Howludaky limon agaçlary Bir gurply adamyň howlusynda biri-birine ýakyn oturdylan iki sany limon agajy bardy. Maý aýynyň ahyrynda açylýan limon gülleri bütin howlynyň howasyny sähel wagtyň içinde üýtgedip, adamlaryň göwnüni açýardy. Emma limon agaçlarynyň biri beýlekisinden kiçiräkdi hem görksüzdi. Şu sebäpden uly agaç ulumsylyk edip, mydama ony kemsiderdi. Öý eýesi hem kiçi boýly limon agajyndan umydyny kesene meňzeýärdi. Onuň pikiriçe, agaç bu gidişine kem-kemden gurap gitjekdi. Şonuň üçinem ony kän bir suwarmaýardy hem-de o diýen esewan edesi gelmeýärdi. Günlerde bir gün batly öwsen ýel garly daglaryň eteklerindäki bir topbak gül tohumyny hälki adamyň howlusyna uçuryp getirdi. Emma howlynyň hemme ýeri betonlanan bolansoň, diňe limon agaçlarynyň aşagynda toprak galypdy. Tohumlar tizräk gögermelidi, şonuň üçinem limon agaçlarynyň ýanyna gelip, aşagynda ýerleşmek üçin olardan rugsat sorady. Uly agaç gap-gaty bolup: – Beýle zada asla razy bolup bilmerin. Biz suwsuzlygy halamaýarys. Eger siz meniň düýbümde köpelseňiz, barja suwy sorup, meni guradarsyňyz – diýip, garşylygyny mälim etdi. Aslynda uly agajyň başga-da bir alada edýän zady bardy. Haçanda güller reňbe-reň açylanda limon agajynyň sargylt ak gülleri göze ilmän, öý eýesiniň ünsünden gaçmagy mümkindi. Ol bolsa, hiç kimiň özünden owadan bolmagyny islemeýärdi. Kiçi agaç uzyn boýly ýoldaşynyň tohumlara beren jogabyny halamady. Çünki ol her kimiň öz rysgalynyň bardygyny örän gowy bilýärdi. Şonuň üçinem ol suwsuz galaryn öýdüp kellesine-de getirmeýärdi. Kiçi agaç tohumlaryň haýyşyny höwes bilen kabul edip: – Siziň bilen bile bolmak meniň üçin bagt. Şeýlelik bilen biz ýekesiremerisem – diýdi. Uly agajyň bolsa, bu zatlar göwnüne ýaramady. Kiçi limon agajynyň aşagynda gögeren tohumlar birnäçe hepde geçensoň açylyp, bütin howlynyň gelşigine öwrüldi. Agaç hem elinden geldigiçe olara kömek etjek bolýardy. Gysga wagtyň içinde gülleriň ajaýyp yslary ýaýrap başlady. Öý eýesi şu wagta çenli hiç haçan duýmadyk yslarynyň nireden gelýändigini görüp haýran galdy. Ol bu gülleriň owadanlygyny ýitirmezligi üçin indi ertirlerine has ir turup, düýplerine iň gowy dökünlerden döküp, tiz-tizden suwarýardy. Kiçi limon agajy hem kökleriniň ähli ýerine baryp ýetýän şol suwlary güller bilen bilelikde içip, barha boý alyp ulalýardy. Şeýdibem ol bir ýyla galman, töweregindäki agaçlaryň iň ulusyna öwrüldi. Soňra bolsa, öz gülleri hem açylyp, howlynyň görküne görk goşdy. Indi ýalňyz hem ösmän galan limon agajy bolsa, goňşusyna göripçilik edendigi üçin gurap durdy.

Köneler, kaya tm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir