Hacker programmalaryň nähili işleýişini doly bilemmok, diňe 2 görnüşini bilýän. 1. sözlükädäki sözleri barlamak. 2. fake mailler we sahypalar arkaly. ikinji ýoldan goranmak özüňüze bagly, her gören ýeriňe parolyňy ýzayp ýörmeli däl :) birinji ýoldan goranmak bolsa aňsadyrak. parol saýlanyňyzda sözlükdäki sözlerden ulanmaň. parolyňyzda san we şekiller(keseçyzyk, otur, deňdir, goşadyrnak we şm) bolsyn. Eger bu ýol kyn, men parolymy unudaryn diýseňiz, inha aňsat ýoly: harplary meňzeş sanlay bilen çalşyň, meselem parolyňyzy turkmenistan diýip aljak bolsaňyz, şeýle ýazyp bilersiňiz: 7urkm3n157an e-3 i-1 s-5 t-7 üstesinede bir ýerlerine bir şekiljik goýsaňyz has hem güýçli paol bolar: 7urkm3n157an^ ýaly bir zat.

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir