Bütin oba garaşyp dur. Ýola bakýar hemmeler. Atasy pyşyrdaýar: “Geler. Geler. Geler”. Gelnejesi pyşyrdaýar: “Gelermikä? Kim biler...” Atasy göwünlik berýär: “Geler-le... hökman geler”. Gök toraňňyň saýasynda Ýüzläp adam dymyp dur. Çekizeli ak haltadan Turşy damja damyp dur. Ýygnanyşdy babadaşlar, Içginler hem daşgynlar. Ne signal bar, ne şowhun- Dymyşyp dur maşynlar. Geldi dürli maşynlar - Gyzyl, sary, ýaşyl, ak. Geldi garaşylmaýanlar. Garaşylýan gelenok. Göýä pikir hem etmän Bu gürrüňler babatda. Ak guş kimin irkilip, Ene ýatyr tabytda. Göterlerne garaşyp dur Köpi gören agaç at. Ene ýatyr üstünde Giň maňlaýly, Agajet. Şol enäniň ogluna Garaşyp dur hemmeler. Geldi tanyş, nätanyş - Geldi şondan öňňeler. ...Ol henizem gelenok. Meger, häzir ýoldadyr. Iň söýgüli ulagy Samolýot däl, “Wolgadyr”. Ýöne weli uçurýandyr Samolýota deňeçer. Şondan yza-ha galmaz, Oňarsa öňe geçer. Ol henizem gelenok... Meger, häzir ýoldadyr. Ýa-da iki eli hem Ullakan stoldadyr. Tüweleme, uly adam Bolup gitdi indi ol. Ýaňy bolsa has ullakan Bir stula mündi ol. “Sypaýmasyn birden!” diýip, Oturandyr ýapyşyp. Owadanja gelinler Çaý çekýändir çapyşyp. Üýtgeşikdir öňündäki Kişmiş, kemput, şokolad. Ýa gök çaýyň humaryna Ýazýandyr bir doklad. Ýok, ýok, özi doklad ýazmaz, Ýazýandyrlar başgalar. Ýaranjaňlar her sözüne Ellerin çarpyşarlar. Ol bolsa özi ýazýan dek Gülümsirär, ýylgyrar. Ýazanlar onuň deregne Utanjyrar, ýygrylar. ...Ýigrimi ýyl mundan ozal Gutarypdy bir WUZ-y. Ony oňa gutardan hem Tabytdaky ezizi. Güýzde pagta ýygypdy. Gyşda körek çöpläpdi. “Oglum ullakan okuwda!” Buýsanç bilen gepläpdi. Howdan gurdy, gazy gazdy Laýa batyp dyzyndan. Ýygnanjasyn lükgeläp Ibererdi yzyndan. Ogly üçin ak mütgelden Bir haltajyk tikindi. Üçlügini, manadyny, Şaýysyny, köpügni- Artdyranja puljagazyn Atdy şonuň içine. Şeýde-şeýde kyrk ýaşynda Ak çozupdy saçyna. Ogly okuwyn gutardy. Ene dertläp ýykyldy. Ol şonda sypap otyrdy Bir gözeliň çokulny. Dakýardy enäň pulundan Her barmagna bir ýüzük, Gulagyna teneçir, Bilegine bilezik. Söýüşdi, gujaklaşdy. Paýtagtdan jaý tutundy. ...Enesinden utanmady, Ene ondan utandy. Ene käte paýtagta Gezmäge gelen wagty, Gelni diýdi: “Ýok etsene Bu porsy garabagty!” Ogly diýdi: “Ýakymsyz Ysyň bar-la, jan eje. Bu eýýamda arassa Bolmaly myhman, eje!” Ene diýdi: “Wah, jan ogul, Her niçe porsasak-da, Ulalansyň, ýetişensiň Şu porsuja gujakda...” Soňra bolsa uzak gije Ýorganynda aglardy. Daňyň atarna mähetdel, Otla tarap ylgardy. ...Şeýde-şeýde günler ötdi, Aýlar ötdi nobatly. Edeni şowuna boldy. Durmuş ony aýnatdy. Her sözünde bir oýun, Her elde bir desmaly- Bir ýyl bäri saklap otyr Has uly bir stoly. Bu gün bolsa enesi Amanadyn tabşyrdy... Gelen telegrammany Stolunda ýygşyrdy. Ony aýalyndan başga Görkezmedi hiç kime. Är-heleý karara geldi: “Barsak bor-la üçüne!” ...Bütin obaň gözi ýolda. Garaşyp dur hemmeler. Atasy pyşyrdaýar: “Geler, geler, geler”. Onýança-da “Gelýär!” diýip, Ardyndy bir ýaşuly. Göründi ýaşyl meýdanda “Wolgalaryň” ýaşyly. “Geler diýdim ähbeti!” Bir daýandy atasy. Gara-köýük ýüzüniň Artyp gitdi ýagtysy. Onýança-da ýaşyl “Wolga” Aşak indi ýapydan. Geljek adamyň deregne Şofýor çykdy gapydan. “Şu gün gelip biljek däl. Gyssagly bir iş çykdy...” Birden ataň gözlerinden Iki çogdam ýaş çykdy. Ýetmiş ýaşyň içinde Aglamadyk ol goja, Gözýaşyny süpürdi-de, Bir ýylgyrdy çalaja. Ol ýylgyryş ömürbaky Çykmaz meniň ýadymdan. Beýle aýylganç ýylgyrşy Görmändim men adamda. ...Göterdiler enäniň Ak guş ýaly tabydyn. Ýaz şemaly ykjatdy Üstündäki mawudyn. Salladylar çukura Ak saçly bir dünýäni. Içki öýüň gapysyna Eltilende enäni - Iki omzuny diräp Çukuryň erňegine, Hiç giresi gelmedi Öz girmeli öýüne. Iň soňkuja pursatda-da Öz ogluna garaşdy. ...Ýazsamam ýazdym weli, Agyr düşdi bu goşgy.

Köneler, SerJon tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir