Aslynda, Internetiňiziň tizligi näçe bolsa-da, käbir ýagdaýlarda şonda-da haýal bolýar. “Ehow.com” saýtynyň berýän maglumatyna görä, Interneti tizlendirmegiň birnäçe usuly bar: 1) Inernete girmek üçin ulanýan programmaňyz “Internet Explorer”, “Opera”, “Apple Safari”, “Mozilla Firefox” ýa-da “Google Chrome” ýaly dürli programmalaryň biri bolup biler. Bu programmalaryň barynda Internete girilende, suratlary, wideolary, sesleri ýa-da “agyr” başga zatlary Internetden aldyrman bilýärsiňiz. Programmaňyzyň sazlaýyşlar (nastroýka) bölümine girip, bu zatlary “ýapyp” bilýärsiňiz. 2) Ýaşaýan ýa-da işleýän ýeriňizde Interneti ulanýanlaryň sany näçe az bolsa, onuň tizligi şonça-da ýokary bolýar. 3) Internete girýän programmaňyzda “Cache” (wagtlaýyn ýat) açyp goýuň. Şeýlelik-de, şol bir saýta ilkinji gezek girilende, ondaky zatlar Internetden alynsa hem, soňky gezeklerde köplençe diňe ýazgylar täzeden alynýar. 4) Internete jübi telefonyňyzdan girýän bolsaňyz, mümkin bolsa, täze çykan telefonlardan aljak boluň. Sebäbi öňki telefonlaryň köpüsi ýokary tizlikli Internetden peýdalanmaýar. Täze telefon satyn alanyňyzda, onuň “3G” Internetinden peýdalanyp bilýän görnüşini satyn aljak boluň. Alýan telefonyňyz täze bolsa hem “3G” ulgamynda işlemeýän bolup bilýär. 5) Jübi telefonyndaky “3G” Interneti “EDGE” Internetinden tiz işleýär. “DSL”, “ADSL” simli Internetleri “Dial-Up” Internetinden tiz işleýär. 6) Internete girmek üçin kompýuteriňizi ulanýan bolsaňyz, modemiňiz “ADSL 8Mb/s” bolsa, has amatly bolýar.
Interneti tizlendirmek
-
hasrat
14 years ago
- minnetdar moon
-
owreniji
14 years ago
- Çeşme: www.zamantm.com
123qwe 14 years ago- sagja bol dost