Nä Günüňe şat bolar sen, adamzat, Sansyz hatar ahu-zarlar alnyňda. Niçik takat kylar bir muşt toprak, Ýedi dowzah atly narlar alnyňda. Biwepada bäş gün bolan şadyňa, Aldanmagyn,ol gün düşer ýadyňa. Taňla onda hiç kim ýetmey dadyňa. Gabyr,lahat diýen darlar alnyňda. Biler sen,biwepa-ygtybaryň ýok, Ýaman iş kylmakdan özge käriň ýok. Eý,bigaýrat,namysyň ýok,aryň ýok, Howpu-hatar bişumarlar alnyňda. Zerre-zerre bir-bir sorsalar hasap, Rusyýa,şermende,berer sen jogap, Istär seni bermek üçin gyn,azap, Ýüz müň sansyz hyrydarlar alnyňda. Eşit bu dem eger bolsaň gaýratly, Halyň bolar günbe-günden haýhatly, çakaýyn diýip oturupdyr haýbatly, Bugra kibi ulug marlar alnyňda. Gapyl bolup emri-magrup etmeseň, Bilip durup,dogry ýola gitmeseň, Ahyret ýaragyn munda tutmasaň, Peýdasyz puşeýman,zarlar alnyňda. Magtymguly,neçün gapyl ýörer sen, Bibaka dünýäde tä ki durar sen, Niçe söwda bar başyňda,biler sen, Syrat üzre intizarlar alnyňda. Shundan many alyp bilmeýänler gynanýan kelläni boshuna göterýäňiz.
hasrat 14 years ago- sagja bol gagga
Galmamyş bu köne dünýä Rüstem eýle Zalyňa,
Garra bolma iki günlük iýgu-içgi malyňa,
Hakykat aryfny gör, atlasyn berdi şalyňa,
Tur säher, Magtymguly, ýygla bu gün öz halyňa,
Erte ol magşar güni derläp oýalmazdan burun.