BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem ählumumy rowaçlygyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport diplomatiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
2018-nji ýylda bu halkara baýram mynasybetli Aşgabatda dünýä rekordy hökmünde hasaba alnan “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” guraldy. Şondan bir ýyl soň, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 adamyň gatnaşmagynda “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” geçirildi. Bu hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2020-nji ýyl 12 kilometrlik welosipedli ýörişden başga-da, Aşgabadyň täze gözelligine öwrülen belent “Welosiped” binasynyň açylmagy bilen ýatda galdy.
Ýurdumyz we paýtagtymyz üçin “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur özboluşly şygar astynda geçýän şanly 2021-nji ýyl dünýä sportunyň taryhyndaky nobatdaky möhüm wakalara beslener. Aşgabat Aziýanyň we Okeaniýanyň IV topar zolagynda Dewisiň Kubogy ugrunda tennis boýunça halkara ýaryşyň saýlama tapgyryna hem-de Welotrek boýunça dünýä çempionatyna köp sanly gatnaşyjylary kabul eder. 2022-nji ýylda bolsa Türkmenistanda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Öňde boljak bu ýaryşlar ýene-de bir ajaýyp sport baýramçylygyna öwrülip, halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilik we ynsanperwer maksatlaryna doly kybap gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge hem-de Watanymyzda we halkara derejede sport merkezi hökmünde gözel paýtagtymyz Aşgabadyň abraýyny has-da belende götermäge ýardam eder.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir