Ebu Said Sagd ibni Mälik ibni Sinan el Hudri radyýallahu anhumdan rowaýat edilmegine görä, Medineli musulmanlaryň bir bölegi Resulullah sallallahu aleýhi we sellemden bir zatlar islediler. Olam berdi. Soň ýene islediler. Resulullah sallallahu aleýhi we sellem elindäkiler tükenýänçä berdi. Berere zady galmansoň olara ýüzlenip şeýle diýdi:
“Elimde bir zat bolsady, olary sizden gysganman bererdim. Kim dilegçilik etmän, namysly hereket etse, Alla onuň namysyny köpelder. Kim gözi dok bolasy gelse, Alla ony başgalaryna mätäç bolmakdan halas eder. Kimem sabyr etmek üçin gaýrat etse, Alla oňa sabyr berer. Hiç kime sabyrdan başga has haýyrly we beýik bir zat berilen däldir.”

***
Ebu Ýahýa Suheýb ibni Sinan radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Möminiň ýagdaýyna gözügidijilik edip bolar we ol örän täsindir. Sebäbi, her ahwaly özüne haýyr getirer. Şeýle ýagdaý diňe möminde bardyr: Begenjek wagty şükür eder; bu onuň üçin haýyr bolar. Bir bela sezewar bolsa sabyr eder; bulam onuň üçin haýyr bolar.”

***
Enes ibni Mälik radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem, çagasynyň mazary başynda uly ses edip aglap oturan bir aýalyň ýanyndan geçdi.
Oňa:
-“Alladan gork we sabyr et!” diýdi.
Aýal:
-Bar git ýanymdan. Sebäbi, meň başyma gelen bela seň başyňa gelmedi, diýdi.
Aýal Pygamberimizi tanamandy. Aýala onuň Pygamber sallallahu aleýhi we sellemdigi aýdylanda, Pygamberimiziň ýanyna ylgap bardy-da (ötünç dilemek üçin):
-Sizi tanamandyryn, diýdi.
Pygamber sallallahu aleýhi we sellemem:
-“Sabyr, bela uçraňda, iň başynda çydap bilmekdir” buýrdy.

***
Ebu Said we Ebu Hureýre radyýallahu anhumadan rowaýat dilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ýadawlyk, dowamly hassalyk, gynanç, kynçylyk, gam, hatda aýaga çümen diken ýaly musulmanyň uçran ähli zadyny, Alla,onuň günälerini bagyşlamak üçin bahana eder.”

***
Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Alla, kime haýyr, ýagşylyk beresi gelse oňa kynçylyk berer.”

***
Enes ibni Mälik radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Alla kim üçin ýagşylyk islese, onuň jezasyny dünýäde berer. Erbetlik isleýän gulunyň jezasyny bolsa, kyýamat güni günäsi bilen gelsin diýip dünýäde bermez.”

***
Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Pygamber sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýpdir:
“Çyn ýigit, göreşde garşydaşyny ýeňen däldir; gaharlanan wagty nebsine eýe çykandyr.”

***
Süleýman ibni Surad radyýallahu anh şeýle diýdi:
Bir gün Nebi sallallahu aleýhi we sellemiň ýanynda otyrdym. Iki kişi sögüşip durdy. Olardan biriniň ýüzi gahardan ýaňa gyp-gyzyl bolup boýun damarlary çişdi. Muny gören Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi:
“Men şeýle bir söz bilýän, eger bu adam ony aýtsa, gahary ýatyşar. Eger ol “euzü billahi mineş-şeýtanirrajiým: (ylahy merhemetden kowlan şeýtandan Alla sygynýaryn)” diýse gahary gider.”
Ýanynda oturanlar adama Pygamberiň maslahatyny ýetirdiler.

***

Yslam Nury.apk

Bilim, Mr.WriTer tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir