Akmyrat Gürgenli Taryh ylymlaryñ kandidaty goliarne@ýahoo.jom 1925-nji ýyldaky Jemhuriýet ugrundaky gozgalañ basylyp ýatyrlandan soñra Türkmensährada bolup geçen käbir halk hereketleri (Annageldi Ajyñ, Aşyr Kütiniñ, Meredalynyñ hem-de 1926-njy ýylda Marawadepedäki ofiserleriñ gozgalañy barada) Annageldi serdaryñ gozgalañy Türkmen halkynyñ öz ykbalyny özi kesgitlemek boýunça Osman ahunyñ ýolbaçşylygynda alyp baran uly möçberdäki gozgalañy 1925-nji ýylyñ oktiýabr aýynda, Eýran goşuny bütin Sährany basyp alyp, Kümmetgowuza girenden soñ togadylýar. Emma Tahranyñ ýaraglary ýerde goýup, büs-bütin boýun bolmalý hem-da maldarlara ondan-oña göçmegi gadagan edýän çagyryşlaryna gullak gabartmadyk Türkmenler bu gezek Kelteleriñ «Aç» tiresinden bolan we Sallahda oturan Annageldiniñ töweregine ýygnanşýarlar. 1917-nji ýylda Orsýetde Bolşevik ynkylaby ýeñiş gazanyp, ruslar Kümmetgowuzdaky «komisýon» edarlaryny terk eden wagtynda Annegeldi ol ýere çozup, bir topar ok-ýaragy eýleýär. Ol soñra Hojanepese çozup gelen seheng Fezel-ulla Zahediniñ (asly äzeri) goşunynyñ öñünde-de durýar. Sallahyñ aşak ýanynda gazaply atyşyk bolýar, şonda Eýranyñ goşunyndan 10- larçasy heläk bolýar. Olaryñ ölen ýerleri belli bolup durýardy, ýöne soñ-soñlar ol ýerler sürüp, şol wakadan nyşan galmadyga meñzeýär. Başa-baş söweşde Annageldigini alyp bilmejegine göz ýetiren režim, hemme ýerde boluşy ýaly namartlyga baş goşup, Annegeldiginiñ köne dosty, Yraza şanyñ döreden žandarmasyna goşulyp, naýip (ostowar) derejesini alan Hojanepesly molla Söýüni Niýazy onuñ kasdyna çykarýar. Naýip, bir zady 2 maslahat etmek üçin Annegeldini Gargy obasyna çagyrýar. Şol bir wagtyñ özünde-de obanyñ gaýra ýanyndaky jarlarda 10 sany ýaragly žandarmy goýýar. Gepleşikden soñ, Naýip, Annageldini ýola salmak bahanasy bilen şol žandarmalaryñ bukuda ýatan ýerine eltip, şol ýerde hem atyp öldürtýär. Bu wakany ençeme ýyllap Annageldiniñ ýanynda söweşen Jeññel Kelte ölmezinden biraz öñ maña gürrüñ beripdi. Ännegeldi Keltäniñ ýoldaşy Jeññel Keltäniñ ýatlamalary (Dilinden alynşy ýaly ýaly, ýazga geçirildi):1 «Goşunyñ (Yrza şanyñ-AG) gelýänni eşidip, hemme Türkmen, Atabaý, Jafarbaý jem boldy. Onsoñ, «Garasuwdan» munuñ öñünden bardyla. Garasuwdan atyşyp-atyşyp tä Hojanepese çenli atyşdyla, şu bilen. Ondan Hojanepese gelendensoñ, osom, bi, her kim dargady, «Sallaha» gaýtdyla. Ýaşullar hemmesi birigip Sallaha gaýytdyla. Sallaha geldiler gürrüñ etdiler, mundan oham giýç öýlärräk, Hojanepseden Sallaha hereket etdile. Leşkerlerden, munda-da şo jaryñ içine dolup, hemme kişi aty goýup, piýada düşüp, şonda, mudan [hökümet goşuny-AG], garaz ýüze golýaý bir şeýle aldylar, içinde bir permandarmy, bir derejedar-da bar. Ännegeldi-da şony edip ýören. Soñra osam giýje-däni ýene-de geldi bu pilemutli, ilerden geldile. Gelende bu, Nepes serdar-da bar, bu ýaşullar: «Bu eýgertjek däl, Annageldi han, sen näme bolsañ özüñ bol, biz-ä indi muña teslim [boýun] bolmasak başga çäre ýok» diýdile. Ännegeldi: «Men teslim bolmaly däl, tä, ahyr demime, milletimi berýänçäm» diýdi. Giýje mundan osam pilemutli kän tüpeñleşdile, osam çykdyk mundan, Ännegeldi aç çykdy. Baryp Altyna bardy, Tokmaga [Altyn Tokamk. Gargy obasynyñ gaýrasynda- AG], şonda oturdy bi, oham, döwlet bilen garşy boldy-da şytada bi. Bu muña gatyrrna bilmedi, ol oña gatyrna bilmedi, şondan, özüni 1 Bu ses yazgını merhum Jeññel Kelte sırkaw yatırka Kümüşdepe 1984-nji yılda Gürgen radiosynyñ işgäri Muhammet Kuçeki yazga geçirip, bir nusgasyny maña sowgat edipdi. AG 3 saklady bi. Ondan soñ myny, Garaga, Ännegeldini Naýip2 isläp: «Şu taýda gürrüñmiz bar gelsin, sataşjak, bir gürrüñ etjek diýip» Molla Merediñ öýünde, Gargyly molla Mered, Kör. Şonda nahar idile, çaý işdik, daşary çykdyla, bile gürrüñ etdile. Şondan soñ diýdi [Ännegeldi]: «İşi bolan Sallaha gitsiñ, beýlekä gitsiñ, meni Naýip ýola saljak, az işi ba» diýdi.3 Aldapdyr-da muny, garaz. Ondan soñ biz-ä dargadyk, Sallaha geldik. Bir topar atlylar Sallah-da galdy, bir topar atly Gargy-da galdy, bir topary otak-bitak ýaýrady-da, ýanynda bir Jöwher Kelte bar, bir-da özi, başga adam-da ýok munda. Naýibi alýa, gidýä bula. Bula şu ikinniden öñinçik Ännegeldini wupdyrla, bu emniýe bile. Mömünjik-de bi. Gargyñ gaýra ýanda. Şondan osam muny ikinniräk, biziñ Gargyda inimiz bardy, dogan oglanymyz, Sallaha geldi: «Ännegeldi atyldy» diýýä, Esen tebip-da, hemmeler-de Sallahda-da, «Änngeldi wurlupdyr, şujüre teleke iş bolupdyr, bizi, wah ýandan kowup aýyrdy-da, bagty ýatypdyr». Şondan soñ gürrüñleşip biz atlandyk. Garga ugradyk, Omçalyñ bäri ýanda Isa hajyñ ogly Azim diýýä Pañ, ol diýdi: «Ännegeldi-de urludy, Jöwherde urludy, bu taýda ikisi bardy Ýarjan Kelte bilen Çöwher-de uruldy. Soltanmäd Şirhan (hökümetiñ Omçaly obasyna Türkmenlerden bellän wekili bolmaly-AG), bular-da geldi, «Şumat siz yýzyñyza dolanyñ» diýdi. Şondan osam biz Mömünjige baryp, Tokmak-depede Ännegeldi bilen beýlekileri jaýladyk, Altyn ilerkisi, Tokmak gaýrakysy- şonda muñ mazarçylygy, daña çenli şony jaýlap, ondan erti-de muñ (Eýranyñ-AG) serbazi, beýlekisi, emniýesi geldi. Biziñ bilen atyşa-da bilmedi, ýöne saña gara berip duw, hoo daşda. Ýaşullar (Türkmen ýaşullary, Mämet ahun, Meljan han we...AG) gelip: «Siz bir şundan çyksañyz, ýene bir ysla bolmaklygyna (ýaraşyk-AG) ýene bir zada gowý boljak.» diýdiler. Oham biz: «bolýa» diýip, biz çykdyk şondan. Obadan çykdyk 2 Irza şanıñ gullugına geçen- žandarma ostuwary, molla Söýün Naýip Niýazy. Oña bitiren bu «uly hyzmaty» üçin, hökümet tarapyndan köp mümkinçilik berilýär, soñra Türkmenleriñ öç almagyndan gorkup, olar häzirki Bendertürkmeniñ günortasyndaky Naz-abat- diýen obasyna göçürilyär we häizr bu oba şol ady göterýär. Naýibiñ nebireleri Kümmetgowuzda ýaşaýarn bolmalý. Bir gezek, Annageldiginiñ agtygy ýaş oglan, bir hat berjek bahansy bilen oña ok atýarö emma Naýibe degmeýär. 3 Bu waka 1928-nji ýylda bolmaly 4 hemmämiz, ýesir (aýal-ebtat- AG) bolsa o-da çykdy, aýryldy, haryja geçdiler, orsa geçdile (Türkmenistan bolmaly-AG). Biz oham Eýran serhedine ýola düşdük. Bize Ännegeldiniñ ogly Çopan batyr ýolbaşçy bolup, Soñy daga ugradyk. İndi biz bu taýda düýrmeli boldyk-da. Elimizde bäş-atar, on-atar, üçatar, muzzur, gama, gylyç ýaly ýaraglar bardy. Biz bilen giden oglanlardan: Esen tebib, Salyh, Safa, Gynjal, Gylyç, Maşatguly, Söýün gançy, HaýdarÄnnegeldi ajyñ ogly, Nurgeldi- Ännegeldi ajyñ ogly, Garja Kelte, Amanjan Kelte, Tuwakgylyç Kelte, Erejep Sakawy, Aman Garrawy, gylyçnyýaz Garrawy, Gökje Kelte, Amanjan Düýeji, Jepbar Magtymy, aý indi kän küýüme düşmeýä. Wagt geçdi-da muña. Şo wagtlar bolsak 24, 23, 25-e baran däl bolsak gerek. Çopan-da menden bir ýaş kiçi, o-da 23, 24. Molla Çopan diýýärdile-da oña. Şondan Soña ugradyk. Soñy, daş-da bi. Ýolda «Gara Mahyr» diýýä, bir baý adam, bir topar ýaragly adamy bardy. Gara-Mahyryñ guýsynyñ häzir-da ady ba. Şonda-da çaý-nahar edinip, öýläni okap ugradyk Soña. Barşymyza, ýolda oña ýete bilmän ýene gijesini «Poslañ» çeşmesi diýýä, soñyñ bäri ýanna. Ertir-de çaý-saý içip, Soña ugradyk, günortan bardyk. Çeşme ba, «Aba saryñ» çeşmesi, başyndaky öýüñ ýaşulsynyñ ady Kadyr baý, şonda baryp düşdük. Şondan bir 7-8, 10 gün, garaz bökdenip, «Ýelliñ» dagyna bardyk. Soñy dagdan-da añyrda. Orsyñ grenisiniñ (araçäginiñ-AG) öñ ýanynda. Bi-de, Soñy-da, orsyñ grenisi, arkasy Şureviñki, ilersi Eranyñky. Şonda «Käriz»-de posty bar. Şo tak baryp, indi biz gaçyp ýören adam-da biz. Ölüm bolsa, zulum bolsa düşüpdir, Soñy-da, «Ýelli»-de, otaýda urşamyzak. Şo taýda 10-12, 15 gün ýatyp, bärik gaýtdyk, Sallaha. Ýolda «Öýlik» (Oyluk bolsa gerek-AG) diýýän ýerde düşledik- Aktokaýdan-da añyrda. Yrazañ nökerleri-de emniýesi bar, žandarmasy bar, sahip-mensepleriniñ adyna birine Pete-leşger diýýä, Pete-leşger şol Soltanmäd Şir han, taýpasy Gojuk. Öñümizden pilemutli geljek diýip bize habar berdiler, şundan geçjek şu giýje. Dañdan pilemutly urdular, jeñ etmäne durduk tä günortana çenli. Bize-de olara kär ede bilmedik, olar-da bize kär edebilmedi, bizden bir at öldi. Ondan-da 5 bir emniýesi ölüpdir. Başga birzat, kär bolmady. Biz ondan çykdyk, gaýytdyk bärik. Dogry Garrawlar-da, Gara-meşiklerde, o-taýda bir çaý içip- Aktogaýda bolýa. Soñra geldik Gara-Mahyryñ guýsyna. O-taýda bir ýataka-da erti, giýçöýlän Sallaha geldik. Sallahda-da şoñ (hökümetiñ-AG) reýisi ba, Durdy Çagkja diýýä (Çükgänlerden- Bendertürkmendäki Dr. Durdy Çükkän şonuñ at dakylany bolmaly-AG), emiýeleri ba, bular bilen tüpeñleşip-tüpeñleşip, garaz emiýesini-ä aýyrdyk, Çopany-da şonda urdurdyk. Sallah-da urdurdyk. Reýisiñ özüni-de urduk, Gürgeniñ içinde uruldy Durdy, emniýelerini-de aýyrdyk aradan, bizden bir şo gitdi. Çopan gitdi. Ondan-da läşimizi alyp, atasynyñ ýanyna getirip jaýlap, ýene çykdyk, gitdik Soña. Onda, Soñy-da ýatyrkak Molla Nazdurdy ýomut Kümmetdäki Harlardan, Meljan han-ata, Mämed ahun-da şo wagt wekil, Daz: «Bizi ysla edeýli» diýip, çagyryp, getirip, şondan ysla bolduk. Ysla bolanymyzdan soñra 10 gün ejaze alyp, ýesirlerimizi Orsýetden alyp Eýrana geltirdik. Teslim bolduk. Bary meñ bilýän zatlam şi. Meljan han-da bolsa biziñ zyddymyza işlän, şol wurşda, ýöne bizi ysla eden şi Mämed ahun boldy, Meljan han, Molla Nazdurdy ýomut, olar-da biziñ zyddymyza, biziñ bilen tüpeñleşýän adam, şola. İndi mundan ýokary giderim ýok. Ondan soñra teslim bolduk-da. Teslim bolup şol Düýeji-de (Akgala bilen Kümmediñ aralygynda-AG), şonda pena bolduk biz. Şondan bäri Sallaha gelmedik, Sallaha gelmänime, ýedi ýyl boldy, oglanlar okysyn diýip, Kümüş-depä gelip oýurdym.» Jeññel Kelte ýatlamasynda Annageldi aja we onuñ ogly Çopan serdara goşulan goşgulary-da okap berdi. Naz-abatly Meret şahyryñ Annagedi-a goşan goşgusy: «Eşdiñ iller Ännegeldi batyryñ, At demine kapyr çapan batyrdyr. Batyrdyr, söweşde çykar hünäre, Ganym kellesinden gaýyran mynary. 6 Päliwandyr ýykar beýik çynary, ..... .....4 Pilemut bilen dogry depen batyrdyr. Ýazgu berse çagyýr kadyr allany, Tymsal özün, müñe bermez pelläni. Dopulanda bilmez topy, gülläni, Ýeri gelse ýeke gapan batyrdyr. Münewer döwleti, dünýä ... At-ýarag goýanda, göwni, hyýaly, Ozalyny gören nikaly aýaly, Dört dürli al ýañk öpen batyrdyr. Ulugul bolsa uly, ulugymyñ başy, Ondan razydyr, ýakyny, daşy, Annatuwak garnybir gardaşy, Reşitlik nazmyn tutan batyrdyr. Aýdar Meret ýüwrükdir onuñ aty, Taýpasy Keltedir, Açdyr öwlady, Bir kişiniñ perzet dogum myrady, Pedereş5, Molla çopan batyrdyr. ************ 4 Ydına düşmedik bentler 5 Parsça sözö atasy dimek 7 Akgalaly Ata-daglynyñ ogly Molla Esen diýen şahyryñ Çopan serdara goşan goşgusy: «Goçagyñ goçagy, merdiñ merdi señ, Guwrdyñ çagsy, Üsrlem-Zal, Çopan. Aglanyñ arkasy, azanyñ ary, Göñde aýyrpalan, ýerde saal çopan. Çopan pähimli bol dinýä bi-wepa, Eneden-atadan, gardaş, düşdüñ-da juda. Ýokarsy Soñy, aşagy derýa, Bir gije-de aw salady Üsrlem-Zal, Çopan. Baky dünýä senden göwnüm yşanmaz, Bile taýýar guşak guşanma, Müñden teşviş etmez, birden işenmez, Söweş güni müñe taýdyr, Üsrlem-Zal, Çopan.» ************ Sallahyñ ot berilişi baradaky goşgy: Sallah-da Zahediniñ goşunyna urlan zarbanyñ öjüni, hem-de halkyñ gözüniñ oduny almak üçin, polkovnik Timurtaşyñ buýrugy bilen oba otlanýar. Şol waka barada goşulan goşdy6: «Eý aglar Sallah waspyny aýdaýyn, Üstünden döwrany ötdi, Sallahyñ. ............................................. Adý galyp, özi gitdi sallahyñ. 6 Bu goşguny 1985-nji ýylda Uly Aryk obasyndan Atakaka ogly Elýas Güliniñ dilinden yazyp aldym, ol goşgunyñ doly ýadynda galmandygyny belläp, ýadýnda galan käbir böleklerini aýdyp berdi. 8 Gara kapyr «otlañ» diýip buýurdy, Nyşan goýman, şondan zadyn aýyrdy. Gazapla beýik tamlar söküldi, Talañ wurup, arpa-bugdaý çekildi, Ýedi-şorda gyzyl artmak syýryldy, Aşak ýannda bir sap goşun gyryldy. Gaýrasy Balkandan ötdi Sallahyñ, Ady galyp, özi ýitdi Sallahyñ. Oturdylar Ännegeldi başynda, Gün ýaşansoñ, kapyr aldy daşynda. ....... Annageldi ajyñ Jüneýit hana ýardam berişi Jeññel Kelte öz ýatlamasynyñ dowamynda Jüneýit hanyñ Eýrana geçişi we Annageldiniñ oña ýardam berişi we bu ýerde bolan wakalar barada şeýle gürrüñ beripdi: «Han Jüneýit orsden çykyp bi tak ýaşamaga geldi. Halat-nebiñ gaýrasynda «Üç-guýy narly» diýýä, şonda gelip oturdy. Soñ Jüneýit han, ýoldaşy Şaltaý batyr bilen Gürgeniñ häkimi “serdar ejel” diýýä, Hekimiñ ýanyna bardy. Mende bardym. Şonda Hekimi: «Ýaraglary beriñ» diýdi. Jüneýit bolsa: «Biz ýaragy berip, ýaşa bilmeris, ýöne ýarag elimizde galsa, biz haryja bilen, ors bilen bolsun her ýer bolsun, urşmaly bolsa-da urşarys» diýdi. Onda ok-ýarag diýseñ bol, gorhanasy tükel, özüniñ-da 600-700 atlysy ba. O-da bir döwlet. Yrzanyñ goşuny olaryñ üstüne aýlandy. Jüneýdiñ ýoluny bogdula, Gökleñ ýoluny-da bogdula, 9 Kümmet tarapyny-da bogdula. Muny hiç ýaña çykarmadylar. 7 Sekgiz günläp gabaw boldy, Jüneýdi hiç ýere goýbermedi. Ahyrynda şanyñ goşuny gyssanyp, Jüneýdiñ üstüne çykmaly boldy. Tüpeñleşmäne durdular, ertirki atyşandan tä ikinni-ne çenli muny halas etdiler (şanyñ goşunyny ýeñdiler-AG). Han Jüneýit şuñ (Eýranyñ-AG) müñe golaý leşgerini gyrdy. Biz-da şoñ içinde. Bi-da (Jüneýit han-AG) Ännegeldi bilen kök-dä. Biz-de kömek berýäs-dä. Şo taýda muny leýis etdiler, gyrdyla. Yeñi Türküstan žurnaly.1928. Sep, 2.ýyl. san 2-3 Şanyñ dargan goşunyndan ýarag aljak bolanymyzda Jüneýit diýdi: «bir oka-da el degirmäñ, ata-da el degirmäñ, meñ özümde ýarag-da bol, hernäme isleseñiz men-de bar, şuña el degirmäñ» diýdi. Şo wagt şi Mämet ahun ertsi bardy Jüneýdiñ ýanyna. Durdugylyç han bar, garaz kändi, ýaşuly adamla. Şuny bilmedim, nädip aldady, ýogsam Jüneýit ondan gorkýan zady ýok- ýassyn Jüneýit Owgana tarap ýola düşdi. Ännegeldi oña kömek etmäne 10-15 atly 7 1928-nji fevralında 2473 nomerli Astrabadıñ häkimi, seheng Hekimiñ, içeri işler ministerligine yolan telegrammasında, Jüneyit hanıñ garşısına goşun iberilendigi hem-de bir sanı uçarıñ Kümmetgowuza gelendigi hakında maglumat berilip, Egri bogazdan Jüneyit hanıñ adamlarınıñ ıyza serpikdilendigi habar berlipdir. (Eyranıñ mekezi dokumetler ahivinden) 10 berdi, men-de bar, Owgana ýola düşdük. 20 gün ýol ýöräp, Owgana aşdyk. Bizi üç aý saklady, hezzet-syýlag etdi. Ýene Eýran serhedine girdik, indi biziñ gaýgymyz ýok, biz näme ýä ölmeli, ýä öldürmeli, başga gürrüñ ýok, maslahatlaşylgy-da. Şo bilen biz Altyna geldik. Kötükli Aşyr hanyñ (Aşyr kütiniñ) gozgalañy 1928-nji ýylda Annageldi serdar öldürlenden soñam halkyñ eýran hökümetiniñ we onuñ ýerli dikmelerine garşy ýigrenji köşeşmän, tersine artýär. Ylaýta-da Omçaly obasyndaky harby häkim: «Bir gün ýaraglary beriñ, bir gün salgyt beriñ, bir gün mekdebe geliñ, bir gün goşuna ýazylyñ» diýip, adamalra azar baryny berip başlaýar. Kümüşdepede bolsa Borjak Kelte, Muhammet Gyzyl we Aşyr diýen ýigitler, nyzamy hökümetiñ binasynyñ öñünde atylýar. Gargy obasyndan Nuraly Kelte, Alymäd Kem, Omçalydan Köçek Kör, Rum Rumy we İljan dagy atylyp öldürilýär. Şeýle ýagdaýa çydap bilmedik, Aşyr diýen ýigit, hökümetiñ žandarmalary bilen söwşe girişýär. Birnäçe wagtdan soñ, ol Omçaly obasynyñ ortasyndan geçýän Gürgen derýasynyñ üstünde gurlan agaç köprüniñ ýanynda gabawa düşürilýär we şol ýerde hem ýaralanýar. Kötükli Gañyrmalardan Annagurban aganyñ 1984-nji ýylda maña beren maglumatyna görä ol soñra Türkmenistana aşyrlyp, şol ýerde bir keselehanada aradan çykypdyr. Aşyr kötüniñ batyrlygyny wasp edip, düzülen bir goşgy: «Dañ säherden geldi almanyñ kasdyna, Tüpeñ urdy ol Kötügiñ üstüne. Degipdir Aşyr hanyñ destine, Alla saña ýaran bolsun Aşyr han. 11 Jafarbaýyñ içiniñ sendir batyry, Alladan özge ýokdur hatary, Batyrlykda, mejnunlykda beteri, Meret-da puştyñ-da bardyr Aşyr han. ********** Şir Meredaly Gökleñlerden bolup, Körler-Örjenli obasynda önüp-ösen, Yrza şaha garşy bolup “Goşa suw” dagyna çykan, Meredaly soñra namartlık bilen aladawa düşürilyär. Bolan atyşykda ýaralanyp, Kümmetgowuza ýetmänkä aradan çykýar.8 Meredalynyñ şanyna goşulan goşy: Goşa tutduñmy «Goşa suw» dagynda, Çoh armanym galdy ýaryñ bagynda, At-ýargy bar esbaby ýanynda, Daglaryñ arslany şir Meredaly. Merdaly adyñ uly arçadan, Kepeniñ biçilip, kamys parçadan, Doganyñmy Arazaly ýer çeken, Daglaryñ arslany şir Meredaly. Merdaly iñläp gitdi Kümmede, Bugdaý çykdy ýigrim bäşe, gymmata İndi uly zulum boldy millete, Daglaryñ arslany şir Meredaly. 8 Kümmetgowuzlı tekelerden, Gurbansähet Bedekhşanıñ yatlaması 12 Merdaly adyñ uly her ýerde Kapyrlary dolap salypsyñ kente, “Geldi gyzyl” aglap, galdy çöl ýerde Daglaryñ arslany şir Meredaly. *********** 1926-njy ýylda Marawadepedäki ofiserleriñ 1-nji gozgalañy 9 Osman ahunyñ ýolbaşçylygyndaky jemhuriýet ugrundaky gozlañy basylyp ýatyrlandan biraz soñra Türkmenistanyñ araçägine ýakyn Marawadepäniñ harby karzarmasynda (padganinda) 1926-njy ýylyñ iýun aýynda (tir 1305-de) esgerleriñ we daýhanlaryñ gatnaşmagynda, merkezi hökümete garşy gozgalañ turýar. Sosýalizim ideýasyna ynaýan gozgalañçylar birinjiden bu ýerde dag etekleriniñ bolmagyny, ikinjiden bolsa Sovet Souzyna ýakynlygyny, üçünden bolsa Türkmenleriñ hökümete bolan nägileligini nazara alyp, Marawadepäni öz merkezleri saýlaýarlar. Daýhanlaryñ gozgalañyndan arka çykmagy maksat edinen gozgalañçylar özlerine parsça «pa:daş- muzit» diýip atlandyrýarlar, gollaryna bolsa öz toparynyñ ýörite bellegini baglap hereket edipdirler. Şol wagt kazarmada 200 sany atly, 150 tophana esgeri, pilýomut atyp bilýän 50 harby bolupdyr. «Padaş» komitete «Salar jeñ» lakamly ýaş ofiser Lehak han ýolbaşçylyk edipdir. Marawadepede gozgalañ turuzan ýaş ofiserler Bejnurda tarap ýola düşüp, Bujnurdiñ kazarmasini basyp alýarlar, ol ýerde bolsa hökümet ofiserlerinden 9 Lehak hanyñ gozgalañy baradaky maglumaty 1984-nci ýylda Uly Aryk obasyna gelen- Lehak hanyñ dogany professor Şervin handan aldym. Şervin han 1925-nji ýylda Bavend, Hojanepese we Kümüşdepä gelip, Türkmenleri Yraza şa garşy gozgalañyna ýardam berýär. Gozgalañ basylyp ýatyrlandan soñ 1925-nji ýylda Aşgabada gaçyp atýar. Leningratda ýokary harby okuwny tamamlayar. Şervin han, Eyran şasy tarapyndan «günäsi» geçilenden soñra 1946-njy ýylda Eýrana öwrülýär we 1993-nji ýylda aradan çykýar. Bu barada Şeýlede serediñ: Ahmad Şamlu tarapyndan neşir edilen «Kitab-e jome-ha» №5. Gyş 1985 we rus taryçysy M.S. Ivanowyñ «Taryh Iran-e Novin» eseri. S.83 13 birnäçesi gozgalañçylara goşulýar. Gozgalñ ula turýar. Feodallaryñ ýerleri garyp daýhanlaryñ arasynda paýlanýar. Marawadepeli ofiserleriñ gozgalañynyñ