Salam talyp.com-yň mähriban gyzlary!!! Men sahypaňyzyň täze agzasy, siziň köpiňiziň ýazgylaryňyzy we jogaplaryňyzy okadym. Sahypa agza bolanymdan bäri ýöne hijiňiziň ýazgyňyzy göremokda:(. Baryňyz dilleşip dynç almaga gidenä dälsiňiz:). derman, arzyman, tapjangül....nirede barynyz. Gyzlar şu mowzugy biz üçin açdym. Öňem eşiden bolmagyňyz mümkin, Pygamberimiz Hz. Muhammet (s.a.w) sahabalarym gökdäki ýyldyzlar ýalydyr, olaryň haýsy birine tutunsanyz dogry ýola düşersiňiz diýýär. Yslam alymlary bize, özümize hasiýetlerini iň ýakyn hasaplan sahabalarymyzy durmuşymyza nusga edinmegimizi ündeýäler. Aşakda birnäçe hanym sahabalaryň atlaryny ýazaýyn, siz içinden ady boýunça ýa-da öňem özüňize ýakyn hasaplaýan sahabaňyzyň adyny saýlaň, olar barada köpüräk maglumatlar ýazsaňyza hasam gowy. Olaryň ýaşap geçen ýolaryny öwreneliň. Durmuşda bir situaciýa duçar bolamyzda meň sahabam näme ederdikä meň ýerimde bolan bolsady diýip şolary nusga alyp bilýäsdä özümize. Harmandali, derman, arzyman, tapjangul, akgul, shadyyanja, Cendrillon we beýleki gyz agzalar haýsymyz haýsy hanym sahaba meňzeýäkäk? Mendärä birazajyk gaharjaňlyk bilen gaýduwsyzlyk bar :P, käwagt özümi mamla bilsem kakam bilenem jedelleşip bilýän. Hanym sahabalardan Hz. Hafsa walidemiz şoň ýaly eken, calt gaharlanýan eken Pygamberimiz bilenem jedelleşýän gezekleri bolupdyr. Rasullaha garşy gelýän ekeniň diýip kakasy oňa bir gezek käýinipdirem:) Pygamberimiz (s.a.w) ynsany we syýasy sebäplerden bir näçe nikalary bardyr. Pygamberimiziň (s.a.w) hanymlary şol bir wagtda bütin musulmanlaryň enesidirler. Olar: 1. Hz. Hatije (Hz. Hatije-i Kübra) (r.anha) 2. Hz. Sewde Bint-i Zem`a (r.anha) (käbir çeşmelerde ady Sûde Bint-i Zem'a) 3. Hz. Äşe (Hz. Ayşe-i Siddikiye) (r.anha) 4. Hz. Hafsa (r.anha) 5. Hz. Zeyneb Bint-i Huzeyme (r.anha) 6. Hz. Ümm-i Seleme (r.anha) 7. Hz. Zeyneb Bint-i Cahş (r.anha) 8. Hz. Ümm-i Habibe (r.anha) 9. Hz. Cuveyriye Bint-i Haris (r.anha) 10. Hz. Reyhane (r.anha) 11. Hz. Mariye (r.anha) 12. Hz. Safiye Bint-i Hayy (r.anha) 13. Meymune bint-i Haris (r.anha) Pygamberimiziň (s.a.w) gyzlary: 1. Hz. Fatıma (r.anha) 2. Hz. Rukiyye (r.anha) 3. Hz. Ümmü Gülsum (r.anha) 4. Hz. Zeynep (r.anha) Pygamberimiziň (s.a.w) agtyklary: 1. Hz. Emame Bint-i Ebi'l As (r.anha) 2. Hz. Zeynep Bint-i Ali b.Ebî Tâlib (r.anha) Pygamberimiziň (s.a.w) eje we kaka tarapdan daýzalary: 1. Hz. Erva Binti Abdülmüttalib (r.anha) 2. Hz. Halide binti Esved (r.anha) 3. Hz. Safiyye Binti Abdülmuttalib (r.anha) 4. Hz. Ümmü Haram (r.anha)
Hanym sahabalar
-
jankaka
16 years ago
- kop sag bolun agayunus uyamyz ellerinize guller bitsin nesipbolsa dowamynam yazarsynz ins bizem elimizdengelenkomekleriederis kabir cesmeleri terjime etmekde durmak yokyola dowam diyipdirler mowzugunuzy begendim
-
ata
16 years ago
- men hanym sahabalar barada kän maglumata eýe däl, ony hanym agzalar gowy bilýän ýaly görünýär.
Men aýratyn mowzuklar halynda, erkek sahabalar barada maglumatlar goýmakçy, enşallah, ýagny, has tanymal we maglumatlary köp bolan sahabalaryňkyny aýratyn, az maglumatly sahabalar barada bolsa hemmesi üçin 1 mowzuk diýen ýaly.
Mowzuk bn baglanşykda öňki görnüşinde az-owlak bir zatlar ýazypdym, gerekli görsem, bärik ýene goýaryn-da!
PS: Galamyň/eliň/ýazgyň ötgür bolsun, Agaýunus! Allah senden razy bolsun!
-
cendrillon
16 years ago
- Agayunus,yazgylaryn kabir yerde gozume ildi,begendim,yene bir gyz agza kopeldi.
gepimiz alyshjaga menzeya.yazgy yazmak uchin bolsa mena harmandalin gelerine garashyp yordum,gorersin,dynch alyshdan taze guychler toplap gelendir,bir bat alsyn harmandali,son hich kime gezek berman yazar:):):)
(je plaisante,harmandali)
Bu tema barada: sahabalaryn hasiyetlerini bilemok kime menzeyanimi biler yaly;in hasiyeti yaramazyna menzeyandirin.
-
agayunus
16 years ago
- salam cendrillon. ýuwaş-ýuwaş köpelýäs özä:)
gepimiz alyshjaga menzeya
barymyzyň kökümiz birä, alyşman nirä gideli...meňä nesip bolsa baryňyz bilen alyşmakçy:) bärik birinji girip göremde meni gyzlaryň alçaklygy birem dury pikirleri özüne çekdi
bir bat alsyn harmandali,son hich kime gezek berman yazar
harmandali tüwelemelaý, ýazgylary super.
sahabalaryn hasiyetlerini bilemok kime menzeyanimi biler yaly;in hasiyeti yaramazyna menzeyandirin.
cendrillonjan, sahabalaryň hiçisiniňem yaramaz hasiýetleri yoga, bolan bolsady musulman bolmazlardy olar dogry dälmi. seň ýazgylaryňy okadyp, isleseň özüm çaklap seň hasiýedirägindäki bir hanym sahaba barada ýazaýynmy?
-
cendrillon
16 years ago
- agayunus,yaz hany,onson shol aydan sahaban "omri-doredijiligini" ovrenerin;bolmasa kop olar,hemmesi barada okasym gelenok.
-
Harmandali
16 years ago
- Buuuuuuuw okayancham kimim kimdigi yadymdan chykyp gitdi :( Ay mena hich birine-de menzamok oydyan. Olaryn barysy tertipli diyen ediji bolupdyrlar men bolsa asla beyle dal. Men dashymdan gormage akyllyja gyza menzeyan bolsamam bilemokda mende onun yaly gyza mahsus boyun egiji, ejizlik, mahirlilik, gulak asyjylyk hasiyetler dashyrajykda.
Agayunus sen gynanma gyzlar barik gelenok diyip ine gelerlerler basym barysy. Ozallar menem koplench yekeje ozum galyadym. Tapjangul bilen Akgul shu wagt Tm-da nesip bolsa gelerler yone Akgul tmolympiada kop gelya. Ine Cendrillon hem gelipdir. Dermanam ishlirajik oydyan Shadyyanja bolsa okuwy bilen bashagay bolaymasa, men Mylayym joramam basym geler.
-
Harmandali
16 years ago
- Buuuuuuuw okayancham kimim kimdigi yadymdan chykyp gitdi :( Ay mena hich birine-de menzamok oydyan. Olaryn barysy tertipli diyen ediji bolupdyrlar men bolsa asla beyle dal. Men dashymdan gormage akyllyja gyza menzeyan bolsamam bilemokda mende onun yaly gyza mahsus boyun egiji, ejizlik, mahirlilik, gulak asyjylyk hasiyetler dashyrajykda.
Agayunus sen gynanma gyzlar barik gelenok diyip ine gelerlerler basym barysy. Ozallar menem koplench yekeje ozum galyadym. Tapjangul bilen Akgul shu wagt Tm-da nesip bolsa gelerler yone Akgul tmolympiada kop gelya. Ine Cendrillon hem gelipdir. Dermanam ishlirajik oydyan Shadyyanja bolsa okuwy bilen bashagay bolaymasa, men Mylayym joramam basym geler.
-
agayunus
16 years ago
seň ýazgylaryňy okadyp
Ýazgylaryňy okadym diýjekdim:)
Siz üçin şu hanym sahabany saýladym: Hz. Safiyye Binti Abdülmuttalib (r.anha)
Hazret-i safiyye (r.anha) rasulallah (s.a.w) efendimizin söýgüli halasydyr (çärjewde hala-kakanyň aýal dogany). kakasy abdülmuttalib, ejesi hale bint-i wehb bolupdyr. hz. Hamzanyň (r.a) gyz jigisi, hz. Zubeyriň (r.a) ejesi...ilkinji musulmanlardan...batyr we gaýduwsyz* hanym sahaba. Elinde gylyjy bilen söweşe gatnaşan ilkinji musulman hanym.
Hz. Safiýýe ýegeni söýgüli pygamberimizi örän gowy görer eken. Oňa kiçiliginden bäri seredip ene mähri bilen bagryna basypdyr, ejesiniň ýoklygyny bildirmändir. Pygamberimiziň gelejekde adamlaryň arasynda möhüm hyzmat derejesine eýe boljagyny aňyp ulalmagyny sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr.
Mekke`de dost duşman diýmän hemme kişi pygamberimizi örän gowy görüpdir, oňa çäksiz ynam bildiripdirler. Kureýşliler tarapyndan oňa "Muhammedü'l-Emîn"* lakamy berilipdir.
Aradan ýyllar geçýär. Hz. Safiýeniň ýegenine pygamberlik derejesi berilýär. Pygamberimiz (s.a.w) adamlary yslama çagyrmaga başlaýar. Allah`dan “Ilki iň ýakyn garyndaşlaryňy duýdyr. Saňa uýan musulmanlara ýumuşak bol” (Şuâra Sûresi 214-215 aýaty) inýär. Mundan soň pygamberimiz ähli garyndaşlaryny toplap : “Eý Kureýş mähellesi! Özüňizi ataşdan halas ediň! Eň haşimogullary! Eý abdülmuttalib ogullary! Özüňizi ataşdan halas ediň! Eý muhammediň gyzy fatma! Eý abdülmuttalibiň gyzy safiýýe! Özüňi ataşdan halas et! Men size Allah`dan geljek bir belanyň öňini alyp bilmerin, ýöne mende bolan islän zadyňyzy soraberiň. ” diýýär.
Hz. Safiýýe ogly zübeýr bilen birlikde hiç ätiýaç edmän yslamy kabul edipdirler. Pygamberimize uly goldaw beripdirler. Hz. Safiýýe dogany ebu-lehebiň hem musulman bolmagy üçin ençe gaýratlar görkezipdir. Kaderiň geňligine seret, hz. Safiýýe yslam ugruna jan bermäge taýýar, dogany ebu-leheb bolsa yslam duşmanlarynyň öňini çeken adam bolupdyr.
Hz. Safiýýe berk kadaly ene bolupdyr. Çagalarynyň terbiýesine uly üns beripdir. Çagalaryna söýgisini we mährini kem etmändir, emma welin gerek ýerinde olara gaşyny çytyp gulaklaryny çekipdir. Çünki terbiýe berk düzgün, üns we jogapkärçiligi talap edýär. Hz. Safiýýe ogly hz. Zubeýri peygamberimiziň hawarisi (yardamçysy) bolup biljek derejede terbiýeläp ýetişdirip bilen enedir.
Hz. Safiýýe (r.anha) yslam ugrunda hiç bir zatdan gaýra durmandyr. Jany we maly bilen özüni yslama bagşeden Örän tutanýerli*, batyr we gaýduwsyz hanym sahaba bolupdyr.
Bir gün pygamberimiz uhud söweşine gitmezinden öň ähli aýal-gyzlary, çagalary medinede iň beýik we berk bolan Hassan İbni Sâbit'in köşgüne ýerleşdiripdir. Hassanyň özüni hem kemli, urşa gatnaşyp bilmeýän yaşuly bolany üçin olaryň arasynda galdyrypdyr. Urşyň gyzgalaňly wagty bir müşrik pursatyny peýläp köşge tarap dyrmyşyp başlapdyr. Muny gören hz. Safiýýe hassana olary gorap müşrigi öldürmegini soraýar, hassan bir müşrige garşy duryp biljek güýji bolsa şu wagt şu ýerde däl-de eýsem pygamberimiz bilen söweşde boljagyny aýdypdyr. Ýagdaýy boýnuna alan hz. Safiýýe eline äpet taýagy alyp gapa tarap ýönelýär. Gapyny çalaja açyp taýagy bilen içerik girmek isleýän müşrigiň depesine berýär. Darba çydaman çaşan müşrik özünden gidişi ýalam şol ýerde jan berýär. Hz. Safiýýe köşgiň depesinden musulmanlaryň ýeňilip barýanlaryny görüp bir eline naýzany bir eline-de gylyjy alyp ýanynda bir näçe başga-da musulman hanymlary bilen söweşe tarap gitýärler. Jeňe girip girmänkä Birinji bilen yegeni hz. Muhammet (s.a.w) ýagdaýyny soraýar. Onuň sagdygyny emma dogany hz. Hamzanyň şehit bolandygyny öwrenýär. Gahar-gazap bilen doganynyň aryny almak üçin söweşiň içine özüni urýar, şehit bolan doganynyň jesedini görmek isleýärdi. Halasyny gören pygamberimiz hz. Zubeýre ejesini yza döndirmegini tabşyrýar. Hz. Zubeýr pygamberimiziň aýdanlaryny ejesine ýetirýär, hz. Safiýýe doganynyň jesedini görkezmek islenmeýänligini aňyp nä derejededigini çaklaýar. Allah`a sygynyp uly sabyr bilen ogluna:”eger maňa doganymyň jesedini görkezmeýän bolsaňyz diýmek ol kesilip parçalanmyşdyr. Doganym Allah ugranda bu ýagdaýa sezewar boldy, mundan uly dereje bolup bilmez. Biz Allah ugranda mundan has beterlerine hem razydyrys. Enşallah sabyr bilen sogabyny Allah`dan garaşaryn ” diýýär. Mundan soňra oňa doganynyň jesedini görmäge rugsat edilýär. Agzalary kesilip parça-parça edilen dogany hz. Hamzanyň başynda sessiz sessiz gözýaşlaryny göwnüne akytýar. Uly sabyr bilen biribara sygynyp İnnâ lillâh ve innâ ileyhi râciûn-biz Allah`yň gullary we barymyz o`ňa gaýdyp bararys mealindäki bakara süresi, 156 aýatyny okaýar.
Hz. Safiýýe (r.anha) pygamberimiziň ölüminden 10 ýyl soň, hz. Ömer (r.a) halyfalygy wagtynda 73 ýaşlarynda bu dünýäden aýrylýar.
Tutanýerlilik=metanet (Sağlamlık. Kavilik. Sözünden ve kararından dönmemeklik. İnsanın, fikrinde sabır, azminde kavi ve akidesinde rüsuh sahibi olması. (Mukabili zaaf'dır) (Hak, iman ve İslâmiyet uğrunda metanet göstermek, çok kıymetli bir seciyyedir.)
Gaýduwsyz= Şecaat (Şecaatli bir kimse hak için canını fedâ eder. Vazifesi olmayan işe karışmaz)
Emîn=iň ynamdar
-
agayunus
16 years ago
- cendrillon, siz şuny okap görüň. soň nä dereje men sizi ýazgylaryňyz boýunça tanadymkam aýdarsyňyz, okeymi:)
-
ata
16 years ago
- aý, telpek, wiý, börügaý saňa, Agaýunus!
Allah senden we okaýanlardan razy bolsun we okalan hanym sahabalaryň kämil iman we aýratynlyklaryny size-de rowa görsün!
Dowamyna garaşýas!
-
agayunus
16 years ago
Allah senden we okaýanlardan razy bolsun we okalan hanym sahabalaryň kämil iman we aýratynlyklaryny size-de rowa görsün!
amin
Dowamyna garaşýas!
-
agayunus
16 years ago
- harmandali adyň eýesi bolsaňa tüýs hanym sahabalaryň hasiýedi bar sende...çünki o döwürde musulman bolmak aýratyn gaýduwsyzlygy gerekdiripdir, müşrikler(musulmançylygy kabul etmedik ýerli halk) kimiň musulman bolandygyny eşitseler olary gynap agyr jezalara sezewar edipdirler. hany ertir swejiy kelle bilen Hz. nesibe hatunyň (r.anha) ömrüni terjime edeýin...göreli, tüýs harmandali bolsaň seň hanym sahabaň şol bolaýmasa:)
-
ata
16 years ago
aslynda men bu temany hoshowazyň ýazgysyny okamdan soň ýazmaga karar berdim, şoň üçin o ýerde ýazan jogabymyň kopýasyny bärigem goýýan.
görýän welin menem biriniň mowzygyny okaman zat ýazyp bilemok öýtýän, aý ökdelärinlaý menem bir gün
agayunus | 2008-09-05 05:10:43
ha-ha, "kösenýäs, ýöne alyp çykarys!" diýýäň-dä :)
Neme, mowzukdan daşary welin, 1-2 zat soramakçy:
1- Şu mowzukdaky ýazgylaryňy www.yslam.info sahypasynyň "sahabalar" bölümi üçin ulanyp bilerinmi?!
2- Özüňi senem peseldýän ekeniň azda-kände :)
Ýöne "...bäri barada kän bilemok, ökdelärin-dä.." diýseňem, bärini gowy bilýän birine meňzeýärsiň. Maňa galsa-ha, öňki agzalardan biridir-le diýesim gelýär. Nädip ýa kim arkaly tapyp ýörsüň bärini?!
-
agayunus
16 years ago
- ata aga,
1-ýazgylarymy ulanyberiň welin käbir ýerlerine özüňiz serenjam berersiňizdä. türkçeden terjime edip alamsoň bulaşyk ýerleri bolup biler.
2-namaý meni indi sözde tutjak bolýaňyzmy ýa göwnümemi(şaka):P başda aljyrap iki-üç gezek goýberen ýazgylarymy görmänsiňiz öýtýän bir bada öwrenişmedimä men, näme ýazjagymam bilmedim. men ýöne akyllyja, gören zadymy derrew öwrenäýýändä:P meni öňki agzalardan kimdir öýdeniňizä bilmedim welin, men bärik täze geldim, çynym:D. bu site-nyň bir agzasy reklama etdi bärini, gir pikirleriňi ýaz diýdi welin bir bada giresim gelmedi. öňem tmolympiad.org-da agzalygym bardy, oňa köpden bäri giremokdym, aý muňa-da köp giresim ýokla diýip agza bolmajak boldym, ýöne bir ýazgy ünsimi çekdi. harmandaliniň "yzyňa gara düşmek keseli" diýen ýazgysyny okap pikirimi ýazasym geldi, soň gelaýt bir ýazgam ýazaýyn diýdim şeýdibem öwrenşip gitdimdä. ýazgy ýazmak, sitata goýmak zadam ýene-de siziň ýazgylaryňyzy okap öwrendim. bir ýerdärä harmandali arzymana düşindiripdir nädip sitata alynyşyny men hem şondan öwrendim. başga zatlarda-da meni şu ýerik getiren agza kömek etdi, şeýdibem gadymy agzalar ýalak bolup derrew öwrenşip gitdimdä:)
-
agayunus
16 years ago
- teşekkürler abi, arayiş içindekiler için degerli bir kaynaklar.
hasan abi, ana sayfada sizin kiymetli yazilarinizi görmek istiyoruz. yazilariniz çok güzel ve biz gençler için çok gerekli.
yaziyi ana sayfaya göndermek çok kolay, bakin sag kenarda yukarida ýazgy ýaz yazili. oraya tiklayin, genişçe bir alana yazinizi yazin, hemen aşagisinda yazinin konusu yazilir, en aşagisinda ise google-da aratmak için yazinizla ilgili bir iki kelime yazip gönder manasynda(şu an hatirlamiyorum) bir şey yazili ona basarak yazinizi ana sayfaya gönderebilirsiniz. abi yazilarinizi dört gözle bekliyorum, eminim şu mübarek ayda bize sunabileceginiz çok bilgilere sahipsinizdir.
-
ata
16 years ago
- hmm, Agaýunus, rugsat bereniň üçin minnetdar, jigim!
Gyzyklandym kimiň getirenini :)
Wajyp däl-le, ýöne güýçli birini getiren eken kimem bolsa!
Bäh, "köpi gören" diýjekdim welin, öňem ýalňyş pikir edişleri ýaly, senem şeýdersiň öýdüp, diýjek däl :)
Garaz, jahankeşde ynsanlar, köp okaýanlar, ynsanlaryň tejribelerinden peýdalanýanlar daýow bolýar-da pikir babada! Senem şolara meňzeýäň - Dünýäni (tm-ni:aşgabat, daşoguz, lebap, balkan we mary)syyahat edýänlerdenmiň ýa syýahat etdirýänlerden :)
-
agayunus
16 years ago
- bäh ata aga ýaman manyly-manyly ýazypsyňyzla, tmolympiad.org-da jogapkärdigiňizi agayunus ady bilen agza bolamda bilip galdym. öň agzakam kän üns bermändirin. agza bolaňda e-mail adres ýazylýar, şondan bildiňiz gerek...? aý bolýa-da, başga-da näme çaklamalaryňyz bar bolsa haýyş özüňizde galaýsynda. ben bu siteye "kafa dagitmaya" geldim, zaten bundan sonra çok giremeyecegim gibi, bilemiyorum. işim degişti, inetde olamicam pek. bakicaz inşallah, hayirlisi...ýene türkçe gitdi:D
neme, ata aga, konuyu kaynatmayalim lütfen:D:P
harmandali senden ses-seda ýokla, elim degen wagty hz.nesibe hatun(r.anha) hanym sahaba barada ýazaryn okey? cendrillion ekemiziň işi köp öýtýän görünenok welin
-
ata
16 years ago
- hmm, bolýar, bäri hanym sahabalara degişli mowzuk, goý, şoňa laýyklykda maglumatlar goýulsyn. Men bolsa, başga bir degişli mowzugymy aktiw edip goýbereýin soňky ýazgy kä bölegi boýunça!
-
Harmandali
16 years ago
Elinde gylyjy bilen söweşe gatnaşan ilkinji musulman hanym.
Hehe Cendrillon eline dash alyp birinin manlayyna dondurjak bolup duran gyza menzeyamay :) Hehe terjimehaly gowja eken. Ady owadan ekenlay Safiyye.
Agayunus mana-da onda birini ozun tapaymasan. Hmmmm Harmandali adyna mynasyp bolyan wagtlarymam bolya in bolmanda shona gora-ha boljak bolyan :) hemishe bashardanok kabir yadaylarda gaty ejizleyan.
Men hem Ata agamyz yaly sana onki agzalardan birimikan diyyan. Yone oglan dalsinda… diyip uyt edyan. Birem eger barde yazmagy birhili gormesen mail adresyny beray eger birhili gorsen onda ziyany yok.
-
agayunus
16 years ago
- harmandali sen tmolympiad.org-da agzamyň. agza bolsaň o ýerdäki adyňy beräý, saňa P.m ibereýin. bolmasa-da sen maňa hat ýaz, o ýerde de adym agayunus. agza däl bolsaň meň üçin iki muntlyk agza bolaý:D
-
agayunus
16 years ago
- tamam abi, sabirsizlikla bekliyoruz.
harmandali men seni tmolympdan tapmadym:( iň gowysy sen maňa ýazaýsana, garaşýan.
-
cendrillon
16 years ago
- agayunus,azap edip terjime edenin uchin sag bol,bir bahana bilen gyzykly zat okadym;
agayunus,sen garabek tarapdanmy,shol yerlerde ozunden uly ayal-gyzlara "eke" diyyaler.
-
ata
16 years ago
harmandali men seni tmolympdan tapmadym iň gowysy sen maňa ýazaýsana, garaşýan.agayunus | 2008-09-09 03:46:47
,
aşakdaky linki ulan!
http://www.talyplar.com/2939-talyplarcom-1-yash-toy.html#jogap-38719
-
CeriumOxide
16 years ago
Hmmmm Harmandali adyna mynasyp bolyan wagtlarymam bolya in bolmanda shona gora-ha boljak bolyan
Harmandali | 2008-09-09 02:02:11
Görogly bilen uruşyp görjekmi?!
Klasyňyzda näçinji şefdiň?
-
agayunus
16 years ago
Cendrillon eline dash alyp birinin manlayyna dondurjak bolup duran gyza menzeyamay
men beýle diýjek bolmadyma:( cendrillion-y gowy tanamoga, diňeje ýazgylaryna görä saýlap ýazdymda. durmuşda tejribeli, sabyrly, anlaýyşly(hemme ýagdaýy düşünmek bilen kabul edip bilýän), bir zadyň berk subutnamasyny talap edyän biri hökminde gördüm cindrillion-y.
1-Agzalary kesilip parça-parça edilen dogany hz. Hamzanyň başynda sessiz sessiz gözýaşlaryny göwnüne akytýar. Uly sabyr bilen biribara sygynyp İnnâ lillâh ve innâ ileyhi râciûn-biz Allah`yň gullary we barymyz o`ňa gaýdyp bararys mealindäki bakara süresi, 156 aýatyny okaýar
2-Hz. Safiýýe berk kadaly ene bolupdyr. Çagalarynyň terbiýesine uly üns beripdir. Çagalaryna söýgisini we mährini kem etmändir, emma welin gerek ýerinde olara gaşyny çytyp gulaklaryny çekipdir. Çünki terbiýe berk düzgün, üns we jogapkärçiligi talap edýär
cindrillion siziň başga-da has gowy häsiýetleriňiz bardyr, eminim. inşallah özümçe saýlan şu hanymsahabamyň ömür tejribesindenem size bir peýdasy deger.
agayunus,sen garabek tarapdanmy,shol yerlerde ozunden uly ayal-gyzlara "eke" diyyaler
ärsary gyzlarynyň terbiýesini gowy görýän, özüm teke. järjewli we garabek tarapdan joralarym köp, başga welaýatlardanam...hemmesiniň içinden halan sözlerimi ýatlap galýanda "eke" diýmegem gowy görýän "apa" diýmegem. maral apa diýip bir tanyşym bar, tüweleme, şeýle bir adamlar bar welin, hem özüni hem-de tiresini şeýle bir söýdirýär. umumana türkmenistanyň her künjeginden tanyşlarym bar(aýnan bolýa diýýä:P), indär-ä türkmenistanyň hem jäginden çykdyk öýtýän tanyşlar boýunça:)
-
agayunus
16 years ago
aşakdaky linki ulan!
sagboluň ata aga, habarlaşdym harmandali bilen.
-
mylayym
16 years ago
- oho barde gyzlar uyshyan ekena, men kime calaja menzeyankam:)
-
agayunus
16 years ago
- salam mylayym. sen iň krutoýyna meňzeýänsiň ;)
-
syyasat1111
16 years ago
- Tuweleme Sulary okap diyyan Turkmen gelin gyzlarymyzdada ruhy dunyalerinde osusleri amal asyryp bilyanler kop ekeni Insallah sogaby hemmade yeter YONE name ucindir yzyny birazajyk bulasdyrayyarlarda Ona muna uryarlar Sualry bir kitap edip yada yazga gecirip bolmayamykan Seyle edilse has hep kop peydasy degayjek yaly hemmeler ucin nahili maslahat
-
mylayym
16 years ago
Sualry bir kitap edip yada yazga gecirip bolmayamykan Seyle edilse has hep kop peydasy degayjek yaly hemmeler ucin nahili maslahat
nesip bolsa Alla yol berse bir gun kitap bolup hem cykar, yone yzynyn kommentleri gerek dal bolsa yslam.info, diyip Ata aganyn gowyja sayty bar shol yerde tapy bilersin
salam mylayym. sen iň krutoýyna meňzeýänsiň
ewway birinji gezek eshidyanay mana beyle diyyanlerini, nireden beyle pikir doreday agayunus?:)
-
ata
16 years ago
- diýseň-diýmeseň, şu agayunus öňki güýçli gyz agzalardan birimikä diýýän :)
agzalar barada şeýle oňat bilýär, ýöne bilinmejek bolýan birine çalym edýär, bäh, kimkän-aýt :))
Syr bolmasa özi aýtmazmyka :)
-
ata
16 years ago
- wiý, mylaýym, jigim, minnetdar.
Men sahypamyza köpden bäri maglumat goýamok.
Gurban baýramy gelmäkä "gurban" barada maglumatlar goýmakçy, ondan öň şu ýerde we özümdäki sahabalary saýhallapjyk, goýaýmasa, enşallah!
-
agayunus
16 years ago
ewway birinji gezek eshidyanay mana beyle diyyanlerini, nireden beyle pikir doreday agayunus?
nämä geň görýäň, wiý...harmandalinin jorasy dälmi näme sen:D
agzalar barada şeýle oňat bilýär, ýöne bilinmejek bolýan birine çalym edýär, bäh, kimkän-aýt
adamlar men sahypaňyzyň täze agzasy how, ynanaýyňaaa:( psihologiýany gowy görýän, siziň hemmäňize diňeje ýazgylaňyz boýunça baha berýän, ýalňyşýan bolup bilerin. ondan öň sizi tanamoga.
Syr bolmasa özi aýtmazmyka
-
agayunus
16 years ago
- wiý mylayym, ertirki palawdan maňa-da goýuňdyr paýymy, sürpriz edip baraýmagymam mümkin üstüňize:D:P harmandaliň üstüne bir halta salam ýükläp ugradandyryn, alaberiň:D
-
ata
16 years ago
- bäh, onsoň özüň haýsy hanym sahaba meňzeýäň özüňe görä :)
hmm, daýow-a daýow diýmeli, HTTU-ny gutarana we daýow hanym sahabalara çalym edip duran daýow joralaryň bara meňzeýärsiň onda:)
-
mylayym
16 years ago
- gelsene agayunus gayrat et sagat 5lere bilyansina nirededigini, birden barde aydayma dashyndan gelen bolar palow az yeter biza:))))
-
agayunus
16 years ago
- ata aga men özümkini iň birinji ýazypdyma...biz pahyryň ýazylanlary okalanogammy ýa:(...duýgu sömürüsü:D
daýow-a daýow diýmeli, HTTU-ny gutarana we daýow hanym sahabalara çalym edip duran daýow joralaryň bara meňzeýärsiň onda
daýawlardana däl, ýöne suwlaryna daşap berýäs...diliň bilen aýdylmasa-da ýazgylar, gürleýişler satyp durandyrla biziň niräni gutaranymyzy:)
-
agayunus
16 years ago
birden barde aydayma dashyndan gelen bolar palow az yeter
aýtmaryn arkaýyn bolaý...gaty barasyma gelýä welin bilemokda..aýman sürpriz etsem diýip pikir etdim welin, realno seretsek baryp bilmek mümkinçiligim 10% :(:(:(
-
ata
16 years ago
- hawa, okapdym, men bir garry adam, derrew ýatdan çykýar, bagyşla, jigim :)
hawa-laý, ýazgylaryň sen barada aýdyp dur:"Men pylany, men şu ýerde okadym, we ş.m."
:)
-
agayunus
16 years ago
hawa-laý, ýazgylaryň sen barada aýdyp dur:"Men pylany, men şu ýerde okadym, we ş.m."
mus, mus diýip durman mustafa diýip göýberiňdä...
-
agayunus
16 years ago
- ata aga millet ne güzelim bu konuyu kitap edip çykaraýyň zat diýýäler welin, konu konuluktan çikti gitdile:D
-
ata
16 years ago
- hmm, bolýar:"Mustafa!" :)
Ne gözel mowzugy has kän bulaşdyrmakam, çukaýyn bärden men :)
-
agayunus
16 years ago
hmm, bolýar:"Mustafa!"
ata aga baltkdan beter sypjyk ekeniňizow:D:P diýjek bolanyňyzy tamamlap gidiňdä bolanyna görä...kimmişim men...göni sahypa ýazyberiň arkaýyn
Ne gözel mowzugy has kän bulaşdyrmakam, çukaýyn bärden men
-
agayunus
16 years ago
baltkdan-balykdan
-
ata
16 years ago
- ýazjak däl, hmm, bolýar, gysgaça:
diňeje imanly, amally, bilimli, şähdaçyk, pespäl, gözel ahlaga eýe bolan we ýetişen gyz diýeýin!
Öňem biri maňa:"Ata aga, teklip eden gyzlardan kabul edäýme!" diýip igeläpdi. Belki-de, meniň dostluk teklip edenimi pikir edendir, takyk biljek däl.
Ýöne indi men goýbolsun etmekçi, sebäbi, ýalňyş düşünilip bilinýär, ol, bu, şu ýa başgasy.
Wesselam!
-
agayunus
16 years ago
"Ata aga, teklip eden gyzlardan kabul edäýme!"
hiççç zada düşünmedim!!!
Ýöne indi men goýbolsun etmekçi, sebäbi, ýalňyş düşünilip bilinýär, ol, bu, şu ýa başgasy
on barmagym bilen goldaýan!!!
-
Harmandali
16 years ago
ärsary gyzlarynyň terbiýesini gowy görýän
Sheylemi :) Olaryn beyle name uytgeshikligi barka gyzyklandym?! Onem biri diyipdi weli sebabini bilip bilmedim. Mekdepde-de bashga yerde-de hemishe terbiye boyuncha saylayalar weli…
-
agayunus
16 years ago
Sheylemi Olaryn beyle name uytgeshikligi barka gyzyklandym
gapdalynda ýazandyryn...kabir adamlar hem özüni hem-de tiresini şeýle söýdirýä, diýip. bilmedimdä, tekeler bilen ýomutlar betden ýaman bolýalar, ärsarylar ýuwaş...elbet-de hemmesi däl, harmandali(sen däl, dessandaky hakykysy) ýaly betlerem bar:D
-
Harmandali
16 years ago
ärsarylar ýuwaş
Yuwash dal-de sypayy bolaymasa. Ol hem ozbeklerin tasiri bolmagy ahmal. Mena ozumi sypayy hasap edemok sypaychylyk diyilyan zady bilemok. Men gaty godek shu gunem 2 adamyn gownune degdim belki 3-dir
-
Komendant
16 years ago
- Tire gürrüňini goýsaňyzlaň. Ýogsam baryňyz maňa aga diýmeli ))))
-
agayunus
16 years ago
shu gunem 2 adamyn gownune degdim belki 3-dir
göwün degilşikde meni geçesiň ýok...ýaman biderek häsiýedeý şu...bir zady halamasam içimde saklajak bolup duramok, nagt patlatýan...gyz maşgala birazajyk sypaýy bolmalylaý bolsada. töweregimize zyýanymyz köpeliberse gol tutuşypjyk gidibirsdä, hä onda, ikimiz?:D
-
agayunus
16 years ago
- harmandali shuny okap gor hany...hz. Pygamberimiz(s.a.w) dowrunde yslam ugruna sowesler kop bolupdyr. hanym sahabalar hem beyleki sahablarymyz yaly esasan bu soweslerde ozlerini belli edipdirler. hz. nesibe bint-i kab(r.anha) shol wagtky iki mohum soweslerin biri bolan uhud soweshine gatnashyp gahrymancylyk gorkezen hanym sahaba. onun asly medineli, nejjarogullaryndan. medinede nejjarogullary taypasynyn icinde birinji bolup yslamy kabul eden masgala hz. nesibenin masgalasy bolupdyr. olar: hz. hesibe(r.anha), adamsy hz.zeyd(r.a) we iki ogly abdullah bilen habib(r.anhu). hz. hesibe hatun adamsy hz. zeydin wepatyndan son Guzeyye İbni Amr bilen durmus guryar. bu adamsynda ogly tamim bilen gyzy hawle bolupdyr.
hz. nesibe hatun adamsy hz. zeyd we ogullary abdullah we habib bilen uhud sowesine gatnasypdyrlar. nesibe hatun yaralylaryn yarasyny danyp esgerlere suw dashap beripdir. sowes gyzyp bashlanynda eline gylyjyny alyp ogullary we adamsy bilen pygamberimizin towereginde sowesipdir. hic bir dusmanyn golayyna barmagyna yol bermandirler. pygamberimiz (s.a.w) nesibe hatunyn ogly abdullahyn golunyn yaralananyny gorup "yarany sar" diyip yuzlendi. nesibe-hatun oglunyn yarasyny saryp "hany, tur oglym sowese dowam edeli" diyyar. muny esiden pygamberimiz "ey umm-i umare(nesibe-hatunyn umare adndaky ogly bolup shon ucin dakylan lakam diyilip aydylyar) senin cekenlerini basgalar cekip cydap bilermidiler" diyyar. hz. nesibe hatun (r.anha) sowesde hem yaralylaryn yarasyna seredip esgerlere suw dagytdy hem-de yeri gelende eline gylyc alyp dusmanlar bilen sowesdi. ibni kamia adyndaky bir dusmanyn pygamberimizi oldurmek niyeti bilen ona tarap baryandygyny goren hz. nesibe eli gylycly bu dusmanyn atynyn onune gecip ona hujum etmage baslayar, shonun ucin pygamber efendimiz "sowesde nirime seretsem umm-i umare, umm-i umareni gordum" diyyar.
hz. nesibe hatun(r.anha) uhud sowesinde 12-13 yerinden yaralanypdyr. in agyr yarasy bolsa shol atly dushmanyn onune gecip hujim edende boynundan alan yarasy bolupdyr. pygamber efendimiz ogly abdullaha enesinin yarasyny sarmagyny tabshyrdy we sheyle dileg etti: "masgala agzalarynyzy Alla-tagala mubarek eylesin, ejenin derejesi shu shu kishilerden has yokarydyr, Allah sizin hemmaniza rahmet eylesin!". sahabalar Allanyn soyguli guly we habibim diyip yuzlenen yeke-tak rasuli hz. peygamberimizin (s.a.w) dileglerini almak ucin jan we bash bilen sowesipdirler. sowesin dowamlylygynda hz. nesibe hatun pygamberimize yuzlenip ozleri ucin Alla`dan dileg etmegini sorapdyr, shol wagt pygamberimiz hz. nesibe hatun we masgalasy ucin sheyle dileg edipdir:"Allah`ym bulary jennetde mana gonsy we dost eyle!". Pygamberimizin dilegini alan hz.nesibe hatun "indi mana bu dunyade nahili bela gelse tapawudy yok, unsume dal" diyyar.
bir gun pygamberimiz (s.a.w) hz. nesibenin oyune zyyarata baryar. hz. nesibe hatun derrew sacak yazyp myhmana hezzet-hormat edyar. pygamberimiz nesibe hatuna yuzlenip, "gel senem iy" diyyar. nesibe hatun "menin agzym bekli, ya rasullah" diyip jogap beripdir. shonda pygamberimiz (s.a.w) "agzy bekli birinin yanynda nahar iyilen wagty, ta sacak yygnalyanca melekler yanynda oturyp orazaly kishi ucin doga-dileg ederler" diyyar.
hz. nesibe hatunyn esasy ayratynlygy, onun guycli imanydyr, cagalary ugrundaky enelik mahrinin mowc urmagyna garshyn ol cagalarynyn hicisini hic wagt Allah yolundakly soweshlerden alyp goymandyr.
hz. umm-i umare nesibe bint-i kab hacan aradan cykanlygy takyk bilinmeyar, medine ilinde aradan cykyp baky gabrysanlygyna jaylanandyr. yatan yeri yagty, jayy jennet bolsun! Cenab-ı hak’tan şefaatlerini niyaz ederiz (amin)
-
ata
16 years ago
- eliň-ýüzüň dert görmesin, jigim, Allah senden razy bolsun we has köp hyzmatlar etdirsin bu babatda. Seni hem hz. Nesibe hatyn (r.anha) ýaly hanym sahabalryň hataryna goşsun we ahyretde pygamberimize goňşy etsin maşgalaňyzy hem-de Juma güni Allahyň Jemalyna muşdak/seredýän bendelerinden eýlesin!
Mowzuk barada:
hz. Nesibe hatyn (r.anha) barada şeýle iýilýär, ýokarda ýok ekeni bu waka:
Uhud söweşinde ýaraly sahabalaryň ýaralaryny sarmak we olara suw bermegiň daşynda, gerek wagty eline gylyç alyp, pygamberimizi duşmanlaryndan goranlygy hem beýan edilipdir. Şol söweşde kapyrlardan biri musulmanlara dowul atýar:"Hz.Muhammed(SAW) öldi!" diýip. Şonda Nesibe hatyn her ýeri elek edip, gözläp başlaýar pygamberimizi. Oňa gözläp ýörkäler:
- Seniň äriň öldi!
- Maňa Resulallahdan habar beriň!
- Seniň ogullaryň öldi!
- Maňa Resulallahdan habar beriň!
- Seniň kakaň öldi!
- Maňa Resulallahdan habar beriň! - diýýär. Ony (SAW) diri tapan wagty bolsa, Allaha şükür edýär we many taýdan şeýle diýýär:"Enem-atam saňa pida bolsun, eý, Allahyň ilçisi! Seni diri tutan Allaha hamd/şükürler bolsun! Indi ölsem gaýgy etmerin!"
Beýle ululyga bu we öňki asyrlarda, hatda, mundan soňky asyrlarda geljek zenanlaryň, hatda, umumy ynsanlaryň aglabasynyň düşünip bilmejegini pikir edýärin, özümem olaň başynda.
Pikir edip gör, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, kakaňyz, ýanýoldaşyňyz bir günde wepat edýärler, olary alada etmän, pygamberimizi alada edýr. Kim muny edip bilerkä aramyzdan?!
Bilmedim, men-ä şu ýagdaýa teý düşünip bilemok. Dilim bn diýen bolýan welin, hakykatda, näçe mukdada şeýle bolarka?!
Garaz, Allah şeýle beýin zenanlardan razy bolsun we bizi sözüň doly manysy bn olary görelde almagymyzy dilesin! Ämin!
-
agayunus
16 years ago
bizi sözüň doly manysy bn olary görelde almagymyzy dilesin! Ämin!
amin, amin, amin...olaryn imanlaryna hayran galaymaly...gurrun berilya welin erteki yaly yone hakykatda yasapdyrlara...adamyn edenini adam eder diyyaler welin, bularyn yasaysy yaly yasaymak gaty kyn. sahabalaryn yuregindaki imany, erki bizin hemmamize nesip etsin!
-
ata
16 years ago
- bu asyrda-da şolar ýaly ýaşaýan ynsanlar ýok däl, ýöne olara-da düşünmek kyn.
Maşgalasy , öýi bar, ýöne öýüniň ýoluny unudan, gyzynyň/oglunyň adyny ýadyndan çykaran. Baýlygy bar, ýöne Allah ýolunda baryny harjan/sowan/sarp(infak) eden. Ömür boýy "kira"da oturan we ş.m.
Garaz, örän kyn, men-ä doly kabullanyp bilemok şol ýagdaýy, ýagny, güýjüm ýetenok.
Öýlenmeli, jaý almaly, işlemeli, Allah ýolunda amal etmeli we ş.m.
Nebse, aýratynam, baýlyk taýdan agyr gelýän zatlar bar. Kämahal şu zatlary pikir edip, men-ä ýaman kösenýän. Ýokardaky sahabalara seredýäň welin, olaryň beýle dertleri hiç ýok ýaly.
Hawa, ýokarda-da ýazylyşy ýaly: bize-de şolaryňky ýaly berk iman, güýçli sabyr, tutanýerli erk we egsilmez haýyr amal bersin!
Ämin!
agayunus 16 years ago- aslynda men bu temany hoshowazyň ýazgysyny okamdan soň ýazmaga karar berdim, şoň üçin o ýerde ýazan jogabymyň kopýasyny bärigem goýýan.
görýän welin menem biriniň mowzygyny okaman zat ýazyp bilemok öýtýän, aý ökdelärinlaý menem bir gün:P
hz.hafsa bint-i ömer
Hazret-i Hafza radyýallahu anha Hz. Ömeriň (r.a) gyzy. Bilimli we medeniýetli, erki kuwwatly sadyk bir yslam hanym sahabasy. Üçünji hijri ýylda Rasullahyň (s.a.w) maşgala agzalaryna goşulyp musulmanlaryň enesi bolma bagtyýarlygyna erişdi. Hz. Hafsa (r.anha) mekkede, pygamberlik gelmezden bäş ýyl öň eneden dogulýar. Kakasy yslam taryhynda adalaty bilen at gazanan ikinji halife hz. Ömerdir (r.a), ejesi zeýnep bint-i maz`un (r.a) (osman ibni maz`unyň gyz jigisi).
Hz. Hafsa mekkede kakasy bilen birlikde musulman boldy. Ashabdan huneýs ibni huzafe bilen durmush gurdy. Ilk musulmanlar hatarynda ýer alan bu iki bagtyýarlar ilki habeşistana sonra-da medinä hijret etdiler. Hz. Hafsanyň adamsy hz. Huneýs Bedir we uhud söweşlerine gahrymanlarça gatnaşýar. Uhud söweşinde agyr ýaralanýar we medinä dönüşde ýolda şehadet şerbetini ýudumlaýar(aradan çykýar). O döwürde dul galan aýallar wagt geçirilmän başy täzeden bogulsa gowy görülipdir. Hz. Ömer hem dul galan gyzynyň ykbalyny haýyrly bir ýanýoldaşa baglamak isläpdir. Şu niyet bilen aýaly aradan çykyp dul galan hz. Osmanyň ýanyna barypdyr. Hz. Osmandan makul sözüni eşitmedik hz. Ömer, hz. Ebu-bekiriň ýanyna barýar emma o-da oňa razylygyny beremeýär. Iki dostundan hem göwni ýykylan hz. Ömer pygamberimiziň ýanyna barýar we ýagdaýyny düşündirýär. Pygamberimiz (s.a.w) ýylgyryp hz. Ömere şeýle jogap berýär: eý ömer! Hafsa osmandan, osman bolsa hafsadan has haýyrly biri bilen durmuş gurar, diýýär. Muny duýan hz. Ömer geňgalyjylyk bilen pygamberimize seredip, osmandan haýyrly kime durmuşa çykararyn gyzymy diýip pikir edýär. Birnäçe günden soň pygamberimiz hz. Ömeriň gyzy hz. Hafsa üçin gudaçylyga barýar. Hz. Ömere: sen gyzyňy maňa nikahla menem gyzym ümmi gülsümi osmana nikahlarym diýýär we hz. Hafsa bilen nikalarynyň allanyň dergähinde gyýylandygyny buşlaýar.
Hz. Hafsa (r.anha) ýaradylyş häsiyedi boýunça biraz jelally birisi bolupdyr. Hz. Äşe enemiz o barada şeýle diýýär: hafsa hakyky öz kakasynyň hasiýedini alan gyzdyr, kuwwatly erkli we tutanýerlidir.
Birgün rasullah efendimiz hafsa enemiziň ýanynda hudeýbiýede biat eden sahabasyny ýatlap, inşallah hudeýbiýede biat eden sahabam jähenneme girmez diýýär. Hz. Hafsa: içiňizde o ýere ugramajak hiç bir kişi ýokdyr, bu rabbiň berk hökümidir (merýem suresi, 71 aýat) okaýar. Efendimiz muňa jogap edip: soňra biz allah`dan ätiýaç edenleri halas ederis, zalymlary bolsa o ýerde dyza çökmiş halda taşlarys (merýem suresi, 72 aýat) okaýar.
Hz. Hafsa enemiz ybadadyna bagly bolup köp nafile namaz okar we agyz beklär eken. Beýleki musulman enelerimiz ýaly garyplyk içinde ýaşapdyr. Ýatmak üçin ýekeje şiltesi bolupdyr. tomusyna ony aşagyna seripdir, gyşyna bolsa arasyna girip ýatar eken. Iýmäge bir döwüm çörek tapmaýan wagtlary bolupdyr, emma ol şonda-da hiç wagt halyndan şykaýatçy bolmandyr. Mydama şükür içinde ýaşapdyr.
Hijretiň 45-nji ýylynda Hz. Muaviyeniň halifeligi wagtynda 60 ýaşynda aradan çykypdyr. Jenaza namazy Medineniň valisi Mervan İbni Hakem tarapyndan okadylypdyr. Cenab-ı hak’tan şefaatlerini niyaz ederiz (amin)