Ýakynda ýurduň futbolyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda maslahat geçirdi.Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň geçiren maslahaty futbol klublarynyň maliýe meselelerine ýaňadan seretmeklige, olara sponsorlary tapmaklyga, şeýle hem türkmen futbolynyň abraýyny galdyrmaklyga bagyşlanyldy.Bu maslahatda ýurduň her bir futbol toparynyň býujetiniň azyndan 1 million ABŞ-nyň dollary bolmalydygy kesgitlenildi. Bu serişdeler futbol toparlaryndaky oýunçylary saklamaga hem-de ýerli we halkara ýaryşlarynda çykyş etmek üçin çykdajylaryny ýapmaga gönükdiriler. Futbol klublaryna ýurduň nebitgaz toplumy ýaly baý edaralary sponsorlyk ederler. Futbol federasiýasynyň geçiren maslahatynda täzelikde döredilen «Altyn täç», «Aşgabat», «Ahal», «Bagtyýarlyk», «Talyp sporty» futbol klublarynyň şu ýyldan ýurduň milli çempionatyna goşulýandyklary aýdyldy.Şeýle hem maslahatda türkmen futbolynyň legendalary bolan «Köpetdag» hem-de «Nisa» toparlaryny ýaňadan dikeltmek barada-da maslahatlaşyldy. Bu iki klub maliýe ýetmezçiligi sebäpli indi üç ýyl gowrak wagt bäri ýurduň milli çempionatyna gatnaşyp bilmeýär.

Köneler, futbolchy tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir