Diýarymyzyň döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezi bolan Aşgabadyň bu ulgamynyň düzümini düýpli kämilleşdirmek we has-da ösdürmek boýunça işler ýokary depgin bilen alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň gerimli we möhüm ähmiýetli strategiýasyny hut milli bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmekden başlap, bu ugry beýik maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň binýadyna, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň esasyna öwürdi.
Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar. Her ýyl ähli ýerlerde täze okuw şäherçeleri açylýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Şeýlelikde, geçen ýylda Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebi ulanmaga berildi. Bu mekdep 720 okuwça hem-de taýýarlyk toparynda çagalaryň 320-sine niýetlenendir.
Şol ýerde okuw sapaklaryny, terbiýeçilik işlerini, bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreleri ýokary derejede guramak, mekdep ýaşyna çenli çagalaryň we okuwçylaryň wagtyny kadaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Okuw we beýleki otaglar döwrebap multimediýa hem-de kompýuter enjamlary, dürli dersler boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edildi.
Türkmen talyplarynyň we okuwçylarynyň her ýyl dürli ugurlar boýunça abraýly halkara olimpiadalarda ýeňiş gazanmagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan innowasion özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Häzir Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin oňat bilim almak, geljekki hünärini saýlap bilmekleri hem-de öz zehinlerinden, ukyplaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi Diýarymyzyň guwanjy bolýan bolsa, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň buýsanjyna, watançylygyň belent nusgasyna öwrülýär.
Häzirki döwürde Aşgabat döwrebap ylym-bilim merkezidir. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny göterýän Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de beýlekileriň açylyş dabaralary boldy.
Bu gün döwletimiziň ösüşiniň depgini döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Onda döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özgertmeleri geçirmek, ýurdumyzda milli hünärmenleri dünýäniň ösen bilim derejesinde taýýarlamagy kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe täze hünärler girizildi we bu iş dowam etdirilýär.
Mundan başga-da, bilim ulgamyny has-da özgertmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň orta hünär bilimli hünärmenlere isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, orta hünär okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmekde uly ösüş gazanyldy.
Aşgabady mundan beýläk-de ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryň iri merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir