ylym ugruna ozunin saldamly goshandyny goshan alym abu nasyr muhammet ibn muhammet al-faraby, ol 870-950 yyllarynda yashap gecipdir.

onun yashan dowrunde merkezi aziyanyn uly kitaphanalary merwde, buharada, samarkantda bolupdyr.ol merkezi aziyada esasy bilimini ele alandan son bagdata gidipdir. ol yerde ona durli dilleri owrenmage mumkincilik dorapdir.alym arap,grek,latyn yaly birnace dili bilipdir.ylmy ishlerini arapcada yazypdyr.
al-faraby bagdatda lukmancylyk, we mantykdan (logikadan) sapak alypdyr.
alym esasan hem aristotelin yazan logikalryna ginisleyin dushindirishler beripdir.shonu u/n hem ona dowurdeshleri -aristotelden son ikinji mugallym- yada -gundogaryn aristoteli- diyip at beripdirler,
awisenna (abu ali ibn sina)980-1037- oz terjimehalynda aristotelin :metafizika: atly kitabyny okasa da ona dushunmandigini, emma al-farabynyn :meafizikanyn tezisleri: atly kitabyny okandan sonra hemme zada dushunenligini bellap gecyar.
al-farabynyn eserleri xv asyrda yewrey dilinden rus diline gecirilyar.shol zamanlar ony russiyada mantygyn (logika) mugallymy diyip atlandyrypdyrlar.
Öz döwrüniň bilimli, çuň döredijilik pikirli, paýhasly, akyly köp adamy: tebigaty öwreniji, matematik, lukman, astronom, sazanda, psiholog, din adamy, etik, sosiolog, himik, filosof bolupdyr. Ol adamzat biliminiň ähli ugurlaryny döredijilikli ele alypdyr we olaryň her birine önjeýli goşandyny goşupdyr. Alym ylymlaryň dürli pudaklaryna degişli 200-den gowrak iş ýazypdyr. Emma biziň günlerimize çenli onuň işleriniň diňe ujypsyzja bölegi gelip ýetipdir. Ýöne şolar-da onuň barlaglarynyň giňligine we çuňlugyna ynandyryjykly şaýatlyk edýär. Ol tebigy-ylmy, sosiologih we yslam dini mowzuklardan işler ýazyp, olarda öz döwrüniň öňde baryjy jemgyýet pikirlerini beýan edýär. Ol şol işlerinde tüýs döredijilik pikir-paýhasly, hakyky alym hökmünde çykyş edýär. Faraby arap dilinde şygyrlar hem ýazypdyr.
--diyar jurnalynyndan gysgaldylyp alyndy (2-2007)
eger bu hakda ginishleyin bilyan bolsanyz gayrat edp yazsanyz we onun yazan kitaplary hakynda yazsanyz

Köneler, garabekewul tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir