* Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol! * Jan saraýyny gözleýän bolsaň, jansyň; bir lukma nan gözleýän bolsaň, nansyň. Şu syry bilýän bolsaň, hakykaty bilýänsiň: nämäniň gözleginde bolsaň, şolsuň sen! * Gahar we şöwket ynsany çaşy eder. * Aýranly käsäm öňümde wagty, özgäniň balyna göz dikmerin. Owkatsyzlyk, açlyk ölüm howpy bilen üstüme sürünse , ýene-de, erkinligimi gulluga satmaryn men. * Altyndan ne peýda, jandan ne peýda… lagladan-hünuden, merjenden ne peýda… Bir söýgi üçin harçlanmajak bolsa, bir gözele pida edilmejek bolsa. * Ýoldaşy bahyl bolmadyk kişi nähili bagtly!.. * Gel, gel!.. Her ne bolsaň, gel! Isle kapyr, isle otparaz, isle butparaz bol, gel!.. Biziň dergähimiz umytsyzlyk dergähi däldir. Ýüz gezek tobaňy bozan-da bolsaň, ýene gel!.. * Jomartlykda we mätäçlere ýardam bermekde akar suw ýaly bol! Mähir we merhemetde Güneş kibi bol! Başgalaryň aýbyny örtmekde misli gije bol! Gahar babatda öli kimin bol! Pespällikde toprak taýy bol! Giňlik we geçirimlilikde deňiz ýaly bol!..

Köneler, Dertli tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir