Jübi telefonyňyza jaň gelende, daş-töweregiňizde başga adamlar bar bolsa, olary bimaza etmezlik üçin ýa daşary çykmaly bolýar, ýa-da sesiňizi peseltmeli bolýar. “CeBit” kompýuter tehnologiýalarynyň sergisinde görkezilen Karslrue (Karlsruhe Institute of Technology) institutynyň bilermenleriniň oýlap tapan täze “sessiz geplemek” tehnologiýasy arkaly bu oňaýsyz ýagdaý öz-özünden ýok bolýar. Tehnologiýa dodaklaryň hem-de ýüzüň myşsalarynyň hereketini “tanaýan” sensorlar arkaly işleýär. Sensorlar gerekli maglumatlary alanyndan soňra olar ses sintezatory arkaly sese öwrülýär. Bu sensorlar bolsa, ýüzüň myşsalaryny hereketlendirýän elektrik signallary okaýan elektromiografiýa arkaly işleýärler. Häzirki wagtda ýüze hem-de dodaklara gelýän elektrik signallary “tanamak” üçin ýüzüň dürli ýerlerine ýelmenýän elektrodlar ulanylýar, ýöne oýlap tapyjylaryň aýtmagyna görä, ýakynda bu sensorlar adaty jübi telefonynyň ýüzüne ýerleşdiriler we “sessiz” gepleşmek üçin jübi telefonyny ýüzüňize degirmek doly ýeterlikli bolar. Jübi telefonynda gürleşilende töwerekdäkileri bimaza etmezlik üçin oýlanyp tapylan bu tehnologiýanyň dürli sebäpler bilen ses çykarmaga ukypsyz, ýöne ýüzleriniň myşsalaryny hem-de dodaklaryny hereket etdirip bilýän adamlar üçin örän oňaýly boljakdygy bolsa aýratyn nygtalýar.
Geplemän, gürleşiň!
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Hakykatdanam gowy zat eken welin bu tel-on internetde peydalanmak uchin amatlymyka!?
-
dereksiz
14 years ago
- dost okan bolsan inet un dalde,gepleshende ullanmak un diyip yazylgy,inet un nadip ullanjak???
-
Nyusha
14 years ago
- sapakda ullanmaga gowja zat eken
-
prikolgeldi
14 years ago
- gören adam dälimikä öyder agzyny gymyldadyp dursan gürlemani
-
arsen89
14 years ago
- sensornyy kompam erbet dal.
-
arsen89
14 years ago
- kocede naushnikly gepleshsen birhili seredyaler,agzyny dagy gymyldadaysan,bilmedim...
dereksiz 14 years ago- mena alynjagow shundanlay