TÜRKMEN ÝAŞ ALYMLARYNYŇ III SEMPOZİUMU Ýaňy ýakynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Illinois ştatyndaky Çikago şäherinde adatdan daşary bir gün boldy. Gözel Çikagonyň merkezini bezäp oturan Intercontinental Otelinde, beýleki döwletleriň baýdaklary bilen bilelikde, Türkmen döwletimiziň ýaşyl tugy hem al-asmanda pasyrdady. Türkmen Ýaş Alymlarynyň 3-nji Sempoziumuna gatnaşmak üçin, dünýäniň çar künjünden gelen türkmen alymlary, bu ýere toplandylar. Açylyş dabarasyna Amerikanyň dürli ştatlarynda kandidatlyk ýa-da doktorlyk işini alyp barýan ýaş alymlar bilen bilelikde, türkmen ýaşlary üçin mekdep bolup ýaşaýan baýry alymlar hem gatnaşdylar. Ýaş Alymlar Guramasynyň gurujylaryndan biýologiýa ylymynyň doktory Kakajan Kömürow gurama barada gepläp, türkmen ýaşlarynyň ylmy kämilliginiň we üstünliginiň wajyplygy, olaryň öňlerindäki böwetler barada durup geçdi. Şeýle hem simpoziumyň harajatlarynyň, bütinleý türkmen ýaşlarynyň goşantlary netijesinde amala aşyrylandygyny nygtady. Dünýä belli türkmen alymy, matematika ylymlarynyň doktory Allaberen Aşyraliýewiň “men etmesem kim eder” diýen şahsy pelsepesi baradaky, Eýran türkmenlerinden professor Arazberdi Toumajyň geçen çarkandakly we kynçylykly ýoly dogrusyndaky, Tehas ştatynda ylmy iş alyp barýan doktor Jumageldi Jumaýewiň we Yrak türkmenlerinden Mahmud İzzat Mahmudyň ýaşlara beren öwüt ündewleri we olaryň Türkmenistanyň gelejegi üçin edýän işleriniň wajyplygy baradaky eden çykyşlary, ullakan gyzyklanma döretdi. Olar ýaşlara alyp barýan işlerinde uly-uly üstünlik arzuw edip, şeýle ýygnanşyklaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem, şunyň ýaly dabaraly işi alyp barýan we gurnamaga ýardam eden ýaş alymlardan Baýram Saryýewe, Ahmed Mamedowa, Turkmen Design şereketiniň alypbaryjylaryna we simpoziumyň esasy guramaçylyk işlerini alyp baran Merdan Kakajanowa minnetdarlyk sowgatlary gowşuryldy. Sempoziumyň ikinji gününde bolsa, Çikagonyň iň meşhur ylmy merkezlerinden biri bolan Northwestern uniwersitetiniň baş korpusynyň uly zalynda türkmen alymlarynyň çykyşlary diňlendi. Bu esasy konferensiýa güni, Irdenki, Gunortanky we Türkmen ýaşlary üçin täze perspektiwalar diýen üç aýratyn sessiýa boýunca aýrylyp baryldy. Irden başlan sempoziumy Türkmen Eýranly alym - professor Arazdordi Toumaç açdy we öz alyp barýan işi barada gymmatly maglumatlar berdi. Kök öýjükleriniň zamananyň ösen tehnologiki enjamlary bilen özleşdirilmegi barada alyp barýan işi, medisina ulgamyndaky gymmaty baradaky gürrüňler hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Professor Allaberen Aşyraliýew öz nobatynda bolsa, matematika ylmy baradaky gürrüňine, “matematika ähli ylymlaryň şasy” pelsepesinden ugur alyp dowap etdi. Ol sosiýal durmuşda matamatikanyň wajyplygy we türkmen matamatikleriniň taryhda galdyran ägirt yzlary barada gyzykly gürrüň berdi. Texas A&M uniwersiteniň türkmen professor doktory Juma Jumaýewiň bolsa, uky keselleri baradaky ylmy işi we Türkmen Lukmançylyk Institutynyň doktory Orazgylyç Orazgylyjowyň maşgala lykmançylygy baradaky we Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen deňeşdirip gürrüň beren işleri, diňleýjileriň göwnünden turdy. Irdenki sessiýasyny dowam etdiren Türkmen Politehniki Institutynyň uly mugallymy Arslan Zomow bolsa, energiýanyň Türkmenistandaky tygşytlylygy we onuň üpjünçiligi dogrusynda maglumat berdi. Ýaş alymlardan Perman Goçyýew, Türkmenistandaky ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary üçin taýýarlan öz proýekti barada gürrüň berdi. Biribirinden garaşsyz iki guramanyň alyp barjak işi we onuň peýdalary barada nygtan Perman Goçyýew, Türkmenistanyň ylym we bilim syýasatyna goşant boljak bu proýektiň dowam etjekdigini belläp geçdi. Fransiýada nebit we gaz barada ylmy iş alyp barýan Wepa Nazarowyň bolsa, Nabucco proýekti we onuň peýdalary, şeýle hem Türkmenistandaky gaz energiýasynyň tygşytlylygy we gaz eksportynyň gelejegi bilen baglanşykly statistiki maglumatlary uly gyzyklanma bilen diňlendi. Baýram Rahimguliyewiň türkmen edebiýaty, has takykragy türkmen romanynyň kemala gelmegi we geçen ýoly barada eden çykyşy hemmeler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Türkmen edebiýaty, onda-da türkmen romany barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ylmy iş alyp barýan Baýram Rahimguliýew, ilkinji türkmen romany bolan Hydyr Derýaýewiň Ganly Penjeden romany we onyň ykbaly barada gyzykly gürrüňler berdi. Gunortanky sessiýasyny dowam etdiren ýaş ekonomistlerimiz Hudaýnazar Atageldiýew we Bezirgen Weliýew bolsa, bütin dünýäniň pişe edinip gyzyklanýan ekonomiki çökgünlik we onuň sebäpleri barada statistiki maglumatlar bilen çykyş etdiler. Türkmenistan ekonomikasy barada hem durup geçen ýaş ekspertlerimiz, bu çökgünçiligiň Türkmenistana täsiri we nädip ýeňip geçmelidigi barada öz pikirlerini paýlaşdylar. Öz kandidatlyk taslamasyny alyp barýan Aman Gurdow, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky bilim sistemasy barada gürrüň beren bolsa, Gülşirin Orazowa Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlarynda ylymyň we bilimiň has hem ösdürilmegi barada taýýarlan proýektini hödürledi. Ýene bir guwanmaly çykyşlaryň biri bolsa, Turkmen Design şereketiniň gurujylaryndan Tahyr Alladurdyýew tarapyndan diňleýjiler bilen paýlaşyldy. 2016-njy ýylda geçiriljek dünýä olimpiýadasy üçin dalaşgärlik bäsleşige goşulan Çikagony tanatmak dogrusunda taýýarlan “Why not Chicago” (Näme üçin Çicago däl!) atly wideo proýekti bilen birinji ýere mynasyp bolan Caspian Media and Turkmen Design topary, ullakan alkyşa mynasyp boldylar. Türkmen ýaşlary üçin täze perspektiwalar sessiýasyny dowam etdiren Waşington uniwersitetiniň aspiranty amerikaly ýaş alymy Alva Robinson Merkezi Aziýaly Talyplar guramasy hakynda maglumat berip, türkmen yaşlaryna, daşary yurtda yokary okuw mekdeplerine üstünlikler bilen nädip girip boljakdygy barada peýdaly maglumatlar berip geçdi. Şeýle hem Aýnabat Ýaýlymowa Global Fond ulgamynda döredilen (Global Network Fund) Merkezi Aziýa Ylymlar Fondy barada gyzykly sargytlar bilen paýlaşdy. Sempozium, türkmen alymlarynyň şanyna taýýarlanan türkmen agşamy bilen tamamlandy. Dürli naz nygmatlar, we dürli-dümen türkmen tagamlary bilen bilelikde bişirilen türkmen palawy we gowurmasy, Amerikanýň Birleşen Ştatynda giňden ýazylan türkmen saçagyna giň öwüşgin berdi. Dünýaniň dürli künjeklerinden gelen yüz ellä golaý türkmen ýaşlary we ýaşulylary agşam naharyndan soňra, Türkmenistanyň gelejeginiň abat bolmagy, ýurdumyzyň abadançylygy we gözel ülkämiziň mundan beýläk-de has gülläp ösmegi üçin arzuw etdiler. Soňra bolsa, sempoziuma gatnaşyp, netijeli çykyş eden ýaş alymlara minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Gelejekki ýylda bolsa, däbe öwrülen bu Türkmen Ýaş Alymlar duşuşugy, IV simpoziumy üçin dalaşgär şäherleriniň arasynda Kolumbus, Nýu Ýork we Waşington DC ýaly ýerler teklip edildi. Guramanyň uly üstünlikler bilen alyp barylan bu çäreleriň soňunda bolsa, dünýaniň dürli ýurtlaryndan birara gelen ýaş alymlar, jem bolup ýädigärlik surata düşdiler. www.turkmenscholarsusa.org
TASA 2009
-
merdanmr
15 years ago
- waleýkim salam hoshowaz we beýlekiler!
Salam mamedow! Sahypa hoş geldiň!
Minnetdar bize ýetiren habaryň üçinem!
Bu geçirilen simpoziýum 3-njisi bolmaly. Ondan öňkiler barada-da giňişleýin habar almak we suratlaryny görmek isleseňiz şu ýere olar baradaky wideo we bu ýylkyň çagylygy üçin edilen mahabatnamany ýörite taýýarlanan wideony görmek üçin şu ýere basyň!
Begendim men-ä şeýdýändiklerine - berekellah!
Allah şeýle guramaçylyklary has göwrümli we has ussat ýagdaýda dünýäň her künjeginde dowam etdirmegi nesip etsin bizlere!
hoshowaz 15 years ago- Salam millet! Mamedov sanayam minnetdar goyan suratyn uchin, dort sany tanyshyma bar ekeni arasynda. gowuja syn etsem yene-de tanysh chykmagy mumkin...