Futbol boýunça Türkmenistanyň XVIII Milli çempionaty 2010-njy ýylyn Aprel aýynyn 2-sine bat aldy. Iki aýlaw esasynda geçiriljek çempionatda 10 komanda bäşsleşer. Mälim bolşy ýaly, geçen möwsüm ýurdumyzyň ýokary ligasynda 9 komanda bäsleşipdi we paýtagtymyzyň HTTU komandasynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. Täze möwsümde komandalaryň dördüsi paýtagtymyzyň adyndan wekilçilik edip olar, HTTU, "Aşgabat", "Altyn asyr" we "Talyp sporty" klublarydyr. Şol sanda balkan welaýatyndan iki komanda "Nebitçi" (Balkanabat) bilen "Şagadam" (Türkmenbaşy) we her welaýatdan bir klub "Ahal" (Ahal), "Lebap" (Lebap), "Merw" (Mary) we "Turan" (Daşoguz) çempionlyk ugrunda bäsleşerler. 1992-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Türkmenistanyň Milli çempionatynda paýtagtymyzyň "Köpetdagy" (1992, 1993, 1994, 1995, 1998, 2000) 6 gezek çempionlyk bilen 1-nji orunda barýar. Paýtagtymyzyň başga bir wekili "Nisa" 4 (1996, 1999, 2001, 2003), soňky çempion HTTU 3 (2005, 2006, 2009) we "Aşgabadyň" adybir kluby bolsa 2 gezek (2007, 2008) ýeniji boldy. 1997-nji ýylda geçirilmedik çempionatymyzda Balkan welaýatynyň komandalary "Şagadamdyr" (2002) "Nebitçi" (2004) bir gezek kubogy asmana göterdiler. XVIII çempionatynyň 1-nji tapgyry barada aýdylanda bolsa, geçirilen 5 oýnuň 3-üsinde hasap açylmady. Tapgyryň ýeňiş gazanan ýeke-täk kluby "Nebitçi" öz meýdançasynda "Lebaby" 2-1 hasabynda ýeňlize sezewar etdi. Duşuşygyň gollaryny ýer eýelerinden Didargylyç Urazow (penaltydan) bilen Rustam Adrakow, "lebaplylaryň" ýeke-täk goluny bolsa Rahmet Şermetow tora girizdi. Beýleki golly geçen oýunda bolsa "Merw" bilen "Turan" Begli Meredowyň (74) hem-de Yzzat Hudaýbergenowyň (77) garşylykly gollary esasynda 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýurdumyzyň ýokary ligasynda 1-nji tapgyryň netijleri: 02.04.2010 ý. "Nebitçi"-"Lebap" 2-1; HTTU-"Ahal" 0-0. 03.04.2010 ý. "Aşgabat"-"Şagadan" 0-0; "Merw"-"Turan" 1-1; "Altyn asyr"-"Talyp sporty" 0-0.

Köneler, zhirkov85 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir