Ey yigitler! Hemmanize salam! Size su bet gosgyny paylayaryn. Belki kabir soyginizde kyncylyk cekyaninize komegi deger. Sebabi menin ozumem su gosgyn komegi bilen nace gyzy n gozuni bagladym :) Bir gezek berilýän täsin ömürde Ömürlik syrdaşyň boljagma ynan! Gamlanan pursadyň derdiň çekişip, Şatlanan pursadyň güljegme ynan! Durmuş ýoly çarkandakly-çyrmaşyk, Ýetjek menziliňe barýaň dyrmaşyp, Ine-gana bile gitsek gürleşip, Bela-beterleri ýeňjegňe ynan! Ýüregimiň töründe sen orun alsaň Bu ömür ýoluma sen ýoldaş bolsaň Saýrak bilbil bolup asmana galsam Seniň bossanyňa gonjagma ynan! Ýöne men ýene-de bir zat aýdaýyn Ertirki gün arman galmasyn janda Sensiz dogjak aýy-güni nädeýin Mähriňe mätäçkäm ýagty jahanda. Söýgi ýaşadýandyr ähli adamy, Ony ýüreklerine nagyş edýänem kän. .......... Söýgim seňki, senem gysganma öz mähriňi Tutuş ömrümi diňe saňa bagş edýärkäm!

Köneler, cooldude tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir