Sahypada käbir türkmen agzalar türkçe ýazgylar ýazýarlar. Bu ýagdaý, türkmen we türk dilleriniň meňzeşligi we köküniň birdigindenmikä diýýän. Ayroplan atly agzamyz bir ýzgysynda şeýle diýipdi: "başga dillerden söz geçjegine türkçeden geçsin" ayrpolanyň aýdany bilen doly ylalaşammok. Sebäbi türk diline grek, latin we beýleki ýewropa dillerinden köp söz girizilen. Asyl arrasa türki sözler bolsa bizde onsuzam bar, ýöne ulanamzok. Köne şahyrlarymyzyň goşgularyny okasaň muňa göz ýetirip bolýar. meselem, magtymguly "bu derdi" atly goşgusynda Peder bize miras goýmuş bu derdi we "türkmeniň" atly goşgusynda Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi peder sözüni (kaka manysynda) ulanýar. Türkçede de peder kaka diýmek. bir ýazgysynda shahyr(agza) "magtymgulyň goşgusynda zowk sözi ulanylýar" diýipdi; zowk=zevk(tr) (наслождение, вкус) "çilim çekmegil" goşgusy, Magtymguly. Ot iýmek bolarmyş bizowk-u sapa sizem türkmen şahyrlarynyň goşgularynda şeýle sözlere gabat gelseňiz, bärik ýazyň!

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir