Türkmen yagşylyk edermi işin ujunda pul bolmasa... Näbileýin... geçenlerde şeýle waka boldy: türkmenistana käbir okuw bilen baglanyşykly dokument ibermeli boldum iki sapar stambuldan... onsaň men aeroporta gidip reýsa çyktym we türkmenler bilen şeýleräk dialoga girip çyktym: ------------------------------------------ hoser: bagyşlaň, men türkmenistana dokument ibermeli welin maňa kömek edip bilermisiniz, öňüňizden çykyp alarlar... türkmen: näme berjek??? hoser: düşünmedim??? türkmen: 20 dollar beräý... hoser: neme men bir ýönekeý talyp, kän ýanymda pul hem ýok, onsaňam agyr zat däl, 1-2 kagyz, adamkärçilikdir... türkmen: aý ýok başga birine beräý, men dokument bolsa gorkýan... hoser: ... ------------------------------------------ onsaň men pahyr bütin reýsi şeýdip aýlanyp çykdym we hiç bir türkmen maňa kömek etmedi... ------------------------------------------ ýöne hekaýa bu ýerde gutarmaýar... 2 saparam dokumenti iberip bildim... birinji sapara bir owadan ors aýal kömek etti, ikinji saparam bir türk maşgala... hiçisem puly agzamady... ------------------------------------------ goňşy möwzükde nämüçin türkmenler bizness edenak diýlen bir sorag bardy... ana saňa bizness gerek bolsa, eger meniň ýerimde pullyrak talyp bolan bolsady edil şol ýerde türkmen ekonomikasyna 20x2=40 dollar girdeji girjegekeni... kelläňi gaşap oturybermeli...

Köneler, hoser tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir