Ajap syýahatda boldum diýdi ol, Goýmady gürrüňin goýmaly ýerde, O nähili ajap syýahatmyşyn — Ýedi gün asmanda? Sekiz gün ýerde? O nähili ajap syýahatmyşyn? Bärde — aeroportda uçara münse, Alty ajap ýurdy ýatyp geçirip, Ýedinjiniň wokzalynda oýansa. O nähili ajap syýahatmyşyn? 0 nähili ajap? — Sowal berýärin, — Ýedi mawy deňzi ýatyp geçirse, Oň üstüne ýene ýetmiş derýany? Aşagdaky täin baglaň, metjitleň, Eşitseň ýokarda diňe myş-myşyn, Otlar bilen bejermeseň ýaraňy, O nähili ajap syýahatmyşyn? Şat zeminde goýup oba, şäheri, Gulleriň agyny, gyzyl, sarysyn, Sen sesdenem ozýan çaltlyk bilen Öz ömrün deňinden geçip barýarsyň. Çaltlyk bilep köp işleri etse bor. Ýöne şol çaltlygyň bir emmasy bar, Ol dünýä, adama düşunmekligiň Dedinden, deňinden, deňinden barýar. Sen görmän geçýärsiň Sen üçin Dörän Uçmaha ýat, Ereme ýat gülleri. Ýüzüňi sypasa, ýygyrdyň ýazjak Otdan hem toprakdan dörän elleri. Çaltlygyň gylygy: ýagyşlar ýagsyn, Adam hesret çeksin, ýagsyn akja gar. Parhy iok, ol juda zerur zatlaryň deňinden, deňinden, deňinden geçýär. Gije-gündiz uçýar, uçýar adamlar, Lezzet alyp motorlaryň heňinden, Dur sen, Saklaýa, tizlik söýen Adamzat, Geçäýmäwer sen öz bagtyň deňinden.
SerJon 15 years ago- Hakyky syyahat diyilyan shu goshgudaky yaly, o samalyotdan-o samalyota munip edilen syyahatmy ya, hemme yere aylanyp, yuwash yuwashdan, yorap ya mashynly edilen syyahatka?