Bir adam ürgün çägeli sähralyklaryň içi bilen
atyny çapdyryp barýan ekeni. Birdenkä onuň
gyzgyn çägeleriň üstünde teşnelik mähnetine
dodaklary kepän we ölüm bilen darkaş gurup
duran bir biçärä gözi düşüpdir.
Bedew atly onuň ýanyna baryp, meşiginden
dodaklaryna suw damdyrypdyr. Az-kem essine
gelensoň, suwdan gandyrypdyr. Onuň
hal-ýagdaýy, hajaty bilen gyzyklanypdyr.
Azaşan adam özüni atyň ardyna almagyny we
ilatly ýere ýetýänçäler kömek etmegini
sorapdyr. Bedewli adam oňa: “Sen halys
ysgyn-mydardan gaçypsyň. Gowusy, atyň
üstüne sen mün, men ýanyňdan pyýadalap
ýöräbererin. Özüňi dürsemek, dem-dynç
almak we gurbata gelmek üçin saňa rahatlyk
örän zerur” — diýipdir.
Azaşan bende atyň üzeňňisine basyp, üstüne
müneninden, jylawyny mäkäm çekip, aty
çapdyryp, ol adamdan uzaklaşypdyr. Aty alyp
gaçypdyr. Atyň eýesi bolsa bu zatlara haýran
galyp, geňirgenip duran ekeni. Ajalyň elinden
halas eden bendesiniň ogry biridigini
bileninde, atyny yzyna alyp bilmejekdigine göz
ýetiripdir. Ogrynyň arkasyndan gygyrypdyr:
— A-how, Allanyň haky üçin, bir salym saklan.
Atym saňa halal bolsun, ýöne aýtjak sözümi
bir diňläweri — diýipdir.
At eýesiniň kowalap, ýetip bilmejek aralygyny
geçeninden soňra, ol ogry saklanypdyr:
Hawa, näme arzyň bolsa, aýt, eşideli...
“Bu bolan wakalary başga ýerde gürrüň
bermäweri, ýogsam, adamlaryň birek-birege
bolan ynamy ýiter” — diýip, ýagşy adam jogap
beripdir.
" Atamyñ durmuş hakda aýtmadyk zatlary " atly kitapdan alnan.