Watana söýgüdir ömrüň manysy,
Mukaddesdir mertebesi, namysy.
Erkana, agzybir eziz halkymyň
Ýaňlanýar belentde ýürek namasy,
Türkmenistan - parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.

Berkarar ýurdumyň bagtyýar ili,
Baky bagta sary uzaýar ýoly.
Her pursat penamyz, dilde senamyz,
Kalbymyz Watana buýsançdan doly,
Türkmenistan - parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.

Jandan söýüp Arkadag öz halkyny,
Nur eçilýär parahatlyk ýalkymy
Garaşsyz, bitarap eziz Diýarda
Agzybirlik öz ilimiň galkany,
Türkmenistan - parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.

Ynanyşmak sarpasy bir-biregiň,
Kyn günüňde bolar söýget-diregiň,
Ýaşyl tuguň ýalkymynyň astynda
Ata Watan hem söýgiň hem goragyň,
Türkmenistan - parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.

Eziz Arkadagyň paýhasy jöwher,
Işleri nusgalyk, sözleri göwher
Gül sähraly, bagy-bossan diýarda,
Bu gün erkinligiň şemaly öwser,
Türkmenistan - parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.

Sarsmaz galam, seždegähim Watandyr,
Parahatlyk daňy bizde atandyr.
Älem içre ýaýran şany - şöhraty
Türkmen ili wysalyna ýetendir,
Türkmenistan - parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.

Awtor: Muhammetjuma HYDYROW
Taýýarlan: Hemra Kakajanow

Edebiýat, Yowuz tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir