Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Goňşy mowzuklaň birinde bu aýyň Remezan aýy bolany üçin, nakyllaryň ýerine degişli aýatdyr hadyslaryň goýulmagy ündelipdi, şol mynasybetli, şu mowzugy açmagy makul gördüm. Mundan soňam beýleki baýramlarda-da degişli aýatdyr hadyslary we degişli sözleri enşallah, şu ýere goýmakçy. Aşakda sanawyny goýup başlaýaryn: 1- «Belli günlerde oraza tutuň. Sizden biri hassa, ýa-da saparda bolsa, tutmadyk günleriniň sanyna deň oraza tutsun. Oraza tutmaga güýji ýetmedikler bir ýoksuly doýrup biljek fidýe bersin. Kim çyn ýürekden bir haýyr iş etse, ol özi üçin has haýyrlydyr. Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr», (Bakara, 2/184). 2- (Eý, Resulym) Şu müminleri buşdula! Olar toba ederler, ybadat ederler, şükür ederler, oraza tutarlar, rükug ederler, sežde ederler, oňatlygy ündäp, erbetliklerden uzak durmagy maslahat bererler hem-de Allahyň (hemme ýagdaý üçin) goýan serhedini gorarlar!" (Toba süresi, 7/112); 3- «Eý, iman getirenler! Siz takwa bolarsyňyz diýip, Sizden ozalky ymmatlara farz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak farz edildi», (Bakara, 2/183). 4- «Sizden her kim hassa bolup, ýa-da saparda bolan ýagdaýynda, tutmadyk günleriniň sanyça soň oraza tutsun... Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr», (Bakara, 2/184). 5- «Oraza tutmaga güýji ýetmeýänler bir ýoksuly doýurjak mukdarda fidýe bermelidir», (Bakara, 2/184), 6- «Fejrde ak ýüplük gara ýüplükden aýyl-saýyl edilýänçä iýip-içiň», ýagny, daň wagty gijäniň garaňkylygyndan aýyl-saýyl edilýänçä, iýip-içiň. Soň agşama çenli agzyňyzy bekläň», (Bakara, 2/187). 7- «Sizden her kim remezan aýyna ýetende oraza tutsun», (Bakara, 2/185). 8- «Oraza bir galkandyr. Orazaly kişi jahyllyk edip, erbet sözi aýtmasyn. Özi bilen uruşmak, käýişmek, yrsarap azar bermek isleýän kişä: «Men orazaly» diýsin», (Buhary, Müslim) 9- «Kim ynanyp, sogabyny Allahdan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar», (Buhary) 10- Baýlygy we güýji ýeterli bolan öýlensin, eger güýji ýetmeýän bolsa, agzyny beklesin, çünki agyz beklemek (nebse garşy) galkandyr, gyýbat bilen deşilmedigi müddetçe! 11- «Oraza aýy gelende, jennet gapylary açylyp, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlaryň ählisi zynjyrlanýar», (Buhary, Müslim). 12- «Ynsan oglunyň amal eden her haýrynda we ybadatynda özi üçin lezzet we bähbit gazanmak endişesi bardyr. Emma oraza beýle däldir. Oraza diňe Meniň razylygym üçin edilýän ybadatdyr. Onuň sylag-serpaýyny hem Men bererin», (Müslim, Nesaýy). 13- «Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin», (Tirmizi). 14- «...Orazalynyň iki begenji bardyr. Biri iftar wagtynda – agzyny açandaky begenji, beýlekisi bolsa, Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan pursatyndaky begenjidir», (Buhary, Müslim). 15- «Jennetde «Reýýan» diýlen bir gapy bardyr. Bu gapydan kyýamat gününde diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim o gapydan goýberilmez. Kyýamat güni: «Oraza tutanlar nirede?» diýlip gygyrylar. Oraza tutanlar girip gutarandan soň, şol gapy ýapylar», (Buhary, Müslim, Nesaýy, Ahmet b. Hanbel). 16- «Allaha kasam bolsun, orazalynyň agzynyň ysy kyýamat gününde müşk ysyndan has ýakymly bolar», (Buhary). 17- «Üç kişiniň dogasy ret edilmez: 1. Iftar edýänçä, orazalynyň, 2. Adalatly döwlet ýolbaşçysynyň, 3. Mazlumyň», (Tirmizi). 18- «Kim bir orazala agyz açdyrsa, özüne onuň sogabyça sogap ýazylar. Üstesine agyz bekleýäniň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibn Maje), hadysy muňa mysaldyr. 19- Ömrüni gaflat we nisýanda geçirýän, ülfet we ünsiýet perdesine bürenen her bir musulman remezan aýy gelende Rabbiň: «Oraza tutuň!» diýen emri bilen iýmekden, içmekden özüni saklamaga mejbur bolýar. Agşam agzaçar saçagynyň başynda Rabbiň: «Iýiň!» diýen emrine garaşýan wagty nygmatlaryň hakyky eýesini we mäligini tanaýar. Nygmaty nygmat bilip, şol nygmaty beren barada oýlanýar. Şeýlelikde, şükür wezipesine amal edýär. (Günüň sözi) 20- «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun», («et-Tergib wet-Terhib»). 21- “Hemme zadyň öz zekaty (tämizlenme usuly) bardyr, bedeniň zekaty(sadakasy) orazadyr! Oraza sabryň ýarysydyr!” (Ahmet b.Hanbel, 4/260) 22- «Ýalan sözlemäni, ýalan sözler bilen amal etmäni terk etmeýän kişiniň iýmegini-içmegini terk etmegine Allahyň mätäçligi ýokdur», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje). 23- Bu dünýä ynsanyň ahyretini gazanmagy üçin ekin meýdany, söwda bazarydyr. Oraza aýy bolan Remezany şerif ynsanyň ahyret söwdasyny etmegi üçin bähbitli pursatdyr. Çünki, Remezany şerifde bir amala müň sogap bardyr. Kurany Kerimiň her bir harpynyň sogaby hadyslarda beýan edilişine görä, on hasanekä, Remezany şerifde her bir harpyň sogaby on däl, müň esse, Aýatel kürsi ýaly käbir aýatlaryň her bir harpy üçin beriljek sogap müňlerçe essedir. Remezany şerifiň jumgalarynda has hem köp, Gadyr gijesinde bolsa munuň sogaby otuz müňe çenli ýetýär. (Günüň sözi) 24- Ynsan pany dünýäde, pany bolan gysga ömürde baky durmuşy gazandyrýan, eden günäleriniň bagyşlanýan, dowzah gapylarynyň ýapylyp, jennet gapylarynyň açylýan, her agzaçar wagtynda dowzahdan azat edilýän, içinde müň aýdan haýyrly Gadyr gijesi bolan Remezany şerifi pursat bilip, hakyky manyda oraza tutmak bilen hem dünýä, hem ahyret sagadatyna ýetmelidir. (Günüň sözi) 25- «Kim Remezany orazaly geçirse, soň munuň üstüne şewwal aýyndan hem alty gün goşsa, tutuş bir ýyly orazaly geçiren ýaly bolar», (Ibni Maje, Tirmizi). 26- «Iň fazyletli oraza Dawudyň tutan orazasydyr. Dawud (a.s.) bir gün oraza tutsa, ertesi agzy açyk gezerdi». Abdullah b. Omar: «Men ondan has artygyny tutaryn» diýen-de, Pygamberimiz: «Mundan fazyletlisi ýokdur» diýipdir, (Müslim, Ibni Maje, Nesaýy). 27- «Her aýda üç gün oraza tutjak bolsaň, aýyň 13-14-15-nji («Eýýamy byýz») günlerinde tut», (Buhary, Müslim). 28- «Ynsanlaryň amallary Allah Tagala duşenbe we penşenbe günlerinde arz edilýär» diýipdir. Başga bir rowaýatda: «Men amalymyň Beýik Rabbime orazalykam arz edilmegini halaýaryn» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir, (Ebu Dawud, Ibni Maje). 29- «Arafa güni tutulan oraza ondan öň we soň bir ýyllyk günäleri örter diýlip Allahdan umyt ediler», (Ahmet b. Hanbel). 30- «Pygamberimiz dört zady hiç terk etmezdi – aşyr aýynyň orazasyny, zilhijjäniň ilkinji on güni we her aýda üç gün oraza tutmagy hem-de ertir namazynyň farzyndan öň iki rekagat namaz okamagy», (Nesaýy, Ahmet b. Hanbel). 31- Resulullah (s.a.w.) Medinä göçüp gelende, ýahudylaryň aşyr aýy agyz bekleýändigini görýär. «Bu agyz beklemek näme?» diýip soraýar. Olar: «Bu beýik bir gündür. Allah bu günlerde Musany we Israilogullaryny duşmandan halas edipdir. Şol sebäpli Musa bu günlerde oraza tutupdyr» diýdiler. Pygamberimiz: – Men Musa sizden has ýakyndyryn – diýip, şol günlerde oraza tutulmagyny emr etdi, (Buhary, Ibni Maje, Mälik, «Muwatta»). 32- «Resulullah (s.a.w.) beýleki aýlara garanyňda, meret aýynda köp oraza tutardy. Ol meret aýyny tutuşlygyna orazaly geçirerdi», (Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi). 33- «Hilaly (Aýy) göreniňizde oraza tutuň, Hilaly göreniňizde agzyňyzy açyň! Eger howa bulutly bolsa, meret aýyny otuza ýetiriň» diýýär, (Buhary, Müslim, Nesaýy). 34- "...oraza aýynda diňe agyz(nahar iýmezlik bn) däl, eýsem-de bolsa, gözüňi - harama seretmezlik bn, eliňi - harama uzatmazlyk bn, aýagyňy - harama gitmezlik bn, diliňi - gyýbat/söwünç etmezlik bn, gulagyňy - gyýbata/söwünje gulak asmazlyk bn, kalbyňy - hemme zady ýigrenmezlik bn, aňyňy- erbet zatlary pikir etmezlik bn, nebsiňi - erbet zatlary islemezlik bn hem tälim etmeli, ynha, şonda Biribar seniň gören gözüň, eşiden gulagyň we tutan eliň bolar..." (Günüň sözi) 35- «Allah Tagala ýolagçydan orazany we namazyň ýarysyny aýrandyr. Göwreli we çaga emdirýän aýallardan bolsa orazany aýrandyr», (Nesaýy, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel). 36- Allahym! Seniň (razylygyňy gazanmak) üçin oraza tutdum, Saňa iman etdim, Seniň beren ryzkyň bilen agzaçar etdim. Saňa ynanyp, Saňa daýandym. Ertirki oraza güni üçin hem, agyz beklemäge niýet etdim. (Eý, lutuf we ykramy çäksiz bolan, Rabbim, indi) meniň geçen we gelen günälerimi bagyşla! (Ebu Dawud, Ibni Maje). 37- «Selällik nahary bereketdir. Bir ýuwdum suw bilen hem bolsa, ony taşlamaň. Çünki, Allah we Onuň melekleri selällik iýýänlere rahmet we istigfar eder», (Ahmet b. Hanbel) diýipdir. 38- «Ymmatym agzaçarda howlugyp, selälligi gijikdirdigiçe haýyr işdedir», (Buhary, Müslim, Tirmizi). 39- «Orazaly bir kişä iftar etdiren, orazalynyň aljak sogabyça sogap gazanar we orazalynyň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel) 40- «Nije oraza tutanlar bardyr, olara orazadan aç-suwsuz gezmekden başga peýda bolmaz. Nije gije turup nafile ybadat edenler bardyr olara hem ukudan galmakdan başga peýda ýokdur», (Ibni Maje), 41- «Resulullah remezanyň soňky on güni girende, tutuş gijäni ybadatda geçirerdi, içersini oýarardy we aýallaryndan daş durardy», (Müslim, Tirmizi, Darimi, Ahmet b. Hanbel). 42- «Sebäpsiz remezandan bir gün oraza tutmadyk kişi başga günlerde ömürboýy oraza tutsa-da, şol günüň borjuny doly ödäp bilmez», (Ibn Maje, Darimi, Ahmet b. Hanbel). 43- Pygamberimiz orazalydygyny unudyp iýip-içeniň orazasyny dowam etmelidigini, ony Allahyň iýidirip-içirýändigini aýdypdyr, (Buhary, Müslim). 44- «Orazaly kişä gusmak zerurlygy dörände özüne erk edip bilmese, onda kaza gerek däldir. Eger öz islegi bilen gussa, oňa kaza tutmak zerurdur», (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibn Maje). 45- «Hiç kimse başga biriniň ýerine namaz okap, oraza tutup bilmez. Ýöne onuň adyndan her güne derek bir ölçeg bugdaýy garyplara iýdirip biler», (Tirmizi, Ibn Maje). 46- “Oraza tutanyň ukysy ybadat, dymmagy tesbih kabul ediler. Haýyr we ybadatlaryna birnäçe esse köp sogap beriler. Dilegi Allah tarapyndan kabul edilip, günäleri bagyşlanar!” (a.g.e. 3/327) 47- “Orazalynyň agzaçar wagty hökmany ýagdaýda kabul edilýän dilegi bardyr” (many taýdan hadys) 48- “Eý, iman edenler! Oraza (agyz beklemek) sizden öň gelip geçen ymmatlara parz boluşy ýaly, size-de parz edildi. Şeýlelik bilen erbetliklerden goranmagyňyz umyt edildi. Sanlyja günler hökmünde (oraza size parz boldy)! Sizden biri syrkaw ýa-da ýolagçy bolsa (agyz bekläp bilmedigi günleriniň sany boýunça) beýleki günlerde kaza eder(öwezini dolar)! (Garrylyk ýa-da şypa gowuşmagy mümkin bolmadyk syrkawlyk sebäpleri bar bolup) oraza tutmaga güýji ýetmeýänler üçin bir garyby doýurjak mukdarda fidýe gereklidir. Munyň bilen birlikde, kim öz islegi bilen haýyr(oňat) amal etse, elbetde, bu özi üçin has amatlydyr. Eger (kyn bolmagyna garamazdan orazanyň hikmet we gazandyrýan sogaplaryny) bilseňiz, oraza tutmagyňyz siziň üçin has haýyrlydyr. Remezan aýy ynsanlara ýol görkeziji, dogrynyň we dogryny egriden aýyrmagyň aýdyň delilleri hökmünde Gurhanyň indirilen aýydyr. Şol sebäpli, sizden remezan aýyna gowuşanlar oraza tutsunlar! Kim şol wagt syrkaw ýa-da ýolagçy bolsa, (oraza tutup bilmedigi günleriniň sany boýunça) beýleki günlerde kaza etsin! Allah siziň üçin aňsatlygy islär, kynçylygy islemez. Bularyň bary (gerekli mukdardaky) gün sanyny tamamlamagyňyz we size dogry ýoly görkezeni üçin, Allaha tagzym(ybadat) etmegiňiz we şükür etmegiňiz üçindir.” (Bakara, 2/183-185)

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir