Nejmeddin Kubra hezretlernin ýadygärligi Köneürgenç etrap merkeziniň günbatarynda ýerleşýär. Ýadygärlik 1145-46-njy ýyllarda Ürgençde doglan, sufizmiň Kubrawylar mekdebini esaslandyryjy Ahmet ibn Omar Abuljennap Nejmeddin al-Kubra, al-Hywaky, al-Gürgenji bilen baglanyşykly. Nejmeddin Kubra hezretlernin 7-8 kitaby, 24-den gowrak rubagysy bolan tebipçilige ökde, nakgaş hökmünde halk arasynda tanalan yslam alymy, pir, gahryman watançy bolupdyr. Nejmeddin Kubra hezretlernin terjimehalyny ýazan alymlar, şahyrlar we syýahatçylar onuň mongollar Ürgençe çozanda eli ýaragly urşup, 1221-nji ýylyň 3-nji iýulynda wepat bolandygyny bir agyzdan tekrarlaýarlar. Nurmuhammet Andalyp bir goşgusynda: Ol şyh Kubra etdi şahadat meýin noş - diýmek bilen onuň pajygaly gurban bolandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Nejmeddin Kubra hazretlerniň üstüne galdyrylan ýadygärlik Gutlug Temuryň Ürgenje häkim bolan wagtynda amala aşyrylypdyr. Ymarat 4 sany otagdan ybarat bolup, ýüz tarapy demirgazyga bakdyrylyp gurlan. Onuň peştagynyň ýüzündäki ýazgylaryň diňe “şalaryň medetkäri we diniň ýyldyzy Kutluk Temur ben Toýda aganyň wagtynda gurlandygy görnüp dur” diýen sözleri kitapdan kitaba düşüp gelýär. Bütin gadymy Ürgenjiň 20-ä golaý ýadygärliklerinden diňe şu ymarat we 2 minara özleriniň gurlan döwürleri hakda maglumat berýärler. Bu ymaratyň uly ähmiýete eýe bolan ýazgylaryny bolşy ýaly okap göreliň: “Ulemalaryň iň gowusynyň we hudaýyň öwlüýäleriniň iň oňadynyň maksady bolan bu mazaryň bina edilmegine barça bendeleri düzgüne salan, duşmançylykly elleriň ýurtda eden harabalaryny diklän, bagta kowalaşmakda birinjiligi eýelän, hojaýynlaryň seresi we şalaryň eýesi, dünýäniň we diniň ýalyňy bolan Kutlug-Temir ibn Nejmeddin ibn Toydy aga gatnaşpdy, oňa bu tarykatyň ýardamy degsin” Peştagyň beýleki ýazgylary we merkezi gapynyň holaýyndaky ýazgylar hiç hili taryhy maglumat bermän, piriň kitaplaryndan sözlerdir. “Suls” haty bilen syrçaly daşa ýazylan hatlardan piriň terkidünýä filosofiýasynyň äheňi gelip dur. Peştakdaky gapydan inedördül dälize girilýär. Bu otagda ýene üç sany gapy bar. Öňdäki gapyda Nejmeddin Kubranyň görhanasyna girilýär. Mazaryň gümmezi 1950-nji ýyllarda opurylyp, ortadaky iki sany gabyrüsti nyşany zaýalanypdyr.

Köneler, Zamahşary tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir