Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent abraýa eýe bolmagyny üpjün etdi.
2013-nji ýylyň 25-nji maýy tutuş halkymyz, aýratyn hem, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ýatdan çykmajak taryhy senä öwrüldi. Dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen paýtagtynyň şan-şöhratyny has-da artdyrdy.
Bu ýerde ykbal kesgitleýji çözgütler kabul edilýär we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalar bolup geçýär hem-de tutuş ýurdumyzyň okgunly ösüşine täsir edýän tutanýerli zähmet dowam edýär. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapýan giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Onuň daşky gözelliginiň esasy gymmatlygy bolsa içki many-mazmuny bilen sazlaşygyndan ybaratdyr. Munuň özi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, olaryň şahsy mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp bilmekleri bilen kesgitlenilýär.
Soňky ýyllarda ak şäherimiz wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Onuň ösüşiniň ýokary depgini we ugurlary giň gerimli gurluşyklarda öz beýanyny tapýar. Olar, esasan, ýaşaýyş-durmuş ugruna gönükdirilendir.
Aşgabadyň 140 ýyllygy. Bu şanly senä bir aýdan gowrak wagt galdy, şoňa görä-de, iň oňat arzuw-umytlar ýakynlaşyp gelýän şanly sene bilen baglanyşyklydyr. Ýene-de sanlyja aýdan Watanymyzyň ajaýyp paýtagty ählihalk dabarasyny bellemek üçin owadan baýramçylyk lybasyna beslener.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda paýtagtymyzyň geljegini nazarlaýan ösüşi, onuň özboluşly binagärlik keşbini kemala getirmek, şäher düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak baradaky meseleleriň häzirki günde aýratyn möhümdigini birnäçe gezek nygtady. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň başyny başlaýjy bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleriň barşy bilen gönüden-göni ýerinde gyzyklanýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan durmuşyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetdi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda açylan we açylmagy meýilleşdirilen binalardyr desgalar tutuş türkmen topragyny gurşap alan özgertmeleriň deňsiz-taýsyz gerime eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir