halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary moskwada geçirilýän gda ýurtlarynyň arkalaşygynyň we baltiýanyň çempionlarynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalyna möhletinden çykdylar. bu «s» toparynda ikinji aýlaýyň oýunlarynyň netijeleri boýunça belli boldy. türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi ýazguly hojageldiýewiň şägirtleri estoniýanyň çempiony talliniň «lewadi» toparyny 3:1 hasaby bilen ýeňenlerinden soň, ýaryşda bäsleşikden daşgary çykyş edýän russiýanyň klublar ýygyndysy bilen duşuşyp, olardan 2:4 hasabynda ýeňildiler. 19-njy ýanwarda geçiriljek jemleýji oýunlaryň öň ýanynda «dinamo» toparynyň 6 oçkosy, russiýanyň klublar ýygyndysynyň, httu-nyň -her haýsynyň 3 oçkosy we «lewadiniň» 0 oçkosy bar. emma russiýanyň klublar ýygyndysynyň soňky tapgyryň netijelerine garamazdan reglament boýunça ýaryşyň diňe deslapky tapgyryna gatnaşýandygy bilen baglylykda ukrainanyň we türkmenistanyň çempionlary 1/4 finala ýollanmalary gazandylar. türkmen futbolçylarynyň sekiz ýyldan soň ýene-de arkalaşygyň kubogynyň güýçli komandalarynyň sekizligine girmegini bellemek gerek. şeýle üstünlige soňky gezek aşgabadyň «nisa» topary eýe bolupdy, ol 2002-nji ýylda çärýek finalda kiýewiň «dinamo» toparyndan 2:3 hasabynda ýeňilipdi. httu-nyň 1/4 finalda duşuşjak bäsdeşi «d» toparynda geçiriljek oýunlaryň jemleri boýunça kesgitleniler.

Köneler, jankaka tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir