Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçirilen oýunlaryň üçüsi bilen futbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň bäşinji tapgyry tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň häzirki eýesi «Altyn asyr» bilen ýurdumyzyň häzirki üç gezek çempiony HTTU-nyň arasynda geçirilen bäsleşik üns merkezinde boldy. Duşuşygyň barşynda derwezeçi Rahmanberdi Alihanowyň gowuşgynsyz oýny zerarly Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň derwezesine oýnuň 37-nji we 72-nji minutlarynda Amir Gurbani iki pökgüni geçirdi. Ýöne olar geçen ýylyň bäsleşikleriniň iň gowy hüjümçisi Berdi Şamyradowyň tagallalary arkaly ýeňlişden halas bolmagy başardylar, ol oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda we 78-nji minutynda 11 metrlik jerime urgularynyň ikisini takyk amala aşyrdy. Munuň özi eýýäm HTTU-nyň toparynyň bäş oýunda gazanan dördünji deňme-deňligidir. Indi ol 7 oçko bilen bäsleşik tablisasynda üçünji orny eýeleýär. Myhmançylykda «Talyp sporty» bilen geçiren duşuşygynda geçen ýylda yzdaky orny eýelän «Lebap» topary 10-njy minutda Perman Datdowyň meýdançadan çykarylmagy zerarly azlyk bolup galan paýtagtyň sport ýokary mekdebiniň toparynyň üstünden ýeňiş gazanyp, 8 oçko bilen ilkinji gezek 2-nji orny eýelemegi başardy. Ýeňijilerden Batyr Atamämmedow (11-nji minutda jerime urgusyndan), Rustam Saparow (38-nji minutda jerime urgusyndan) we Alibek Abdurahmanow (63-nji minutda) garşydaşynyň derwezesine jogapsyz üç pökgüni geçirdiler. Tapgyryň ýene bir oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadamy» Aleksandr Bolýanyň 32-nji minutda dürs uran pökgüsiniň hasabyna Daşogzuň «Turanyndan» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Munuň özi ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň toparynyň ilkinji ýeňlişidir. Balkanabadyň «Nebitçisiniň» çempionatda öňdebaryjylygy eýeleýändigini ýatladýarys, onuň hasabynda oçkolaryň 13-si bar.

Köneler, zhirkov85 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir