Geçen hepdäniň iň soňky güni ýene-de 2 ýyl­dan, has takygy 2012-nji ýylda Polşa we Uk­rainada geçiriljek futbol boýunça 14-nji Ýew­ropa çempionatynda ýer eýelerinden başga çykyş etjek 14 topary kesgitleýän saýlama to­parçalarynyň bijesi çekildiPolşanyň paýtagty Warşawanyň medeniýet merkeziniň binasynda bolup geçen dabara Ýewropa futbolynyň görnükli wekilleri, UEFA-nyň degişli ýolbaşçylary we şol sanda her milli ýygyndynyň tälimçisi gatnaşdy. Bije­leri bolsa Euro-2012-niň gurnaýjylarynyň iň meşhur ýyldyzlary çekdi. Ýagny Polşadan Zbigniew Boniek hem-de Andreý Şarmak, Uk­rainadan bolsa Oleg Blohin bilen Andreý Şewçenko dagylar toparlaryň bijelerini çekdi­ler.

Köneler, futbolchy tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir