Aziýa futbolynyň klublar boýunça geçirilýän 2-nji derjeli bäsleşiginiň toparçalarynda 5-nji oýunlaram tamamlandy. Şol oýunlarda türkmenistanly eminlerden Maksat Seýitkuliýew, Kakabaý Seýidow, Çarymyrat Gurbanow hem-de Begenç Allabergenow dagylar eminlik etdiler. “C” toparçadaky özbekleriň “Nasafy” bilen Liwanyň “Al Ahed” klublarynyň arasyndaky oýnuň emini Kakabaý Seýidow boldy. Oňa kömekçi eminler Igor Barabaş bilen Raşit Pälwanow dagylar ýoldaşlyk etdi. Duşuşyk “Nasafyň” 4-0-luk peýdasyna tamamlandy. Galyberse-de, tejribeli emin Kakabaý Seýidow 17-nji martda AFK Kubogynyň çäklerinde “D” toparçadaky “Al Ittihad” bilen “Al Kadsianyň” arasyndaky 0-0 hasabynda deňlikde tamamlanan oýunda-da jürlewük çalypdy. Halkara derejeli başga bir eminimiz Çarymyrat Gurbanow bolsa bu möwsüm bu kubokda 3-nji duşuşygynda baş emin bolup çykyş etdi. Ol “E” toparçada Kataryň “Al Raýan” hem-de Iordaniýanyň “Al Wihdat” klublarynyň arasyndaky oýnuň emini boldy. Bu duşuşykda-da ýer eýeleri ýeňiş gazanyp, katarlylar garşydaşlarynyň toruna jogapsyz 3 pökgi (Montezine 2, 90+3, Alfonso Alweş 37) girizmegi başardy. Bu oýnuň kömekçi eminleri hökmünde Begenç Allaberdiýew bilen Bagtyýar Atajanow çykyş etdiler. Ýeri gelende aýtsak, Çarymyrat Gurbanow “Saham”-“Şabab Al Ordun” (“A” toparça), “Al Jaiş”-“Kazma” (“C” toparça) toparlarynyň arasyndaky oýunlara eminlik edipdi. Şeýle-de türkmenistanly Allaberdi Mämmetgulyýew “B” toparçadaky “Al Hilal” bilen “SK Kuwait” toparlarynyň arasyndaky oýna komissarlyk etdi.

Köneler, zhirkov85 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir