yanwar ayynyng yagyan gary iki gun bari dynywsyz dowam edyardi. garyng yagyanyna ing kop begenyanem chagalardy. sebabi olar gardan adam yasamga howesekdiler. men oz bolyan otagymdan chagalaryng gar oynayan meydanchasyna,iki gozumi hem ayyrman seredyardim. chagalar gardan adam yasayar dylar. gardan adamyng gowresini yasap bolanlaryndan song, nobat kellesini yasamaga gelende bolsa, gowresine gelende jedelleshmedik chagalar,birden jagylda-jugul bolushup jedelleshmage bashladylar. chagalaryng bir bolegi gardan adamyng kellesining uly bolmalydygyny onge surseler, birlan-ikilani bolsa ejiz gowre, uly kellani goterip bilmez diyyardiler. elbetde o yerde gornip duran zatdy. ejiz gowre gotermezdi. yone koping diyeni yalngysh bolsa-da dogry yaly gorunyan mahallary hem az dal. chilimimi otlap, tussesinden ka ichime sorup, ka dashyna burugsadyp, kone hengime tutdym. ozumi hakykaty aytjak bolyan birlan-ikilan chaga mengzetdim.ental sowesh gutarmady ahyryn... ''yone bir gun geler, galpdan yasalan ''hakykatyng''jyzlanyng omrune mengzesh omur berlendigini men gormesemem gelejek nesil gorer'',diyip ozumche gowun yuwurtdim...

Köneler, Dagarman tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir