Ýer ýüzünde täze ýyldan meşhur baýramçylyk ýok bolsa gerek. Ol dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly bellenilip geçilýär. Ilki başdaky dini mazmuny ýuwaş-ýuwaşdan ünsden düşüp, Täze ýyl köp ýurtlarda maşgala şagalaňlygyna öwrülipdir. Şonuň üçin hem täze ýyl baýramçylygyny diňe bir her ýurduň däl, her öýüň özüçe geçirmek däbi bar. Kim täze ýyly diňe öz maşgala agzalary bilen garşylasa, kim iň ýakyn dostlaryny myhmançylyga çagyryp, özem olaryňka myhmançylyga gidýär. Kim täze ýyly ýolda garşylamagy söýýär, başga biri bolsa täze ýyl baýramçylygynda öýümden uzakda bolsam ol ýyl maňa aýraçylygy getirer dien yryma eýerip, öýünden çykmaýar. Kimler täze ýylda hindi towugyny iýmegi yrym etse, kimler ol baýramçylyga tortlary, süýji-kökeleri taýýarlaýarlar. Günbatar Ýewropada Täze ýyly bezelen arça agajynyň töwereginde köpçülik bolup aýdym aýtmak, bir-birege sowgatlar bermek bilen garşylaýarlar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Täze ýyly biçak uly dabara bilen, şatlykly hem bezemen garşylaýarlar. Olarda Santa Klaus sowgat getirer diýip garaşmak däbi bar. Ýaponiýada-da täze ýyl edil Ýewropada ýa-da Amerikada bolşy ýaly bol-elinçilikde garşylanýar. Ýewropa arçasy bu adada ösýän ekzotiki ösümlikler bilen bezelýär. Italiýada bolsa her gelen täze ýyl bergileriňden saplanmaga mejbursyň. Ikinjiden bolsa, gerekmejek öý goşlaryňdan dynmaly. Bu däbe eýerýän italýanlar gerekmejek zatlaryny öýleriniň penjirelerinden daşary zyňýarlar. siz hem gosulyn son haysy yurtlarda nahili täze yyl bellenilyar!!?? :-))