Fewral aýynyň 16-27-si aralygynda Şri Lanka-da geçiriljek AFK Çellenj kubogynda (AFC Challenge Cup 2010) Türkmenistanyň milli ýy­gyndy topary “B” toparçada çykyş eder. Şon­da täze bellenen Ýazguly Hojageldiýewiň tä­limçiligindäki milli ýygyndymyz Demirgazyk Koreýanyň, Hindistanyň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar.Türkmen futbolçylary ilki Demirgazyk Koreýa­ly futbolçylar bilen, soňra Hindistanyň, topar­çadaky ahyrky oýnuny bolsa Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary bilen geçirer.. “A” toparça­da bolsa Täjigistandyr Mýanmanyň, Şri Lan­ka bilenem Bangladeşiň futbolçylary özara bäsleşerler. Her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarym finalda çykyş etmäge hukuk gazanar. Ýarym finalyň ýeňijileri-de 27-nji fewralda fi­nal “Sugathadaş” stadionynda final oýnuny geçirer. Final oýnunyň ýeňijisi bolsa 2011-nji ýylda Katarda geçiriljek Aziýa kubo­gynda çykyş etmäge ygtyýar alar. Ýeri gelende aýtsak, Hindistanyň milli ýygynydy­sy ýeňiji bolan ýagdaýynda finalçy topar Katardaky ýaryşa gatnaşar. Munuňam se­bäbi AFK Çellenj kubogynyň 2008-nji ýyldakysynda hindi futbolçylary ýeňiş gaza­nypdy we bu arzyly bäsleşige gatnaşmaga ygtyýar alypdy. Duşuşyklar Şri Lanka­nyň paýtagty Kolombodaky “Sugathadaş” hem-de “Royal Collage” sport komplek­sinde geçiriler.

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir