Ynsan beýnisiniň ukyplarynyň kämilleşmegi barada alymlar birnäçe ýyl bäri gyzyklanýarlar, ylmy-derňew işlerini geçirýärler Garward uniwersitetiniň neýrofiziologiýa ugry boýunça ylmy iş alyp barýan alymlary “Ýatkeşligiň we aňlaýyş ukybynyň kämilleşmegi” atly seminarda ýatkeşligiň syrlaryny mälim etdiler. Ýatkeşligiň göz öňümize gelmejek derejede kämilleşmegi üçin şu aşakdakylaryň zerurlyklaryň bardygyny aýratyn nygtap geçdiler: - Wagtly-wagtynda iýmitlenmek. Beýniniň öýjükleri üçin iň esasy iýmit uglewod bolandygy üçin ýatkeşligini kämilleşdirmek isleýän adamlara berhiz saklamazlyk maslahat berilýär. - Beýniniň gan aýlanyşyny gowulandyrmak. Munuň üçin beýni zerur bolan B witaminini rejeli we kadaly ýagdaýda almalydyr. - Ýatda saklamagy endik edinmek üçin türgenleşik geçmek. Türgenleşik üçin aýratyn wagt ýa-da ýer gözlemeli däldir. Türgenleşigiň barşynda günüň dowamynda iň bolmanda ýekeje beýt goşgy ýatlamak, her gün agşam günüň wakalaryny ýatlap geçmek, seneleri, atlary we telefon belgilerini ýatlamak mümkin. - Wagtynda ukyňy almak. Halklaryň arasynda “Agşamyň şerinden ertiriň haýry ýagşy” diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, maglumatlaryň ýadymyzda galmagy üçin uky juda zerurdyr. Sebäbi adam uklan wagty neýronlaryň özara gatnaşygy täzeden dikelýär diýip, alymlar belleýärler.
Artykmaç ýatkeşligiň syrlary
-
hasrat
14 years ago
- Sagbol moolight, yatda saklamagy endik u.n türgenleshik diyipsing... Bäsh wagt namazy okasak yerine düshdigi bolar sebäbi shol bir doga-dilegleri, hereketleri belli bir wagtyng ichinde etmegimizing özi beynimizi we bedenimizing kamilleshmege kömek edyär hemem yatkeshligmizi artyryar... Aydyp otursang sanardan kän peydalary bar...
Gowja 14 years ago- Moonlight.sagja bol beren maglumatlañ üçün adamyñ iñ byrynjy ünüs bermeli zat uky sebäbi ukyñ doly ýetmese adamyñ saglygna zeter ýetrip bilýä.