Edebiň ýagşysy Watany söýmekdir. Watan gymmatlygy Watanyň ezizligi bilen kesgitlenilýär. Çünki ol adama berlen sanlyja ezizlikleriň biridir. Eziz diýmek bolsa – biri bar, ýeke-täk diýmekdir. Ýeke-täk ezizlikleriň hatarynda Watandan başga Allanyň birligini hem-de janyň birligini ýatlap bolar. Bu üç ezizligiň haýsy has ýokary, olaryň ezizden ezizi haýsy diýip soralsa, şeýle diýgin: ezizlikleriň haýsy haýsyna gurban bolýan bolsa, soňkusy ýokarydyr. Jan Watana, Watan bolsa Alla gurbandyr. Eýsem , jandan eziz diňe Watan, Watandan ýokarda bolsa, diňe Alla bardyr. çünki, Alla Watandan soň hem gerekdir, Watan bolsa, jandan soňam zerurdyr. Düşün: kyýamat-maşgarda Watan gaýyplyga, wepat edeninden soň bolsa, jan gaýyplyga öwrüler. Haýsy pursatda Alla bilýän harasat gününe çenli Watanyň goýnunda ýatjaksyň. Bäş gün ömri Watanda geçirmek isleýärkäň, nädip baky ukyny Watan goýnunda geçirmek islejek däl?! Dirikäň – Watan ruhunyň, öleniňden soň – Watan teniniň bir parçasysyň. Sen Watansyz oňup bilmersiň, çünki, Watan Watan diňe seniň daşyňda däl, eýsem, içiňdedir hem. Şonuň üçinem, Watanyňy taşlap, hiç ýere gidip bilmersiň. Eger ykbalyň şum gelip, öülp, gaýyplyga öwrüleniňdeň soň, ýat toprakda Watandan aýra ýatyp bilersiň. Emma bu betbagtlyklaryň içinde iň uly betbagtlykdyr – ötmeýän, gutarmaýan betbagtlykdyr. Seniň garyp mazaryň ýat topragyň inine siňmedik düwün bolup galar. Sen özüňi ýitirmän., Watany ýitirip bilmersiň. Sen Watanszy oňup bilmersiň, emma hakyky kämillik şudur: şeýle bir kämillige ýet, goý, Watan sensiz oňup bilmesin! Bu beýik hem ümmülmez Watana dahyllydygyňy duýup bilseň, bagtyň suratyny görersiň. Watanyň mährini syz, Watanyň mähirbanlygyny duý, Watanyň söýgüsine sygyn! Kiçilikden ulaldýan, böleklikden bitirýän, parçalykdan tutumlyga ýetirýän Watana alkyş hem şan-şöhrat bolsun! Ululyk – Watana barabarlykdyr. Watan – ululyk çägiňdir. Hiç haçan Watanyňdan uly bolup bilmersiň. Dirikäň kalbyňy hem teniňi Watan mähri bilen ýylat, öleniňden soň bu mähir sowuk topraga ýaýrap, seni ýyly gujakda ýatyrar. Watan – ömrüňdir. Watan gözleriňde galar, sen Watanyň gujagynda galarsyň. Ölüm ýassygyňdakaň, gözleriň nurunyň öçýänliginiň sebäbi, gözleriňdäki Watan mähriniň paýawlap, közüniň ýürekde köreýänligindedir. Watan düşünjesi giňdir. Watan duýgusy çuňdur. Watançylyk edebi Watanyň nämedigine düüşünmekden we göz ýetirmekden başlanýar. Her bir türkmeniň kalbynda döreýän watançylyk duýgusy watan düşünjesine akyl ýetirmek bilen berkidilmelidir. Aslynda-da biziň milli okuw däplerimizde “edep bilime, ylma esaslanýar”, “esasy ylym, miwesi - edep” diýen ýörelge güýçlüdir. Munuň özi biziň hereketlerimiziň düşünjeler tarapyndan sazlaşdyrylýandygyny aňladýar. Oňat ylym oňat ahlaga, oňat ahlak bolsa oňyn hereketlere getirýär. Amal ylym, taglym tarapyndan kesgitlenilýär. Amal bilen ylmyň, düşünje bilen hereketiň, söz bilen işiň, pikir bilen ahlagyň birligine gymmatlyk diýmelidiris. Wastan gymmatlygy düşünje hökmünde azyndan üç gymmatlygy öz içine alýar. Waatan – birinjiden, Döwletiň; ikinjiden, Ýurduň; üçünjiden bolsa, Milletiň bir bitewilikde göz öňüne getirilmegidir. Döwlet Watanyň birinji jähetidir. Watançylyk Kasamy watançylyk edebiniň ikinji bir ulgamydyr

Köneler, BayramGara tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir