talyplar.com turkmen dilinde sayt bolandygy üçin we yazgy doly türkçe bolanson ayryldy. bu kararyn şahsynyz bilen baglanşygy yok. --farabi
Söygi,dostlyk,doganlyk hakynda 15 sorag(türkçe bilmeyanlerden ötünç sorayan)
-
ata
15 years ago
- terjimesini edip, soňam jogaplasam amatly boljak ekeni, göreli, edilmän galsa we ýaltanmasam, hem terjime hem-de degişliräk jogaplaryny goýaryn, enşallah!
Ýöne gowy soraglar ekeni, berekellah, Didar!
-
agayunus
15 years ago
- soraglar gaty gowy, berekellah! jogaplar agzalara göre üýtgärmikän diýýän, her kim pikirini ýazsa gyzykly boljak.
1-ýaşaýyşyň maýasy söýgi. bir zadyň düýbi, kökeni, maýasy bolmasa uzaga gidip bilmän barlygyny bes eder. ýaşaýyşy dowam etdirip bilmek üçin söýgi şert. şonuň üçinem adam söýmäge we söýülmäge mätäç.
2-içiňde söýgi duýgusy bolsa, töweregiňe hoşamaýlygyň artar. adamlar bilen gatnaşmakda aýrylmaz gerek duýgym-garşyňdakyny gowy (hoş) görüp, başardygyňdan hoşamaý bolmak. anyk durmuşymdan mysal getirip bilmesemem şuny aýdyp biljek. eger içimde adamlara garşy söýmek, gowy görmek duýgym bolmadyk bolsady, şu gaharjaňlyk gönimellik hasiýedim bilen her ýeri weýran ederdim. adamlaryň arasynda az-da kän-de sarpam bar bolsa, içimdäki azajyk söýgi duýgysy bolanlygy sebäpdir.
3-meň doly ýadymda däl, kelleden atma-da ýazasym geleňok:(
4-hereketlerimiz, garaýşymyz we sözlerimiz bilen.
5-asyl nygmat diýmek näme? saňa maddy-manewi bähbit getirýän, saňa peýdaly zat diýmek. söýgi hemme zatdan öňürti täze-täze göwünler (dostlar, tanyş-ýakynlar) edinmegiňe sebäp bolýar. kyn günüňde, begençli güniňde her-daýim ýanyňda boljak ýakynlaryňy hasam ysnyşdyrýar. ana şonuň üçinem söýgi bize bir nygmat.
6-men şu duýgy sebäpli aýakda, ýaşaýan, haýyr amallarymy artyrmaga mümkinçiliklerim bar......
7-muny biläýmedim
8-güniň seni ýyladyşyny duýýaňmy? ine-de saňa jogap. ene mährini duýuşyň ýaly mundanam bir mähir duýarsyň üns berseň.
9- Allah, merhametim gaharymyň öňündedir diýýär. ýaradyklaryna bolan merhametini her ýerde görmek mümkin. şu dünýäde erbedem gowy hem şol bir howadan, şol bir ýylylykdan mahrum edilmän eklenip saklanýar.
10-hemme işde O`nyň razylygyny göz öňünde tutyp hereket etmeli.
11-söýgiden başga zat dostlygy doganlygy dagadar, kül eder.
12-ýaşaýyşyny özümize nusga alýan Muhammet(s.a.w) pygamberimiziň her dinden her milletten aýallary, olara baglylykda garyndaşlary we dost-ýarlary bolan. Yslam dinini iň üstin derejede temsil eden Pygamberimiz bu hal-hereketleri bilen her kim bilen dostlykda, doganlykda ýaşamalydygyny kemsiz ündeýär(ögüt berýär).
13-"gowy bol we gowylar bilen bol"(iyilerle beraber ol) köpçilik bilen hereket etmek, ýekelikde ýol almakdan has aňsat. köplik-güýç diýmek. aramyzda söýgini artdyryp dostlyk-doganlyk gatnaşyklyklarynyň giňeldilmegi her kime-de bähbit.
14-ekiz çaga dünýä inende biri ejizräk bolupdyr. ýaşamaga ukyby gün-günden azalyp başlanda beýlekije ekiz taýynyň ýanynda goýmagy makul bilipdirler. sagdyn bäbejigiň mähiri, söýgisi, baglylygy, ýakynlygy ony ölümden alyp galýar.
15-töweregimizdäki bar bolan ähli yaradylan nesnelerde, adamlarda, jandarlarda Ýaradyjymyzyň gözelliklerini görüp söýeris.
-
mc_didar
15 years ago
Ýöne gowy soraglar ekeni, berekellah, Didar!
sag bol,teşekkür ederim, bu güllerem menden sana:
-
ata
15 years ago
sag bol,teşekkür ederim, bu güllerem menden sana:
kime, maňamy :)
ýazgy meňki welin, sowgadyň maňa däl ýaly, didar :)
men entäk ýazmadym soraglaryňa jogaplary :)
-
tina2009
15 years ago
- soýgi barada näçe aýdsaň aýdybermeli.Oňyn beli bir kesgitlemesi ýokdyr.Ol islän mahaly gelýäde adamyn yureginde baky orun alýa.Her kim özüçe duşinýä.
mc_didar 15 years ago- beklerdim ama bi sorun çıkdı'da onu hal etmeğim gerkyor sonra bakarım.bye...