Maňa seniň gözleriňden gitme ýok. Maňa seniň sözleriňden gitme ýok. Düşün, bu dünýäde soňky güne çen Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men . Seniň ýüpek gijeleriňden gitme ýok . Seniň aýdyň gündizleňden gitme yok. Bu garagol jahyllykdan giderin. Ol hasaly gojalykdan giderin . Çünki men olardan gitmän bilemok . Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok . Men zemin . Sen bolsa ullakan asman . Saçyňy nur edip üstüme dökýäň . Emma ,düşün ,läläm, şeýle gün dogar: Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar . Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme Gararyn belentden ýeriň ýüzüne . Men bir gyzda gözleriňi görerin . Men bir gyzda sözleriňi görerin . Şapakda görerin-ýaňagyn alyn . Gijede görerin –ýaňagyn halyn . Synlap ýapraklaryň ýüzünde deriň , Onda seniň gözýaşyňy görerin . Zemin aylanyp dur , Oňatlyk örän ! Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok . Dünýäň her gülünde men seni görän , Şonuň üçin bu dünýäden gitme ýok . (Gurbannazar ezizow)

Köneler, SerJon tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir