Belkem eşidensiňiz Google öňräk Android atly mugt mobile OS çykardy. Her kim gaty gyzyklandy, sebäbi Google bir zat etse iň gowysyny edýär we konkurentlerinden has gowy edýär. Android çykanynyň yzy ýany bilen uly el telefony kompaniýalary Android OSly telefonlar çykarmaga başladylar. Şolaryň iň gowysy HTC Hero. Men şu bir hepdelikde bir hero aldym. Telefona ve Androide gepim ýok. Şeýle super welin IPhone almadygyma begenýän. Hem iPhone'dan köp köp gowy we ýarym bahasy arzan. Android market diýip Androidiň mugt programma alynýan ýeri bar, ol-a deňsiz taýsyz gowy zat. Näme programma diýseň mugt bar. A telefonuň özünde türkmen harplary bilen ýazmaga mümkinçilik bar. Her ýazan sözüňi ýatlap galýar, indiki gezek özi çykarýar. Googleyň servisleri öz içinde gelýär. Gmail, Google map, YouTube we ş.m. olardan başga-da sosial network saýtlary bilen tel. kontaktlaryňy baglap updatelaryny görmek mümkin göni herodan. Gepiň gysgasy gaty high-tech zat. Nesip bolsa türkmençe applicationlar ýazyp markede goýmakçy. Eger smartphone almakçy bolsaňyz hökman barlaň. Iň bet zatlaň biri ssh console app bar, göni serveriňe baglanyp development edibermeli. Ftp aňry bäri app-ler bar. Mümkinçiligiňiz bar bolsa YouTubedan HTC hero diýip gözleg ediň çözýän videolar bar. Şu blogymy herodan ýazýan metroda.

Köneler, shahyr tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir