Meniň kämahal özüm nahar pişirip iýmek keýpim bar. Pişiremde lezzet alýan (gap-gaçlary ýuwmany halamok), her hili fantaziýalar goşuşdurup pişirmäni halaýan, üýtgeşik zatlar taýynlamany gowy görýän. Youtube-dan köp wideo seredýän bu barada. Beýle diýsem her gün pişirýändir diýmäň, hepdede belki 1 gezek. Meniň üçin hobby diýseňem bolýar. Gepiň gysgasy men özümi öwmek üçin ýazamok bu blogy, men türkmen tagamlarynyň atlarynyň şu saýtda bolmagyny isleýän, gerek wagty sereder ýaly. Sebäbi atlary aklyňda bolmasa näme pişirjegiňe karar berýänçäň ýarym sagat geçýä. Her kim bilýän naharynyň, süýjülügüniň, başga her hili taýynlanyp iýilýän zadynyň adyny ýazaýsa men ýalylara gaty peýdaly çeşme bolardy. Diňe atlaryny ýazyň haýyş, pişirilişi gerek däl, onyň üçin başga blog ýazarys.

Köneler, shahyr tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir