Şeýle gowy şahyrlarymyz we olaryň köp sanly gowy goşgylary bar emma täze çykýan aýdymlaryň sözlerinde hiç hili many ýok, munuň sebäbi goşga saz dälde, taýýar(ogrlyk) saza söz düzýändikleri bolaýmasa! Kompozitorlarymyz saz ogrlamak dälde, goşgylara saz düzmäge synanşsalar gowja netijeler çykarmyka diýýän. Gowy netijeler çykýaram, men häzir aşakda bilýänjelerimi, sözleri bilen ýazjak! sizem bilýänleriňizi ýazyp duruň!
Şahyrlarymyzyň, aýdym sözi edip ulanylan goşgylary.
-
CeriumOxide
15 years ago
- Kerem islärin - Magtymguly
Owal başda, kadyr alla,
Senden bir kerem islärin.
Badam gabak, alma ýaňak,
Bir zyba senem islärin.
Taňry bermese nädäli?
Baş alyp, nirä gideli?
Oturyp-turşy edaly,
Gaşlary galam islärin.
Özüne hormat getiren,
Äriniň hyzmatyn bitiren,
Gaşyny çytman oturan,
Gözleri gülen islärin.
Pyragy, geldim jahana,
Bir ýar bergil akly-dana,
Duşdum üm bilmez nadana,
Bir gadrym bilen islärin.
Nurmuhammet Meredow aýtýar.
-
CeriumOxide
15 years ago
- Ner Gezgin - Mollanepes
Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gszgin,
Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin,
Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.
Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birins al berme,
Owwal adamdan gaçma, gaçsaň, asla el berme,
«Jan aga, özüň bil» diýp, hor näkese ýalbarma,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.
Nepes, hiç bir kem durma deňi-duşu, dost-ýardan,
Pul tapmasaň, göterme näkes bilen süthordan,
Her diläňde, gam basar, köňlüň dolar gubardan,
Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.
Annageldi Jumaýew aýtýar.
-
CeriumOxide
15 years ago
- Zülpüň - Kemine
Ajdarha dek ýassanyp, genji-nahana zülpüň,
Meşhury-älem olmuş, pany jahana zülpüň,
Görkezmedi gül ýüzüň, bag Ispihana zülpüň,
Äleme anbar saçar, degende şana zülpüň,
Neýleý ki ot salypdyr men natuwana zülpüň.
Haý-haý, seniň ýerişin arslana, şire ogşar,
Ala-ala gözleriň janymny iýre ogşar,
Halka-halka zülpleriň kemende-dara ogşar,
Örum-örüm saçlaryň owsunçy mara ogşar.
Her tary başga-başga, ot saldy jana zülpüň.
Dürli-durli iýmişiň tapylmaz her agaçda,
Bäh, ne katdy-kamatyň, salaýy boýda, başda,...
Ýöräp-ýöräp ýetişsem, tarypyň eşde-eşde,
Darap-darap goýberseň, ýüzüňden puşda-puşda,
Yhlas edip öreli, getir bu ýana zülpüň.
Hup açylmyş gulleriň, güllerden özge bolsun,
Sözle, şirin tilleriň, tillerden özge bolsun,
Guçam näzik billeriň, billerden özge bolsun,.
Biziň gutan işimiz illerden özge bolsun,
Akyzyp eşki-ganym aby-rowana zülpüň.
Gel, gidäli, Kemine, seýli-çemen isteseň,
Läle-reýhan açylgan ter enjimen istesei,
Lagly-göwher dakynyp, durri-emen isteseň,
Zülpün her bir taryna ýüz müň tümen istesen ,
Nagt bersýin puluňny bir-birden sana zülpüň.
Kerim Gurbanalyýew aýtýar.
-
CeriumOxide
15 years ago
- Diliň Derdinden - Kemine
Aşygam, saklana bilmen,
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen,
Gyrmyzy gülüň derdinden.
Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.
Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýollaryň,
Näzikdir inçe billeriň,
Sallanan goluň derdinden.
Ýagşyny ýasan ussalar,
Pähm etmez akly gysgalar,
Galar gadymky nusgalar,
Hünärli goluň derdinden.
Armanam — öpüp, guçmadym,
Goluňdan şerap içmedim,
Ölinçäm sana geçmedim,
Bir ýyrtyk juluň derdinden.
Çagyrsam, asyl gelmer sen,
Gelseň-de, oýnap-gülmer sen,
Ne boldy, habar almar sen, .
Kemine guluň derdinden!
Akmuhammet Saparow aýdýar.
-
garabekewul
15 years ago
- bu derdi- ony atabay carguly aytyar hem,
CeriumOxide 15 years ago- Bu Derdi - Magtymguly
Keşt eýledim, gezdim yşkyn dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök tigreýip, çeke bilmez bu derdi.
Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,
Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,
Daşlar erip, çeke bilmez bu derdi.
Kimdir yşkyň ýükün çeken merdana?
Pelek gördi — gorkup düşdi gerdana,
Zemin jünbüş eýläp oldy lerzana,
Çöller-düzler çeke bilmez bu derdi.
Magtymguly, çeksen, derdi-düwünden,
Asy bolup, şikat etme bu günden,
Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi.
Myrat İşangulyýew täze çykaran albomynda aýtýar, ýaman gowy aýdym bolupdyr!