salam talyp dostlar/uyalar!!! bu site`e ilki girip ba$lan wagtlarimda gyzykly temalar barada gurruň gidyardi. herhili temada belli bir standarty gorap, acyk yureklilik bilen gurle$yadik we gozyetimimi giňeldyan temalarda pikir ali$yardik.yumorda, ylmy temalarda, sosial durmu$ bn baglany$ykly temalar yali birtopar temalarda gaty gowy yazgilar cykdy we wagt tapanlygymdan gelesim gelyardi bu yere. soňky dowurde de yok dal beyle temalar yone samsyk gurruňler kopelip ugrady we yurek bulayan,turkmeniň edep-erkabyndan mahrum birtopar samsyk yazgilar cikip ugrady. bu site`e giryan hicbir talybyň bu yerik gelmek ya da gitmeklikde mejburiyeti yok. yöne meň durmu$ym yali köpumiziň hem durmu$y birmeňze$irakmika diyyan. talyplariň aglabasi da$ary yurtda, öz ene atasyndan,dost yarindan uzakda ya$ayar. bu yer belli bir derejede icimizdaki hasrat duygularyny payla$mak ucin gowy bir yerdi. yöne indi maksadyndan epesli diylen yali uzakla$dy. yazilyan kabir zatlari menä öz turkmenciligime sygdyryp bilemmok. indi bes etmek kararina geldim we ho$la$yan. $u site`iň maňa peydaly taraplary : durli durli temalarda gowy yazgilar okadym,bilmeyan maglumatlarymy ogrendim. ziyanlari: biderek yazgilar zerarly gaharlandym(beynime ziyan yetirdi).samsyk yazgilar azda bolsa wagtymy aldi we gynandirdi. meniň yazgilarim,comment`lerim sebapli gaty goren bar bolsa, bagy$lanma dileyan. sagboluň traveller
Hoşlaşyk
-
merdanmr
15 years ago
- Hoşlaşýaň şu wagt. Belki, ýene gelersiň.
Ýöne şuny aýdaýyn: eň ýaly agras, salyhatly, bilimli-sowatly we tejribeli agzalara hemişe-de mätäçlik bar şu sahypalarda! Munam ýatdan çykarma!
Ýokardaky 2-nji ýazgyny gowja oka. Soňam şuny örän möhüm ýagdaý hökmünde saňa aýdaýyn ýene 1 gezek:
Erbetlikleriň hemişe özüni görkezýän wagty, gowy zatlaryň hem hemişe usul we mukdar babatda özüne mahsus/degişli beýany dowam etmeli.
Şu ýagdaý üçinem, gelen kararyň ýalňyş maňa görä!
Ejizlikden däl, bizar bolmakdan diýip pikir edýän şu karara sebäp bolan ýagdaýyň! Ýöne "ejizledi" diýip bilerler. Töhmet bolar-la ol welin, ýene-de gowy däl-dä!
Meni diňleseň-ä örän peýdaly ýazgylaryňa dowam et. Adalatda-da degişli agzalara goldaw ber we goldaw talap et - iň amatlysy şolmyka diýýän!
Maňa düşünensiňdir we bärde galyp, tejribeleriňi paýlaşarsyň diýip umyt edýän!
-
MUKALTIN
15 years ago
- hak aydyan agam.menem pikrinize gosulyan.
-
muslimah
15 years ago
- hosh gal,howa ka wagt shu sayt biderek wagtyngy alyar,mene biderek temalary okamajak bolyan,yone ka wagt gaharyngam getiryar,natjek,her zadyng erbet we gowy taraplary bardyr,bu sayt hem edil sheyle
durmushyngda ustunlik arzuw edyan
-
hakykat1
15 years ago
- turkmentalyp saglygyn okamany bes etme turkmendenem senin yaly talyp chyksyn ustunlik sana.
-
traveller
15 years ago
- merdanmr
dogry aydyan yone site`e belli bir derejede kontrollik hem gereklimika diyyan. eden etdilik bolda halys.
her kella geleniňi yazmak, freedom of speech`iň ichine girenokmyka diyyan.$u yerdaki yazilan kabir zatlari görüp, hayran galyan. biz $eyle ahlak taydan pese gacdykmy diyen pikir kella gelya.
turkmen oglanlara geli$enok beyle yagdaylar.
okayan yerimde yasama da bolsa sypaycilik,guler yuzlilik, ozgelerin gownune degmezlik yali hasiyetler adamlarda bar.
aslynda yokardaky hasiyetler(sypaycilik,mylayimlik,ozgelerin hak hukuguna hormat yali hasyietler) turkmenimizi beyleki milletlerden tapawutlandiryan hasiyetlerdi.
yene yekelik hem bolsa okuwym bilen bolip icimi humledip gezibermekci indi. barik gelemde de uytgeyan zat yok.gaytam kelle agiri bolya shonun yali yazgilari okap.
saglygyňyz
-
traveller
15 years ago
hosh gal,howa ka wagt shu sayt biderek wagtyngy alyar,mene biderek temalary okamajak bolyan,yone ka wagt gaharyngam getiryar,natjek,her zadyng erbet we gowy taraplary bardyr,bu sayt hem edil sheyle
durmushyngda ustunlik arzuw edyanmuslimah | 2009-06-04 05:53:40
sagbol muslimah dost
sana da ustunlik arzuw edyan
turkmentalyp saglygyn okamany bes etme turkmendenem senin yaly talyp chyksyn ustunlik sana.hakykat1 | 2009-06-04 05:56:50
hakykat1 dost
turkmentalyp basga bir agza bolmali.men traveller.sagbol dileglerin ucin.sana da ustunlik arzuw edyan islerinde,okuwynda.
nesip bolsa 2-3 yildan dolanip bararis ata watanymyza we durmu$ yolunda du$u$mak nesip eder en$alla
-
hakykat1
15 years ago
- durmush,okuw ykbal seninki ,hemme zat ozune gerek elin gelsin dogry edyan biram bir peydalyrak zat etse shoncha gowy,gynansakda bu yerdaki agzalar seni saklamana haky yok hich hili oka dost men sana guwanyan saglygyn.
-
merdanmr
15 years ago
- minnetdar, traveller!
Seret, bäriniň adminleri bar. Gerek bolsa sanawyny goýaýyn şu ýere?!
Olaram hemişe gelip duranoklar. Biri-hä seň edeniňi edip gitdi, hatda.
Ýöne olaryň online bolmaklaryna gerek ýok. Biz agzadyr myhmanlara görünmän edip bilýäler etjek zatlaryny, meselem, paýyş sözli ýazgylary pozmak ýa birini banlamak we ş.m.
Indi, sereden bolsaň, Oýlanmanyň giren jedelli, söwünçli köp ýerinde degişli agzalar boldy edýändir. Höre-köşe etseň, hakykaty ýaşy uly hökmünde maslahat berseň, onda agzalarama/ýaşkiçiler hem tutýarlar.
Senem şonuň ýaly güýçli bir agza. Sen gitseň, ol gitse, bu gitse, onsoň agzalar näme etsin?! Öňem-ä sizlere buýsanyp ýörüs! Sizem gitseňiz, biziň halymyz niçiksi bolar, hä?!
Beýtmäň-dä bir! Ine, türkmenler 1 bolup bilemzok onsoň. Sähel ýa-da düýpliräk bir zat bolsa-da, tasanjyrap çykyp gitmek bilen bolýas! Munymyz-a bolanok, dost!
Mümkin, entäk köp zat ýazylar....
Maňa dogry düşünip, agzymyzy bir ederis diýen umyt bilen!
-
merdanmr
15 years ago
- ha-ha, men hem turkmentalyp-y biri bilen meňzedýän, ýöne saňa meňzetämndim, dogrusy :)
Buýsanýan seň ýaly mastera edýänleri daşary ýutlarda! Gitseň-gitmeseň üstünlik hemraň bolsun okuw we iş durmuşyňda!
Aý, nesibedir, belki, bizlerem bir gün görüşeris, belki, bolýan ýeriňde, belki, Türkmenistanda!
-
traveller
15 years ago
- merdanmr
:)
sagbolun.nesip bolsa in yakin wagtda goru$eris diyip umyt edyan. belki de 2 ayin icinde :)
saglygynyz
-
merdanmr
15 years ago
- 2 aýyň içinde görüşeniň görüşeniň, ýogsam men hem dereksiz boljak onoň :)
aý, bu gaçyp aýlanyp ýörşüň bilen men-ä saňa ynanamok :)
gaçak, diýsänim :D
seňem saglygyň!
-
dereksiz
15 years ago
- merdanmr 2 aýyň içinde görüşeniň görüşeniň, ýogsam men hem dereksiz boljak onoň dost name men ustumden guljek bolup yazdynmay shuny...name boldugy dushunmedim....
-
traveller
15 years ago
- yokhow agam gacak dala biz. :)
surpriz etjek size yakinda.shonda diyersiniz wiyy, traveller senmi diyip :)
-
merdanmr
15 years ago
Indi, sereden bolsaň, Oýlanmanyň giren jedelli, söwünçli köp ýerinde degişli agzalar boldy edýändir. Höre-köşe etseň, hakykaty ýaşy uly hökmünde maslahat berseň, onda agzalarama/ýaşkiçiler hem tutýarlar.
şu ýere ýalňyşrak düşünip bilersiňiz, ine dogrusy:
Kä agzalaň söwüşýän ýerine Oýlanma girip, kiçileri daş edip ýaraşdyryp gaýdýar, sögünçleriň durmagyna sebäp bolýar. Alla ondan razy bolsun!
Traveller, indi sen ondan galýarmyň?! Dawaý, uruşsana şoň bilen - Hudaýdan gorkýarmyň ýa Oýlanmadan?!
ha-ha-ha, garagoldyryn men hem kämahal :D
-
merdanmr
15 years ago
merdanmr 2 aýyň içinde görüşeniň görüşeniň, ýogsam men hem dereksiz boljak onoň
dost name men ustumden guljek bolup yazdynmay shuny...name boldugy dushunmedim....
dereksiz
Dereksiz, men trawelleriň ýaşaýan ýeriniň töwereklerinden. 2 aý soň men doly watanymyza dolanmakçy. Gaýdybam yzyma geljek däl! Şu iki aýyň dowamynda meni tapmasa, ondan soň menden derek tapmaz ol diýjek boldum!
Saňa ýalandan-çyndan gyşyk zat diýen däldirin!
Ýöne şoňa garamazdan, seň ýalňyş düşünäýjek ýagdaýyňda ýazanym üçin, senden ötünç soraýaryn!
Gaty görme, dost!
-
merdanmr
15 years ago
yokhow agam gacak dala biz.
surpriz etjek size yakinda.shonda diyersiniz wiyy, traveller senmi diyip
traveller
"aldapdyr hojaguly" bolmasyn bar-a :D
Öňem satanyň bardyr meni :)
Hany, sabyrsyzlyk bn garaşýan maňa surpriz etmegiňe :)
-
traveller
15 years ago
- yok men gorkyan adamym yok yone indi gitmeli wagt boldi. okuwam strese sokup ugrady bu gunler.belki ileride yene dolanip geleris.
-
merdanmr
15 years ago
- eý, şu ýere birem "ayroplan" gerek ekeni, bolmasa btp-ni hem getiräýeliň :D
Okasa-ha güler bärini erbet edip :)
-
traveller
15 years ago
Hany, sabyrsyzlyk bn garaşýan maňa surpriz etmegiňe merdanmr | 2009-06-04 06:26:44
hokman nesip bolsa:)
-
merdanmr
15 years ago
yok men gorkyan adamym yok yone indi gitmeli wagt boldi. okuwam strese sokup ugrady bu gunler.belki ileride yene dolanip geleris.traveller
Şeý diý-how, "ýogsam, şol eje-eje diýjek bolup dursyň" :D
-
dereksiz
15 years ago
- merdanmr dost yalnysh dushunipdirin ay bor zyyany ....gaty gormedim......
-
merdanmr
15 years ago
- sag bol, derekiz!
-
merdanmr
15 years ago
- bagyşla, dereksiz bolmaly!
-
traveller
15 years ago
- ойланма dost
sagja bol.hawwa kan girmage el degenok okuwdan yana. nesip bolsa yene geljek bolarin elim degdiginden.
hemmelere ustunlik arzuw edyan
merdanmr 15 years ago- Salam ýene bir gezek, Traveller!
Bir ýerde örän oňat ýazgy gördüm, ony şu ýere geçirmek gowy bolsa gerek.
"...Mowzuk boýunça-ha bolmaz welin, ýene-de bir-iki zady hem ýatladyp geçeýin:
1- Dini ýazgylary köp sanly agzalarymyz okaýandyr, ýöne pikir bildirme taýdan kän işjeň/höwesjeň/aktiw däldirler. Munyň aýratyn sebäbi bardyr, ýagny, säwlik bolsaýsa örän jogapkärçilikli iş diýen pikir bn ýazýan däldirler. Bu seni yhlasdan düşürmesin we şeýle ýazgylaryňa dowam et! Çünki, hiç kim jogap ýa pikir ýazmasa-da, okaýan köp sanly agzadyr myhmanlar bardyr we Allah hem görýär. Hiç bir amalyň netijsiz, ýagny, sogapsyz ýa jezasyz galmajagyny ýene Biribaryň Özi Zilzal süresiniň soňky 2 aýatynda hem bildirenine görä, netijesini, gazandyrjak sogaplaryny hem pikirlenip ýazyber!
2- Seniň degişli ýazgylaryňa närazylyk bildirilýän bolup biler aram-aram. Şu halatda saňa şuny ýatladaýyn:
Türkçede bir söz bar:"Gowy zatlaryň/ynsanlaryň zyýanly päsgelçilikleri/duşmanlary köp bolar" diýip. Türkmenlerde hem:"Miweli agaç daşlanar" diýip bir nakyl bar. Miweli ynsanlaryň paýhasly maslahatdyr edýän haýyr amallarynalaryna gelýän zyýanly daşlar, olary ruhdan we yhlasdan düşürmez we düşürmeli däl! Erbetlikleriň hemişe özüni görkezýän wagty, gowy zatlaryň hem hemişe usul we mukdar babatda özüne mahsus/degişli beýany dowam etmeli.
3- Eger bir agza/ynsan/gyz/oglan/zenan bir zada sözüň doly manysy bn ýa belli möçberde hem wekillik edýän bolsa, oňa-da garşy çykýanlar ýa çykmak isleýänler bar bolsa, onda onuň edýän her bir herekedini, aýdýan her bir sözüni, ýazýan her bir ýazgysyny ürç edip synlarlaar, diňlärler we okarlar hem-de sähelçe säwlik tapsalar, onda ony hemmelere jar ederler. Şol sebäpli-de, din babatda wekillik edýänler (özleriçe bu beýle bolman biler, ýöne agzalar olary şeýle bilýärler - bulam hakykat) Pygamberimizi (SAW) görelde alsalar iň amatlysy bolar bu we hemme ýagdaýlar üçinem!
Ýokardaky goýan ähli ýazgylaryň we ýazýan peýdaly mowzukdyr ýazgylaryň üçin, Allah senden razy bolsun! Ähli ýazgylaryň üçin, berekellah! Näçe telpek goýsaňam azdyr! Yhlasyňa-da, berekellah!
Galamyň ötgür, ähli haýyr amaldyr dilegleriň kabul bolsun! Biribar senden razy bolsun we Öz jemalyna tomaşa edýän Pygamber goňşusy bolan salyh bendeleriniň hataryna goşsun!..."