Aşgabatda 1948-nji ýylyň 6-njy Oktýabr günü 9 bal güýjünde bolan ýer titremede Aşgabat haraba şähere öwrülipdi. 190 müň adamlyk şäher ilatynyň 176 müňi ajy wakada aradan çykypdy. Şäherde düňe 3 sany binanyň ýykylman galandygy hem habar beilýär. Ajy waka sebäpli şol ýagtky SSSR respublikalaryndan 7 müň wagon, 240 ýük uçary we müňlerçe maşyn kömek gelipdi. 8 müňden gowrak ýaraly ýa-da ýetim çaga bolsa beýleki respublikalara ugradylypdy. ABŞ, Polşa, Germaniýa we Bolgariýa ýaly döwletler hem kömek ugradypdy. çeşme:turkmenpress 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesi barada. (Ruhnama) Uruş gutardy, diri galanlar Watanyna gaýdyp geldiler, adamlaryň ýüreginde sähelçe şatlyk döräp başlady. Emma uzak bolmady, Taňrym türkmen halkyny ýene bir synagdan geçirdi,1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesi Aşgabatda ýer titräp, owadan şäherimiz bir gijede weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň adamdan 176 müň adam bir gijede şehit boldular, galanlarynyň köpüsi maýyp-müjrüp galdylar... Ol heläkçilik biziňem maşgalamyza degdi, ilki agşam ýatanymyzda dört başdyk, 33 ýaşly mähriban ejem, 10 ýaşly uluja doganym Nyýazmyrat, 6 ýaşly jigijigim Muhammetmyrat, şol gije şehit boldular, ertir daň atanda ýykylan öýümiziň üstünde, entek sekiz ýaşy dolmadyk men otyrdym. Şeýdip, alty gije-gündiz ýeke özüm oturdym, ejemiň, kakamyň garyndaşlary ýedinji gün gelip ölen käbämi, doganjyklarymy äkidip Ymam Kasym öwlüýäsinde jaýladylar. Şol alty gije-gündizde çagalyk döwrümiň gutaranyny bildim, gözümdäki ýaşlar ebedilik gurady, iň soňky gezek mähribanlaryma, harabanyň astynda ýatan ýerlerine seretdim, olara sessiz kasam etdim: «Ezizlerim, siziň we mähriban kakamyň ruhy ömrüm ötünçä ýüregimde ýaşar, maňa gaýrat, güýç berer, men maksat tutdum, men sizi ýetip bilmedik arzuwlaryňyza hem ýetirin, Alla meni goldasyn, men maksadyma ýeterin!» Saparmyrat Türkmenbaşy.

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir