Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň Türkmenistana sapary dowam edýär. Resmi maglumatlarda Ukrainanyň döwlet baştutanynyň 14-nji sentýabrda Türkmenistana başlanan resmi sapary netijesinde ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň çäginiň giňeldilmegine garaşylýanlygy aýdylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ukraina arasynda esasan söwda-ykdysady we gurluşyk ugurlardan has giň aragatnaşyk alnyp barylýar. Şol bir wagtda-da taraplar ýangyç-energetika pudagynda, esasanam gaz söwdasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de uly gyzyklanma bildirýärler. Aşgabatda boljak türkmen-ukrain gepleşiklerinden nämä garaşylýar? Aşgabatdaky türkmen-ukrain gepleşikleriniň netijesinde taraplaryň özara hyzmatadaşlygynyň güýçlendirilmegine gönükdirilen möhüm ikitraplaýyn dokumentlere gol çekjegi we bu ýokary derejeli duşuşygyň döwletara dialogyň giňelmegi we berkidilmegi ugrunda möhüm ädim boljagy Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda aýdyldy. Şeýle-de, taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin porogrammasyna düzedişleri girizip, aragatnaşyklaryň çägini giňeltmegine garaşylýar, emma gepleşiklerde maslahat ediljek temalar barada öňünden jikme-jik maglumat berilmedi. Öz nobatynda Ukraina Türkmenistan bilen energiýa proýektlerini we ilkinji nobatda gaz söwdasyny maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýär. Hut şu meseleleri Wiktor Ýuşenkonyň häzirki saparynyň dowamynda gozgamakçydygy soňky aýlarda Ukrainanyň we Orsýetiň metbugatynda çap bolan maglumatlarda habar berlipdi. Göni gaz söwdasy Ukriananyň Turkmenistandaky ilçisi Wiktor Maýkonyň sözlerine görä, “Esasy gaz eksport ediji ýurt bolan Türkmenistan we esasy gaz hyrydary Ukriana, bir wagtlar bolşy ýaly, göni gaz söwdasy boýunça gepleşikleri ýola goýup bilerdiler. Bu hem adalatly bolardy, hem logika gabat gelerdi” diýip, ukrain diplomatyna salgylanyp, “Nezawisimaýa gazeta” neşiri ýazdy. Maglumatda 1990-njy ýyllarda Ukrainanyň Türkmenistandan ýylda 35 milliard kubometre çenli gaz satyn alanlygy aýdyldy. GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Andreý Grozin öz wagtynda göni gaz söwdasyny alyp baran Aşgabat bilen Kiýewiň şeýle hyzmatdaşlygyny ýene ýola goýmagynyň teoriýa taýdan mümkindigini belledi, emma iş ýüzünde munuň öňünde ençeme päsgelçilikleriň bardygyny ekspert aýtdy: “Birinjiden, ýurtlaryň Orsýet Federasiýasynyň gaz geçirijisinden başga ýollary ýok. Ýuşenko bilen Berdimuhamedow arasynda ylalaşyga gelnen ýagdaýynda-da, muny özüne bähbitsiz hasap etse, Orsýet türkmen gazyny öz üstünden geçirmez”. Andreý Grozin Orsýet bilen Türkmenistan arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň hem Türkmenistan bilen Ukraina arasynda göni gaz söwdasynyň dikeldilmegine goşmaça päsgelçilik döredýänligini belledi we häzirki ýagdaýda Türkmenistan bilen Ukraina özara ylalaşyga geläýenlerinde-de meseläniň Orsýet tarapy bilen gepleşiklere direljegini aýtdy. Energiýa meseleleri boýunça analitik Roman Kupçinskiniň pikirine görä, Türkmenistan bilen Ukraina arasynda göni gaz söwdasynyň ýola goýulmagynyň başa baryp-barmazlyk mümkinçiligi deň. Analitik Kupçinskiý esasy böwediň gaz geçirijileriň Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň kontrollygyna baglydygyny aýtdy we türkmen gazynyň Ukraina üçin bahasynyň-da aýratyn mesele bolup durýanlygyny belledi. Türkmenistana saparynyň dowamynda Wiktor Ýuşenko Amyrderýanyň üstünden gurlan demirýol köprüsiniň açylyş dabarasyna gatnaşar. Ukriananyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurlan, bahasy 123 million dollarlyk köprüniň gurluşygy çak bilen 10 ýyla çekipdi. Türkmenistan hem tutuş region üçin uly ähmiýete eýe bolan obýektiň gurluşygyndaky bökdençliklere belli bir derejede ýurtlaryň gas söwdasy boýunça özara hasaplaşygy bilen baglanyşykly proýektiň maliýe üpjünçiligindäki kemçilikler sebäp bolupdy. Ukrainanyň prezidenti Amyderýanyň üstünden geçjek awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna hem gatnaşar. Türkmen-ukrain gatnaşyklary Uzak möhletleýin hyzmatdaşlar bolan Türkmenistan bilen Ukrinanyň işleşmegine döwletara, hökümet derejelerinde we edaralar arasynda baglaşylan 120 sany halkara dokumentiň esas döredýänligi resmi maglumatlarda aýdylýar. TDH gullugynyň maglumatyna görä, bu iki ýurtda, özara ylalaşyk esasynda ilçihanalar açyldy, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýasy döredildi, senagat we sosial maksatly obýektleriň gurluşygy alnyp barylýar we bilelikdäki kärhanalar döredilýär. 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanda Ukrainanyň maliýe serişdeleriniň gatnaşmagynda 24 kärhana we ukrain kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 54 sany inwestision proýekt hasaba alyndy. Proýektleriň umumy bahasy bir ýarym milliard dollardan gowrak. Türkmenistanyň Statistika boýunça Döwlet Komitetiniň maglumatyna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurtlaryň özara haryt dolanyşygy 251 million dollardan aşypdyr. Türkmenistan Ukraina nebit önümlerini, oba hojalyk, ýeňil we dokma senagat harytlaryny satýar, Ukrainadan bolsa demir önümlerini, transport serişdelerini we gurallaryny, himiýa senagatynyň önümlerini we gurluşyk materiallaryny satyn alýar. Andreý Grozin Ukriana bilen gatnalşyklary ösdürmegiň çäginde, Kiýewiň Aşgabat bilen göni gaz söwdasyny dikeltmek ymtylyşyna Turkmenistanyň goldaw bildirmeginiň ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýar. Ekspert bu meseläniň Türkmenistan üçin belli bir derejde bähbitlidigini belledi. “Bir tarapdan dürli alternatiw proýektlere gyzyklanma bildirmek bilen Türkmenistan muny Orsýet bilen sowdalaşmak meselesinde ulanyp biler. Türkmenistan Hytaý we Eýran bilen gaz ylalaşyklaryny baglaşdy, “Nabukko” proýektine goşulmak islegini mälim etdi. Indi bolsa Aşgabat Ukrainanyň inisiatiwalaryny hem goldap biler we şunlukda ol “Gazpromyň” öz şertlerine has ünsli çemeleşmegini gazanmakçy bolýar” diýip, Andreý Grozin aýtdy.

Köneler, watanym tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir