Mening gyz jigim bar, ol birinji synpda okayar. Her sapar okuwdan oye gelemde ol meni gujaklap garshy alyar. Gyzlar gaty nazik bolyar, olaryng gownune degmegem gownuni acmagam angsat. Cagaka hasam, wagt gecyar ulalandan song shol naziklik eda-haya bn utgashyp gyz mashgalany bezeyar. Shu yerde ahli tm gyzlaryny 8-nji mart bayramy bn gutlayan. Oglanlar sizingem uyalaryngyzy , eje-mamalaryngyzy bayramy bn gutlayan. Goy olaryng guler yvzleri hic hacan solmasyn! Siz yaly doganlarynyng, ogullarynyng bardygyna buysansynlar! Shu yerde tm gyzy nahili bolmaly diyen temany opta atasym gelyar, sizing pikirleriniz
Turkmen gyzy
-
owreniji
14 years ago
- Nakyl:"Giýewim gowy gyzymyň aýdany bilen, gelnim erbet oglumyň aýdany bilen"
Ýöne ýazaýdym
-
owreniji
14 years ago
- Türkmen gyzy
Suraý Bibanyýazowa TDYDI-niň talyby.Nesil gazeti 6 mart
1-nji topbagy
Türkmen gyzy görüp gül deý ýüzüňi,
Eşidip mahmal sesiň diň salýar mukam.
Döz gelip sen gözelligiň öňünde,
bu jahanda uçmajagam barmykan?
-
owreniji
14 years ago
- Türkmen gyzy
Suraý Bibanyýazowa TDYDI-niň talyby.Nesil gazeti 6 mart
2-nji topbagy
Sen türkmen ýigdiniň ary-namysy,
Sen tug deý goraýandyr ol gerçek.
Güneş nurun paýlaşypdyr seň bilen,
Neneň bu gudrata baş egmän durjak?
-
owreniji
14 years ago
- Saňa üýtgeşik söz, waspam gerek däl,
Seniň özüň subutnama päklige.
Men ynanýan seniň iň bagtlydygňa,
ynan ertäň alkymyň deý aklygna.
Çünki aýam aşyk Aý jemalyňa,
Pespäl sen, her saher bagt bilen örýäň.
Men saňa guwanýan, çünki keşbiňde
Türkmeniň mertebe tuguny görýän.
Suraý Bibanyýazowa TDYDI-niň talyby.Nesil gazeti 6 mart
Gazetden ogurlanym üçin bagyşlarsyňyz! :-)
-
Ichagyry
14 years ago
- Gyzlar bir bu ajayp durmysyñ bezegi ajayp paslymyzyñ gorki gormegi! Men hem oz gezegimde hemme gyzlary, gelinleri, dayzalara cenli bu ajayp bayram bilen tuys yuregimden gutlayan!
-
owreniji
14 years ago
Nakyl:"Giýewim gowy gyzymyň aýdany bilen, gelnim erbet oglumyň aýdany bilen"
Ýöne ýazaýdym
owreniji
Ýalňyş(tersine) ýazdym öýdýän :
"Giýewim gowy gyzymyň aýdany bilen, oglum erbet gelnimiň aýdany bilen"
-
saparaliew
14 years ago
- Turkmen gyzlaryna eyle bolmaly, beyle bolmaly diyip biljek däl. Sheyle-de türkmen gelin-gyzlaryna geljegi yokmu-ka diyyän. Öwsen öwüp oturmaly bizin gyzlarymyzy. Janlary sag, kelleleri elmydama yerinde bolsun :-))! Bayramynyz bilen!
-
Cwetocek
14 years ago
- Salam eva! Gijragem bolsa menem oz pikrimi yazmagy makul bildim.
Turkmen gyzlary men pikirimce ilki bilena asylly, arassacyl pak yurekli bolmalymyka diyyan. Onsonam shadyyan alcak gerek yerinde bolsa agraslygy saklamaly . Sheyle hem kraskany azrak calsalar hasam owadan goryan. (bu men pikirim)
westhot 14 years ago- Gyz masgala diýende owadanlyk, näziklik, gözellik göz öñûne gelýär.Her kimiñ ejesi,uýasy,söýgilisi bar her oglan hem gyz masgalasyna uly hormat goýýar.Gyzlara näme geýselelerem näme daksalaram olar gyza görk berip bezeýär.Meniñ hem ejem uýalarym we söýgilim bar,hemmäñkem bar sonuñ ûcin oglanlar hic birimiz hem hic wagt gyzlaryñ göwnüne degmäliñ,erbet söz aýtmalyñ.Gyzlar bu dünýäniñ bezegi we acarydyr.Hemme gyzlar baýramyñyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn!