Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ýakynda bir habar aldym. 2001 Buzmeyin (Abadan) Türkmen-Türk Mekdebiniň uçurymy bolan, soňam Türkiýäniň ODTU(Orta Dogu Teknik Uniwersiteti – METU) uniwersitetiň Gaz we nebit inženerçiligi bölüminde okap, iň oňat orunlardan birine mynasyp hökmünde uçurym bolan we derrew Türkmenistana gidip, Çalyk Enerjide işe başlan hem-de geçen aýyň soňky hepdesi (25-nji Iýul öýdýän) öýlenen Amangeldi Mammetöwezow 3 Awgustda awariýa sebäpli, amanadyny(ruhyny) Allaha tabşyryp, bakyýete göçdi. “Şehit hökmünde wepat etdi” diýlibem beýan edildi. Aşakdaky onuň suraty: Onuň maşgalasyna, dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna, aýratynam, 10 günlük ýanýoldaşyna Biribardan güýçli sabyr dileýärin! Merhuma bolsa, Allah rehmet etsin! Hakykyky şehitlik mertebesini bersin! Jaýyny hem jennet etsin! Onuň işlän ýeri bolan Çalyk Enerji, Insan Kaynaklari Müdürlügünin bildiren taziyesinde (baş saglygy bildirişi, teselli) türkçe şeýle diýlen ekeni:

Türkmenistan YSH Projesinde görevli Sondaj Mühendisimiz Amangeldi MAMEDOVEZOV, 3 Ağustos 2008 tarihinde geçirmiş olduğu elim trafik kazası sonucu Hakkın rahmetine kavuşmuştur. Cenaze bugün (Türkmenistan saati ile) saat 10:00’da Yaşlıktan kalkmıştır. 6 Ağustos 2008-Çarşamba, 10 Ağustos 2008- Pazar günü merhumun duası Ahal wel. köy Yaşlyk: Magtymguly 16/2. adresindeki evinde okutulacaktır. Merhuma Allahtan Rahmet, yakınlarına ve sevenlerine sabır dileriz. Çalık Enerji İnsan Kaynakları Müdürlüğü
, Mümkinçiligi bolan agzadyr myhmanlarymyzdan haýyş: merhumyň ruhyna Fatiha (Alham) süresini okaýsaňyz!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir