Futbol boýunça Türkmenistanyň XVIII Milli çempionatynyň 2-nji tapgyrynda 3 komanda ýeňiş gazandy. Tapgyryň merkezi oýny geçen ýylyň çempiony HTTU bilen wise-çempion “Nebitçiniň” arasynda bolup, duşuşykda hasap açylmady. Ahal welaýatynyň adybir komandasy Abadan şäherindäki täze staionda paýtagtymyzyň “Talyp sporty” klubyny kabul etdi we garşydaşlarynyň toruna jogapsyz 3 pökgi girizmegi başardy. Duşuşygyň gollaryny Serdaraly Ataýew (12), Annasähet Annasähedow (37) we Mihail Tawarasýan (80) derwezä ýolladylar. Tapgyryň iň golly geçen oýnunda bolsa ýurdumyzyň kubogynyň eýesi “Altyn asyr” myhmançylykda Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” bilen duşuşdy. Oýnuň 24-nji minutynda ýer eýeleri Boris Iwanowyň goly bilen hasaby açanam bolsa, paýtagtlylar jogap edip 4 goly olaryň derwezesinden geçirdiler. Bu gollary bolsa Gahrymanberdi Çoňkaýew (32), Arif Mirzoýew (62, 85) we Amir Gurbany (83) dagylar derwezä gönükdirmegi başardy. “Lebap” bilen “Merwiň” arasyndaky oýun deňlikde tamamlanyp, marylylar bassyr 2-nji gezek deňme-deň oýnadylar. Daşoguzyň “Turany” bolsa öz meýdançasynda paýtagtymyzyň “Aşgabat” komandasyndan 1-0 hasabynda üsttün çykmagyň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, 2 tapgyrdan soň sanawda “Altyn asyr”, “Ahal”, “Nebitçi” we “Turan” komandalary 4 oçko bilen ilkinji orunlary paýlaşýarlar. Ýurdumyzyň çempionatynda 2-nji tapgyryň netijleri: “Ahal”-“Talyp sporty”: 3-0, "Şagadam”-“Altyn asyr”: 1-4, HTTU-“Nebitçi”: 0-0, “Turan”-“Aşgabat”: 1-0, “Lebap”-“Merw”: 1-1.

Köneler, zhirkov85 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir