Aşgabatda gözümiziň alnynda kuwwatly döwrebap düzüm emele getirilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk görnüşleri — hokkeý we figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin hemme zerur şertler döredildi. Türkmenistanlylar sportuň bu görnüşlerini hyjuw we höwes bilen özleşdirýärler.
Has uly sport desgalarynyň hataryny örän gysga möhletiň içinde iri ugurdaş desgalar artdyrdy, şolaryň häzire çenli sebitde deňi-taýy ýokdur. Şol desgalaryň hatarynda Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, 20 müň tomaşaça niýetlenen “Aşgabat” köpugurly stadiony hem-de beýlekiler bar. Paýtagtymyzyň bezegine öwrülen bu sport desgalary ýurdumyzyň täze sport üstünliklerine tarap ynamly gadamynyň alamatyna öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, köpugurly “Aşgabat” stadiony 2012-nji ýylyň oktýabrynda ýurdumyza gelen hem-de şol döwürde Ýewropanyň Futbol assosiasiýalary birleşiginiň (UEFA) prezidenti Mişel Platininiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. XX asyryň ady rowaýata öwrülen fransuz futbolçysy bu ajaýyp sport desgasynda netijeli türgenleşmek bilen birlikde, yklym derejesindäki iri ýaryşlary hem geçirip boljakdygyny belledi. M.Platini bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň sportuň ösdürilmegine işjeň gatnaşygynyň, gürrüňsiz suratda, Türkmenistany sport ýyldyzlarynyň ýurduna öwürjekdigini nygtady. Bu öňdengörüjilik bilen aýdylan sözlere öwrüldi.
Köp sanly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, awtodromlar, tennis kortlary, ýüzüş howuzlary, döwrebap sport toplumlary hemme ýerde guruldy we şeýle gurluşyklar ýene dowam edýär. Şolarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Bina edilýän ýaşaýyş toplumlarynda işjeň dynç almak üçin zolaklaryň we sport meýdançalarynyň göz öňünde tutulmagy döwlet Baştutanymyzyň esasy bildirýän talaplarynyň biridir.
Bu möhüm işe ýurdumyz belent ynsanperwerlik ýörelgelerini utgaşdyrýar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, Olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegi bilen gönüden-göni bagly bolup, özünde belent ynsanperwer mazmuny jemleýär. Munuň özi adamlaryň mümkinçiligini has doly açmaga gönükdirilendir.
Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş zehinli türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünliklerini agzap bolar. Şolaryň biri 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolan Ýulduz Jumabaýewadyr.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agram derejesinde türgen gyzlaryň arasynda dünýä çempiony diýlip ykrar edilen bu ussat türgeni hormatlamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ajaýyp ýeňiş doly kanunalaýykdyr. Ol ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge, adamlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga gönükdirilen deňi-taýy bolmadyk döwlet syýasatymyzyň netijesidir.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir