«Nebitçi» öňdeligi eýeledi Balkanabadyň «Nebitçisiniň» futbolçylary ýurdumyzyň milli çempionatynyň ýeke-täk öňdebaryjysyna öwrüldiler, olar 3-nji tapgyrdy öz meýdançasynda «Ahal» toparyndan ynamly ýeňiş gazandylar. Oýnuň 15-nji minutynda Didargylyç Urazow hasaby açdy. Arakesmeden soň, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Mämmedaly Garadanow tapawutlandy, ol ilki oýnuň 55-nji minutynda «Nebitçiniň» artykmaçlygyny iki pökgä çenli ýokarlandyrmagy başardy, oýnuň tamamlanmagyna 10 minut galanda bolsa jerime urgusyny amala aşyrdy we şeýlelikde gutarnykly hasap 3:0 boldy. Şu ýeňişden soň, «Nebitçi» 7 oçko toplady. Bäsleşik tablisasynda ikinji we üçünji orunlary eýeleýän paýtagtymyzyň «Altyn asyry» bilen Daşogzuň «Turanynyň» hersiniň gazanan netijesi öňdebaryjydan 2 oçko azdyr. Bu toparlaryň Aşgabatda geçirilen başa-baş duşuşygy pökgi geçirmek üçin döredilen pursatlaryň sany boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň häzirki eýesi «Atyn asyr» üçin uly ýeňiş bilen tamamlanaýmaly ýalydy. Ýöne derwezeçi Rustam Isgenderowyň ajaýyp oýny arkaly oýun 0:0 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Hut şonuň ýaly netije «Aşgabat» bilen «Lebabyň» duşuşygynda hem hasaba alyndy. Häzirki çempion HTTU bassyr üç oýnuň dowamynda ýeňiş gazanyp bilmeýär. Maryda ýurdumyzyň Kubogynyň geçen ýyldaky finalçysy «Merw» bilen başa-baş duşuşykda çempion ilkibaşda bütinleý utulyp barýardy. Oýnuň 32-nji minutynda meýdança eýeleriniň hüjümçisi Yhlas Pälwanow garşydaşynyň jerime meýdançasyna girdi we takyk urgy bilen hasaby açdy. Myhmanlary geçen ýylyň birinjiligi ugrundaky bäsleşikleriň iň gowy hüjümçisi Berdi Şamyradow ýeňlişden halas etdi. Oýnuň ahyrynda ol jerime meýdançasyndan 30 metr aralykdan takyk urgy bilen pökgini derwezä girizdi. Netijede, oýun 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy, şondan soň, «Merwiň» hem HTTU-nyň hersiniň 3 oçkosy bar. Türkmenbaşynyň «Şagadamy» 2010-njy ýylyň çempionatynda özüniň ilkinji ýeňşini gazandy, ol myhmançylykda sport ýokary okuw mekdebiniň «Talyp sporty» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Aýgytlaýjy pökgini oýnuň 8-nji minutynda Arslan Paizow geçirdi. Şol ýeňişden soň «Şagadam» 4 oçko toplady. «Ahalyň» hasabynda hem şonça oçko bar. Nobatdaky, 4-nji tapgyr 23-nji aprelde «Ahal» bilen «Şagadamyň» we «Turan» bilen «Talyp sportunyň» bäsleşikleri bilen badalga alar.

Köneler, zhirkov85 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir