Ependiniň bir guzusy bar eken. Dostlary degşip, ol guzyny iýmek isläpdirler. On- soň aralaryndan birini Ependiniň ýanyna iberipdirler. Ol baryp: – Ependi, bu guzyny näme edersiň? Erte kyýamat gopýarmyş, derrew guzyny soýup, kebap edip iýeli – diýipdir. Ependi ol adama asla ýüz bermändir-de: –Gaýtadan baryp ýene oýlan – diýipdir. Ol adam «Oýlandym» diýip, ýene-de barypdyr, Ependi ahyry razy bolup: – Onda geliň, bir sähralyga gideliň. Guzyny soýup, kebap edip iýeliň – diýipdir. Olar bir sähralyga barypdyrlar. Ependi olara garap: – Siz dem-dynjyňyzy alyberiň. Men kebap bişirerin – diýipdir. Ol janlyny soýup, tagam taýýarlaýança, dostlary eşiklerini çykaryp: «Biz egin- eşiklerimizi seniň ýanyňda goýjak» diýip, suwa düşmäge gidipdirler. Ependi oturlyşygyň eýesi hökmünde ot ýakypdyr we olaryň egin-eşiklerini oda oklapdyr. Bir zamandan soňra dostlary: «Kebap bişendir, iýeliň» diýip, gelip görseler, ählisiniň egin-eşikleri otda ýanypdyr. Olar bu ahwaly görüp: – Biziň egin-eşiklerimizi näme üçin ýakdyň? Biz indi näme geýeli? – diýipdirler. Ependi ýalaňaç galyp, busulyşyp duran dostlaryna bakyp: – Ertir kyýamat gopýan bolsa, size egin-eşik nämä gerek? – diýipdir.
Günlerde bir gün Ependi bir agajyň üstüne çykyp, onuň şahasyny döwmäge başlapdyr. Ýoldan geçip barýan bir adam: – Eý, Ependi, beýle etme, düş aşak! Ýogsam ýykylarsyň – diýip gygyrypdyr. Ependi onuň aýdanyna gulak gabartmandyr. Şol barmana onuň oturan şahasy omrulyp, dik başaşak kelemenläp gaýdypdyr. Ependi agyran-ynjan ýerine seretmän, hasanaklap ýerinden turupdyr-da, ýaňky adamyň yzyndan eňipdir. Barşyna-da: – Sen bir weli adam ekeniň. Meniň ýykyljagymy-ha bildiň. Haçan we nämeden öljegimi hem aýdyp gidersiň – diýip, zar-zelil bolup, onuň synyndan ýapyşypdyr. Ol adam hem munuň elinden çaltrak sypjak bolup: – Sen odun ýükli eşegiň ýapydan ýokaryk çykyp barýarka, üçünji gezek ýel goýberende ölersiň. Birinji gezekde seniň janyň üçden biri, ikinji gezekde üçden ikisi çykar, üçünji gezekde bolsa, sen bütinleý ölersiň – diýip jogap beripdir. Ol adam şunuň ýaly gödeksi jogap berip, öz ýoly bilen gidiberipdir. Bir gün Ependiniň eşegi ýapydan ýokaryk çykyp barýarka, birinji gezek ýeňlände Ependi: «Wah, indi ölýän, endamym sowap başlady» diýip oýlanypdyr. Ikinji gezekde: «Wah, ölümim ýakynlaşdy» diýip pikir edipdir. Üçünji saparynda bolsa, «Wah, armanly öldüm» diýip, ýykylyp ýatyberipdir. Onuň ýykylyp, ýüzüni aktam edip sessiz-üýnsüz ýatanyny gören adamlar daşyna üýşüpdirler. Olar derrew ýakyndaky obalaryň birinden tabyt getiripdirler. Ependini tabyda salyp, şähere alyp ugrapdyrlar. Olaryň ýoly batgalygyň üstünden düşüpdir. Öňlerindäki ýol hem şu ýerden üç aýrylýan eken. Adamlar ol ýollaryň haýsysyndan gitjeklerini bilmän, maslahatlaşyp durkalar, Ependi tabytdan kellesini galdyryp: – Men dirikäm-ä şu ýoldan gatnaýardym. Indi bolsa özüňiz biliň – diýip, ýol salgy berip, ýene ýatyberipdir.
Günlerde bir gün Ependi syýahat edip ýörkä, bir oba barypdyr. Halaýyk onuň öňünden çykyp: – Sen kim? Käriň näme? – diýipdir. Ependi: – Men ussat diş bejeriji hekim – diýipdir. Olar: – Gulam aganyň ogly keselläpdir. Seni onuň ýanyna alyp baraly. Oglana bir alaç eýle – diýipdirler. Ependini hassanyň ýanyna alyp barypdyrlar. Gulam aga oňa tagzym edip: – Eý, tebip, ussat hekim, meniň şu oglumyň derdine bir çäre tap! – diýip ýalbarypdyr. Ependi: – Bu ýerde ýag, bal, çörek tapylarmy? – diýipdir. Aksakgal: – Hawa, tapylar – diýip, ýag, bal we çörek getirip beripdir. Soňra Ependi: 1 Çöwgen – at üstünde egri taýakly oýnalýan top oýny. 14 – Men hekimligi jadylyk bilen edýärin. Maňa bir çemçe getiriň – diýen. Ependi başyny örtüp, bal bilen ýagy garyp, iýmäge başlapdyr. – Bir salymdan soň Ependä: – Keselli ýogaldy – diýip, habar beripdirler. Onda Ependi: – Bu iýmiti iýmedik bolsam, men hem ölerdim – diýipdir.Halan bolsanyz Like +
20hacker04 3 years ago- ++++++