetjek. Diýmek, adamyň beýikligi onuň nämä has wajyp, nämä has ähmiýetli diýip garaýanlygynda-da. Goý, döretjek eserlerimiz bize baky bagtly durmuş eçilsin.

Köneler, Yelken tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir